Ýaşyl tugumyzyň mukaddes baýramy ýetip geldi. Ýaşaýşyň ýaşyl reňkini özüne baýdak edinen ýaşyl tugumyz, biziň buýsanjymyzdyr. Ondaky bäş sany haly gölüniň, bäş welaýatyň bäş dogan ýaly agzybirliginiň nyşanydygyny, ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşla çenli bilýär. Mukaddes tugumyzy başyna täç edinen Arkadagymyzyň, welaýatlarymyzyň merkezi şäherleriniň ählisinde, dünýä ülňülerine gabat gelýän äpet baýdak asylýan diňleri hem-de onuň daşyndaky meýdançany gurup beren bolsa, biziň Balkan welaýatymyzda iki sanysyny gurdurandygy bizi juda şatlandyrýar. Balkanabat şäherinde hem-de gözel Awazamyzda her gün depesi gök diräp al asmanda parlaýan ýaşyl tugumyzy görenimizde, biziň depämizi gök direýär. Asudalyk şemalyna erkin pasyrdap duran tugumyz ruhumyza ruh goşup, parahat Watanymyza söýgümizi, buýsanjymyzy artdyrýar. Her bir ýetişen türkmen ýigidi, Watan öňündäki gulluk borjuna girişmezden öň, ýaşyl tugumyzy üç mertebe öpüp, soňra üç mertebe togap edip, watanymyza, halkymyza, Hormatly Prezidentimize, ýaşyl Tugumyza wepaly boljakdygyna, soňky demine çenli olary gorajakdygyna Kasam edýär. Kasamyna wepaly türkmen ilim, ýaşyl Tugumyzyň mukaddes baýramy bilen siziň ähliňizi tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Goý, asuda asmanyň astynda erkin parlaýan ýaşyl Tugumyz, parahat ýurdumyzyň waspyny dünýä ýaýyp dursun!

Täzelikler, Ashykaydynpir tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir