Hususy habarçymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tälimçisi Garajaýew Çaryýar bilen söhbetdeş boldy.
Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenbaşy şäherinde köpçülikleýin medeni-sport çäreleri geçirildi. Ýagny, şu gün şanly baýramçylyga bagyşlanyp Medeni-Sport toplumda köpçülikleýin sport ýaryşlary hem-de dabaraly medeni çäreler gurnaldy. Bu çärä, Türkmenbaşy şäheriniň edara-kärhanalarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda sportuň küşt, şaşka ýaly görnüşleri, türkmen göreşi, ýaglyga towusmak, düzzüm we beýleki milli oýunlarmyz boýunça görkezilen çykyşlar has-da çekeleşikli we gyzgalaňly ýagdaýda geçdi. Dabarada watançylyk mowzugyndaky aýdymlaryň ýaňlanmagy, şahyrlaryň Watan, döwlet tugymyz, milli kanunçylygymyz baradaky goşgularynyň okalmagy çärä gatnaşýan bagtyýar raýatlaryň şatlygyny has hem artdyryp, olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Geçirlen sport çäreleriniň dowamynda türgenleriň berdaşly, sagdyn ruhybelent keşbini synlan raýatlar sportuň adamyň beden hem-de ruhy taýdan sagat bolmagyna neneňsi güýçli täsir edýändigine göz ýetirdiler.
Mähriban Watanmyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösmegine adam hukuklaryna esasy orun degişlidir. Ýurdymyzyň Konstitusiýasy her bir raýatyň azatlyklaryny we hukuklaryny kepillendirýär. Esasy Kanunymyz jemgyýetde asudalygy agzybirligi üpjün etmek bilen bir hatarda Demokratik hukuk, dünýewi düwletiň esaslaryny berkerar edýär. Esasy kanunymyzyň 4-nji maddasynda Türkmenistanda jemgyýetiň iň ýokary gymmatlylygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Döwlet her bir adamyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleri üpjün edýär, raýatyň janyny at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegirilmesizligini tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar diýlip, jaýdar bellenip geçilýär. Bu baýramçylyklaryň bilelikde bellenilmeginiň çuň manysy bardyr. Türkmen halkynyň berkerar we bagtyýar döwlet, agzybirlik we asudalyk baradaky arzuwlary mukaddeslikleriň ikisindede öz beýanyny tapýar.
Ýurdymyzda halkara derejesinde geçirilýän sport çäreleri, türgenlermiziň baýrakly orunlara yzgyderli mynasyp bolmaklary, watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende göterip, her bir raýatymyzyň watançylyk duýgusyny berkidýär. Ýurdumyzda adam saglygyny goramakda geçirilýän köpçülikleýin sport çärelerine uly-kiçi ähli raýatlarmyz meýletin ýagdaýda uly höwes bilen gatnaşýar. Men hem şu günki gün geçiriljek sport çäresine sabyrsyzlyk bilen garaşyp ir säher bilen baýramçylyk keýpinde geldim. Ir säherden bu ýere gelýän her bir raýatyň ýüzinde şatlykly ýylgyryşlar eziz Watanymyza bolan söýgi we buýsanjy görmek bolýar. Bu ýere gelýän her bir raýatyň mähir we güler ýüz bilen garşylanmagy guramaçylaryň ykjam taýarlyk görendiklerini aňladýar. Baýramçylyk dabarasynda ýeňji bolanlara baýraklar gowşurlyp, olara işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi. Geçirlen çäreler sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşyna özboluşly öwüşgin berdi.
Pursatdan peýdalanyp, ähli türkmen halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýüregimden gutlaýaryn we olara dünýädäki ähli gowluklary arzuw edýärin.!!!

Täzelikler, Ashykaydynpir tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir