Bir-biriňizden ýagşy bolsaňyz,
Gabrymda-da özge rahat küýsemen.
Haýra hossar, şere garşy bolsaňyz,
Zyýarat şol, görde köýmet küýsemen.

Käte ýanyp gezdim, käte tüsseläp,
Käte üşäp gezdim, käte yssylap.
Kä belentläp uçdum, käte pessaýlap,
Öz uçuşym, özge ganat küýsemen.

Bogulyp gezsem-de ýoluň çaňynda,
Egilip gezmedim adam öňünde.
Diňe Enem, Atam, Watan öňünde,
Üç büküldim, aýry kysmat küýsemen.

Söýüp gördüm, söýlüp gördüm dünýäde,
Kesewi dek köýüp gördüm dünýäde.
Arzuw atly gaçdy, ykbal pyýada,
Döz gelipdim, indem aňsat küýsemen.

Şeýdip ýöräp-ýöräp maksatly ýoldan,
Kuwwat gaçan güni ejizlän bilden.
Derman dilesem-de mähriban ilden,
Dilegçiläp ynsap, gaýrat küýsemen.

Biriniň ömründen kesip Ezraýyl,
Diýse: «On ýaş peşgeş bermäge taýyn!»
Diýerin: «Iýmändim-özgäniň paýyn,
Öz yrsgymdan başga owkat küýsemen!»

Bütin ömrümboýy setirler ýasap,
Almaly muzdumy etmedim hasap.
Şygrym okap, oýurgansa naýynsap,
Muzdum şodur, başga hiç zat küýsemen.

Kerräk bolsa – gulak bolsam adama,
Şerräk bolsa – ýürek bolsam adama,
Gerek bolsa – kömek bolsam adama,
Öwezine hüşür-zekat küýsemen.

Laureat, Gahryman atly bolsaňyz,
Şöhratymdyr siz şöhratly bolsaňyz.
Ýöne adam diýen atly bolsaňyz,
Şondan beýik abraý-şöhrat küýsemen.

Doglamda doguldym ak zada suwsap,
Ak süýde, aksakgal ussada suwsap.
Indi görüp ýörsem iň ak zat – ynsap,
Ynsapdan ýokarda ussat küýsemen.

Ýeri iňledip dur uruşly sowal,
Soradym toprakdan: – Niçik bor ahwal?
Diýdi: – Erkek erkek, aýal hem aýal,
Bolup bilse, başga myrat küýsemen!

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir