Çille dolar, kükräp-kükräp ýaz geler,
Nowruzyňda togsan tamam, Garagum.
Durna däldir, Gökden guruk ýaý geler
Ol ata-babamdan salam - Garagum.

Tozdurdym men sende çaryk-çokaýym,
Paý-pyýad agezip ojar tokaýyň.
Owsaryň ber, kerweniňi çekeýin,
Özgermişdir köne zaman, Garagum.

Gökde-bulut, ýerde baran gezendir,
Owsunjy selinler zülpün ezendir.
Hol näz edýän gyz kamatly sözendir,
Gören gözelligňe haýran, Garagum.

Çöl däldir, çaýkanyp ýatan ummandyr,
Däli ýele owsun urup durýandyr.
Oguz han kowmuna ýalňyz dermandyr,
Üç aý sende däli seýran, Garagum.

Çöküp otyr süri-süri düýeler,
Her birisi çölde gurlan öý olar.
Çapar deý alakjap gelýän tüweleý,
Bir pursatda dünýä ýaýrar, Garagum.

Böreň-böreň kak suwunda düýş görýä,
Bölek-bölek bulut-dowarlar barýa.
Goýnuňda tolkunyp tereň bir derýa
Syrylýar üstüňde nduman, Garagum

Sen asmanyň halatysyň, halysyň,
Rysgal-bereketsiň, maňyz-manysyň.
Türkmeniň egsilmez desterhanysyň-
Naz-u-nygmatyňa haýran,Garagum.

Saparmyrat Türkmenbaşy (Türkmen Ilim Aman Bolsun)

Edebiýat, acharsoz tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir