Aýlanyp saz çalýan köçeme-köçe
millet içre restoranda barlarda
ýok men mes bolomok alşerap içip
ýok men minnet çekemok ynjyk ýarlardan
Men gedaý hiç kime elim seremok
men hudaý hiç kime edemok höküm
ýöne men saz çalýan yzyny üzmän
men saz çalýan şu dünýede parahat
Çal sazyny tarlaryny çipikläp
çal sazyny baýnadyp göz ýaşyny
goç üstüňden gülübersin süpükler
üns berme çal sazyňy ýaşlygym
Millet şerap süzýär sen gözüň süzýäň
millet arabaly a sen pyýada
ýöne sen saz çalýaň yzyny üzmän
sen saz çalýaň şu gowgaly dünýäde
Men dünýeden doýmadym doýurdylar deýýuslar
yşkyň täjin sypyrdylar başymdan
weýran bolmuş köne şowhunly ýurtlar
bir men galdym şol öňküje bolşumdan
Barly wagtym meýlis gurdum barymdan
ýoksul wagtym ýeke teňňä geçmedim
göwherdim men garaguma gardylar
derýadym men gurap galdym çeşmeden
Ýigrendiler aşa söýenim üçin
meýdimi öz yşkym bilen ýakdylar
gowgaly dünýeden gitjekdim gaçyp >2 gezek
a jennete göýbermedi sakçylar.
Sazanda
-
garayolly68
6 years ago
- Goshgy gowy
-
GaRa_TmyN
6 years ago
- "Men dünýäden doýmadym, doýurdylat deýýuslar"
Tanysh setirler... tanysh goshgy Dowlet Garkyna daldir awtory?!..
-
barcam
6 years ago
- Palwanyñ aydymyndan oydyan
-
Babaniyazow J
6 years ago
- Gowy
Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet 6 years ago- Gaty gowy, ýöne sazynyň sesi eşidilmändirdä.