Awaza! Bu söz türkmen topragynyň ýeňşiniň, türkmen halkynyň täze taryhynyň hem-de bagtly ykbalynyň nyşanydyr. “Awaza” sözüniň özi biziň durmuşymyzyň täzelenişiniň çelgisidir. Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly “Awaza – ýagty täzelenişiň, Türkmenistanyň özgerişiniň, nurly geljeginiň, dünýä ýurtlary bilen aragatnaşygynyň güwänamasydyr”. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy türkmen topragynyň hakyky täsinligidir. Tebigatyň peşgeş beren bu jenneti mekany altynsow çägeli kenary, üýtgeşik deňiz gözelligi, ýumşak howasy bilen jana ýaramlydyr. Şeýle-de ekologik taýdan Hazar deňziň arassalygyny dünýä belli okeanlary öwreniji Žak Iw Kusto ýörite öwrenipdir. Hazar deňzi özüniň mikroelementleri we adam organizme ýaramlylygy bilen dünýä mälimdir.
11 ýyl mundan ozal Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk we dynç alyş zolagynyň açylyşyna badalga berdi. Türkmen döwletiniň ykdysadyýetiniň we saglygynyň ösmeginde bu syýahatçylyk we medeni dynç alyş zolagynyň uly ähmiýeti bardyr. Jahankeşde myhmanlar bu ýerde türkmen milli däp – dessurlary bilen garşylanýar. Muny şeýle sözler bilen aýtmak bolar: “Awaza” myhmanlaryny öz 5 ýyldyzly myhmanhanalarynda ýokary derejede kabul edýär. Awaza seýran edýän myhmanlar özlerini muzeýde gezip ýören ýaly duýýarlar. Bu ýerlerini görmäge göz gerek. Myhmanhanalar özleriniň içki gurluşy boýunça üýtgeşik we dürlüdirler. Myhmanlaryň wagtlaryny rahat we şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Hyzmat ediş toplumlarynyň görnüşleri: açyk we ýapyk howuzlar, konferens zallar, fitnes merkezleri, kafe we restoranlar, sagaldyşyň dürli bölümleri myhmanlara hyzmat edýärler.
“Daýanç” dynç alyş we sagaldyş merkezi Türkmenistanyň milli Kärdeşler Arkalaşygy geňeşiniň buýrmagy boýunça guruldy. Deňiz kenarynda ýerleşen ak mermerli bu bina çagalar üçin 280 orunlyk we 120 sany ulular üçin niýetlenendir. Bu ýerde dynç alýan ululara we çagalara ýokary derejede hyzmat edilýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçýän emeli derýa Awazanyň ähli gözelliklerini görmäge mümkinçilik berýär. Iki tarapy dynç alyş zolagy bilen gurşalan derýada syýahat etmek örän gyzyklydyr. Bu emeli derýada ýahtalar syýahat edýär, şeýle-de ol ýerde owadan bezelen restoranlar, kafeler we muzeý bar. Muzeýde adamlara täsir edýän adam duýgularyny geçmişe alyp gidýän gämiler kolleksiýasy, ýelkenli kiçi gämiler bu ýere gelenleri haýran galdyrýar. Awazada 70 görnüşli hyzmat ediş merkezleri bar. Şonuň hataryndaky sport toplumda woleýbol, tennis, basketbol we futbol oýnalýan uly meýdançalary bar.
Deňiz kenary gülzarlyga beslenip, beýhuş ediji gülleriň ysy bark urýar. Emeli derýanyň üstünde jemi 11 köpri bolup, olaryň 7-si ulaglar üçin, 4-si bolsa pyýadalar üçindir. Bu köprüleriň hersi aýratyn ähmiýete eýedir. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň esasy uly bölegi seýilgählerden ybarat bolup, howanyň adamlara ýaramly bolmagy üçin köp mukdarda dürli agaç nahallary we güller ekilýär. Bu seýilgählerde birnäçe ýurtlardan getirilen ösümlikler, köpsanly suw çüwdürimleri bu ýeriň gözelligine görk goşýar.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy gün-günden özgerip, öz gözelligini artdyryp, behişdi mekana meňzäp, Türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň arzuwyna öwrülýär. Halklaryň dostlugy we halkara gepleşikler üçin açyk bolan, myhmansöýer, gülleýan we gül açýan şäher, bu Awazadyr. Bu bagtly geljegimiziň nyşany bolan Awaza türkmen halkyna we daşary ýurtly myhmanlara gujak açýar. Milli Liderimiziň türkmen halkymyz üçin edýän aladalaryna sag bolsun aýdýarys, goý, ýurdumyz mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Sorag-jogap, Ashykaydynpir tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir