Bahar paslynyň ajaýyp güni – 25-nji mart. Bu gün türkmen halkynyň durmuşynda ýatdan çykmajak şanly sene, syýasy waka body. Türkmenistanda giň bäsleşik esasynda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar geçirildi. Ol halkymyzyň bagtyýar geljegine, Watanymyzyň asudalygyna bolan ynamyny dabaralandyrdy.
Ir sagat 7-de Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen, çeper höwesjeňleriň aýdym-sazly çykyşlary esasynda ähli saýlaw uçastoklary giňden gapylaryny açdylar. Şu gun ses bermäge ilkinji gezek gatnaşýan ýaş saýlawçylara we hormatly ýaşululara ýädigärlik sowgatlary gowşuryldy.
Milli parlamentde, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz saýlawçylarynyň bähbitlerini goramak hukugyna – halkymyzyň arasynda uly hormatdan, ynamdan peýdalanýan adamlar dalaşgärlik etdiler. Olaryň arasynda oba zähmetkeşleri, döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň ödebaryjylary, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş pudaklarynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary bar.
Saýlawlar giň bäsleşik esasynda, demokratik we aýdyňlyk esasynda geçdi. Saýlawlara uly taýýarlyk görüldi. Welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 489-sy, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 2570-si, Geňeşleriň agzalygyna bolsa dalaşgärleriň 13 müň 215-si we syýasy partiýalardan we raýatlar toparlaryndan Mejlisiň deputatlygyna görkezilen dalaşgärleriň 284-si hasaba alyndy.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw okruglarynyň çäklerinde bar bolan saýlaw uçastoklarynyň hemmesi bellenen wagtda işe başlady.
Aşgabat şäherinde 299,Ahal welaýatynda 364,Balkan welaýatynda 272, Daşoguz welaýatynda 523, Lebap welaýatynda 559, Mary welaýatynda 548 saýlaw uçastogy hereket etdi. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna ses bermäge gatnaşmak üçin 3 million 291 müň 312 saýlawçy bellige alyndy.Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygna 3 million 271 müň 524 saýlawçy, Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar boýunça saýlawçylaryň 2 million 314 müň 679-sy bellige.
Saýlaw çäreleriniň barşyna gözegçiligi ähli saýlaw uçastoklaryndaky halkara we milli synçylar amala aşyrdylar.
Bu gezekki saýlawlaryň aýratynlygy birnäçe saýlaw uçastogynda jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň geçirilişine onlaýn arkaly syn edip bolanlygydyr. Isleg bildirýän adamlar Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýtynda saýlawlaryň geçişine syn edip bilýär.
Saýlawlaryň geçişine dünýäniň köp ýurtlarynda gyzyklanma bildirildi.
Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň beren maglumatyna görä, daşary ýurtda 19 müň 788-si bellige alyndy. Aşgabat wagty bilen19-a çenli jemi 16 müň 206 saýlawçy öz seslerini berdi.
Türkmenistanda saýlawlary sala salyşyklary geçirmek baradaky Mekezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan döwrüne, ýagny 19-a çenli saýlawçylaryň Mejlisiň deputatlyga saýlawlara 91,75 göterimi, Geňeşleriň agzalygyna saýlawlara 91,68 göterimi gatnaşdy.
Merkezi saýlaw toparyň beren maglumatlaryna laýykda, saýlawlar geçirildi diýip ykrar edildi.
Bu syýasy waka halkymyzyň her bir raýatynda ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrdy we ýurdumyzyň ajaýyp geljegine bolan ynamy has hem artdyrdy.