Paýhasly adamy nadandan nädip tapawutlandyrmaly
Günlerde bir gün okuwçy mugallymynyň ýanyna gelip şeýle diýipdir:
- Ýoldaş mugallym, parasatly adamy nadan adamdan nähili tapawutlanýar?
Güneşli ertir çagydy, mugallym gök çaý süzüp oturşyna pikir ummanyna gitýärdi. Birdenem okuwçysy üçin gutarylmadyk çaýyny taşlap, ony yzyna düşürip äkidýär. Mugallym okuwçysyny ýaňy-ýakynda opurlan dag gerşiniň etegine eltip, aşakda ýatan ululy-kiçili daşlary görkezýär. Hemem, şol daşlary dagyň depesine daşamagy buýurýar. Daşlar örän köpdi. Okuwçy ony uzak günläp daşady, mugallym bolsa bagyň kölegesinde oturyp kitap okaýardy. Görgüli oglanjyk örän ýadap, daş daşamasyny goýdy-da, mugallymynyň ýanyna geldi. Özüni bitiren işi üçin şadyýan halda şeýle diýdi:
- Ýoldaş mugallym, indi bilip bilerinmikäm soragymyň jogabyny?
- Ýok sen entek taýyn däl – diýip mugallym kellesini yralady.
- Onda şunça daşy ýokaryk daşamak nämä gerekdi? – diýip okuwçy nägileligini bildirdi.
- Ine – diýip mugallym süýem barmagyny görkezdi – Paýhasly adam şu soragy daş daşap başlamanka bererdi.
Daýhan we döwük traktor
Bir gün daýhanyň traktory döwlüpdir. Özüniň we goňşularynyň maşyny bejermäge eden synanyşyklary biderek bolupdyr. Ahyram daýhan traktor ussasyny çagyrypdyr. Ol ilki traktoryň ähli ýerini barlap gördi, soňundan bolsa çekiç alyp motoryna bir gezek urdyda ony herekede getirdi. Haçanda ussa eden işi üçin hasap ýazylýan kagyzyny görkezende daýhan geň galyp:
- Ýekeje urgy üçin 100 manat alýaňmy?-diýip soranda, ussa:
- Dostum, çekiç bilen ýekeje urgy üçin 1-je manat soraýan, galan 99 manat bolsa meniň zehinim, bilimim üçin. Hut bilimim netijesinde men nirä urmalysyny we şoňa ýekeje urgynyň ýeterlikdigini bilýän.
>
Garryja gojanyň aýaly öýde öý mesgesini ýasaýardy. Ýaşuly goja her gün şol mesgeden ýakynyndaky dükana äkidip satýardy we şeýdip gün-güzeranlaryny görýärdiler. Dükandaky satyjy ýaşulynyň getirýän mesgelerini ölçemän (çekmän) alyp galýardy.
Bir gün ýaşuly dükandan çykyp gidensoň, satyjy mesgäni terezä goýdy. Görse mesge 900 gram gelip dur eken. Satyjy gaty gaharlandy. Ertesi gün elindäki mesgesi bilen ýaşuly dükana girdi. Satyjy erbet bakyşlar bilen ýaşula seredip:
— Mundan soň mesgesini senden aljakdäl, diýdi.
Garry goja gynanyp:
— Bir ýalňyş iş etdimmi? Näme sebäpden beýle diýdiň?
Satyjy:
— Seniň maňa getiren mesgäňi ölçedim 900 gram geldi. Eden zadyň utanç dämi?
Ýaşuly utanyp başyny aşak egip:
— Bagyşlaň, biziň terezimizde ölçeg daşy ýok. Sizden 1 kg şeker alypdyk. Ölçeg daşy hökmünde şony ulanýas, diýipdir.
Satyjy utanjyndan näme diýjegini bilmedi.
Kime nähili agramda gadyr görkezseň, şol agramda-da gadyr görersiň.
Garga we totyguşyň ikisi hem betnyşan ýaradylandyr. Totugyş garşy çykýar we gözelleşýär. Ýöne garga ýaradanyň razylygyndan begenip şol durşuna galýar. Bu gün totyguş kapasada, garga bolsa erkin...
Her bir hadysaň arkasynda şeýle bir hikmet bardyr welin, belki sen oňa hiç wagt düşünmersiň.
Bu ýagdaýda...
Hiç wagt Ýaradana diýme
“Näme üçin!!!?”
çeşme: Internetden alynan