Türkmen we eýran halklarynyň arasyndaky gatnaşyk özüniň gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Halkymyz eýran halky bilen elmydama medeni we ykdysady gatnaşykda bolupdyr. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde has hem giňeýär. Türkmenistanyň we Eýranyň söwda-gatnaşyklary hemme taraplaýyn ösdürilýär.Bu bolsa iki goňşy halkyň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani eýran halkynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli, uzak möheltleýin, dostlukly gatnaşygyny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardygyny belleýär. Bu babatda Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça, şol sanda üstaşyr ulag düzümini, ýagny, Owgan-Eýran-Türkmenistan,Özbegistan geçelgesi arkaly giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliginiň bardygy bellenildi. Bu ýol ýük daşalşynyň artmagyna, onuň möçberniň ýokarlanmagyna uly ýardam berer. Iki halkyň nebit-gaz toplumynyň iki taraplaýyn hyzmatdaşlygynyň geljegi uly. Halkymyz elektrik energetika ulgamynda eýran halky bilen hyzmatdaşlygy berkidýär, şonuň bilen bir hatarda, Türkmenistandan elektrik energiýasyny we tebigy gazy satyn almagynyň möçberini artyrmaga, türkmen energiýa serişdelerini Eýran döwletiniň çäklerinden daşarky bazarlara geçirmäge mümkinçilikler bar.
Eýran döwleti bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyndaky gatnaşyklar, syýahatçylyk ugrundaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hasaplanylýar. Munuň özi iki goňşy ýurduň baý taryhy- medeni mirasy bilen baglanşyklydyr. Türkmenistan we Eýranyň işewür hyzmatdaşlygy durnukly ykdysady ösüşe we täze iş orunlarynyň artmagyna ýardam berer.
Bilim we tehnologiýa babatda hem gatnaşyklar aýratyň ähmiýete eýe bolýar. Parahatçylyga, dost-doganlyga, ysnyşykly goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýän halkymyzyň goňşy döwlet bolan Eýran yslam Respublikasy bilen ysnyşykly gatnaşyklarynyň dowamat-dowam boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.