Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň mart aýynyň 25-ne ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Şol mynasybetli bu möhüm ähmiýetli çärä biziň döwletimizde giňden taýýarlyk görüldi. Şol gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlardan we beýleki döwletlerden bolan synçylaryň birnäçesi bizde myhmançylykda bolup, bu çäreleriñ geçirilşine syn etdiler.
Saýlawlar Türmenistanyň raýatlarynyň işjeň ýagdaýynda, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň üçüsiniň, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de raýatlar toparlarynyň hödürlän dalaşgärlerine öz seslerini berdiler.
Ata-babalarymyzyň “Aý dogsa, älem görer” diýişleri ýaly bu syýasy wakanyň aýanlyk şertlerini giň gerimde üpjün etmek maksady bilen döredilen saýlaw toparlary üç dilde, ýagny türkmen, rus, iňlis dillerinde raýatlara düşündiriş işlerini geçirip, raýatlaryň minnetdarlyklaryna mynasyp boldylar.