Türkmen ýigitlerniñ wasbyn ýetirsem
Gujurly-gaýratly ýigitlermiz bar
Wasp etmâne ejiz gelýâr setirlem
Müñ dürli hünârli ýigitlermiz bar

Dünýâñ çar künjinde ylymdan paýly
Agras hem abraýly, jigerde jaýly
Guýmagursak zehin, Hakdan serpaýly
Ylymly-bilimli ýigitlermiz bar

Barja bilenjesin halka ýetirýân
Hem-de il-günine şöhrat getirýân
Mydam Hakyñ huzurunda oturýan
Ýüzleri nurana ýigitlermiz bar

Ar-namysy baýdak edip göterýân
Ejizleri kynçylykdan gutarýan
Baran ýerlerinden baýrak getirýân
Maksada okgunly ýigitlermiz bar

Her demde Halygy ýadyna salýan
Eziz pederinden pentlerin alýan
Her bir görenlere görelde bolýan
Edepli-ekramly ýigitlermiz bar

Mârekâni gyzyl-gyrlym güldirýân
Öýkeliniñ öýkesini öldirýân
Şeýdip adamlara özin aldyrýan
Şadyýan,şahandaz ýigitlermiz bar

Bu gün hakykaty sözlese Gerçek
Diýýârler "Çyn ârler ýogaldy bir çak"
Pikir etme watan üçin jan berjek
Gara batyr kybap ýigitlermiz bar

Amannazarow Gerceknazar
Çeşme: gercek.simplesite.com

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir