Bir ýurduň patyşasynyň pälwanlykda, atarmanlykda, çaparmanlykda, görk-görmekde öňüne erkek göbeklerini geçirmeýän bir ogly bar eken. Onuň adyna Syýahat diýer ekenler. Günlerde bir gün, Syýahat ýigit ýetipdir. Ol dädesiniň köşgüne baryp: – Däde, adym Syýahat bolsa-da, gören-bilen ýurdum ýok. Ýigit çykdym. Rugsat berseň syýahata ugrajak – diýipdir. Dädesi ýeke ogul bolansoň, şunça göýbermejek bolupdyr. Ogly etmändir. Ahyry oglunyň gerek-ýarak harjyny taýýar edip, ýola salypdyr. Goý, Syýahat ýoly külterläp gidibersin. Habary Köneürgençden alalyň.
Şol wagt Köneürgenç uly ýurt eken. Han ýerinde hany, beg ýerinde begi, daýhan ýerinde daýhany bar eken. Hemme zady tükel bu ýurduň bir ýetmezi bar eken. Her ýyl altmyş-ýetmiş adam ýurtdan gürüm-jürüm bolýan eken. Ol adamlaryň nirä ýitirim bolýanyny hiç kim bilmez eken. Bir güni syýahata ugran Syýahat Köneürgenje gelipdir. Görse owadan şäher. Ol köçeme-köçe aýlanyp çykypdyr. Emma şeýle owadan şäherde erkana gülüp-oýnap ýören adama gözi düşmändir. Syýahat munuň sebäbini adamlardan sorapdyr. Olar: – Her ýyl altmyş-ýetmiş adam ýitýär. Sebäbini bilýän ýok – diýip, jogap beripdirler.
Syýahat göwni päk, kalby arassa ýigitdi. Syýahat etmegini bes edip, ýitýän adamlaryň sebäbini bilmek üçin şol ýerde galypdyr. Her gün köçeme-köçe aýlanypdyr. Bir ýerde deşik, köne gala bolsa aýlanyp çykypdyr. «Agtaran – tapar» diýen söz bar. Bir gün Syýahat şäheriň çetinde aýlanyp ýörkä, deşikden bir aždarhanyň çykanyny görüpdir-de, bukulyp «Indi näderkä…» diýip, oturyberipdir. Aždarha bolsa bir silkinip gyz bolupdyr. Gyz oýnap-gülüp, keýpden çykandan soň, ýene bir silkinip, aždarha öwrülip deşige girip gidipdir. Syýahat şäheriň ähli adamlaryny aždarhanyň çykan deşiginiň agzyna ýygnapdyr. Olara: – Meni şu deşikden sallaň – diýipdir.
Syýahat deşikden aşak düşüp görse, ýeriň aşagy uly bir galamyş. Bir jaýyň içinde bir gyz oturan eken. Onuň beýle ýanynda aždarha uklap ýatan eken. Gyz Syýahaty görüp, gaty gorkupdyr. Ol: – Bu ýere janly-jandar gelyän däldir. At gelse toýnakdan, guş gelse ganatdan, adam gelse kelleden aýrylýandyr. Sen bu ýere nädip düşdüň? Aždarha oýansa, seni iýer. Oýanmanka şu ýerden git – diýip özelenipdir. Gyzyň beýle aglanyny görmedik ýigit. Oňa dözmän uklap ýatan aždarhanyň kellesini pyzlawyk kädä dönderipdir. Gyz oglanyň batyrlygyny görüp, janlanypdyr.
Ol: – Sen aždarhanyň urkaçysyny öldürdiň. Erkegi daşarda gezip ýör. Ony hem öldür - diýipdir. Syýahat şol gün ýeriň aşagynda galyp, erkek aždarhanyň gelerine garaşypdyr. Aždarha ertesi gelipdir. Syýahat onuňam kellesini gele-gelmäne pyzlawuk kädä dönderipdir. Iki aždarha ölenden soň gyz arkaýyn bolup, Syýahata aždarhanyň hazynalaryny görkezipdir. Aždarhalaryň ýeriň aşagynda kyrk sany hazynaly jaýy bar eken. Syýahat gyzy ýeriň aşagynda goýup, öldüren aždarhalaryndan iki kemerlik tasma alyp ýokary çykypdyr. Köneürgenjiň adamlary Syýahata uly hormat goýupdyr. Ýurduň patyşasy tagtyny oňa beripdir.
Syýahat ýurduň iň gowy ussalaryny çagyryp, aždarhanyň şol eýelän deşiginiň üstünde uly minara saldyrypdyr. Aždarhanyň ýanyndaky gyz hüýr-peri gyz eken. Syýahat uly toý tutup, ony özüne aýal edip alypdyr. Oňa: – Bu şäher seniň şaheriň. Aždarhadan alan mal-mülküm hem seniňki. Şäher seniň adyňa Hüýr Genji bolsun! – diýipdir. Şondan soň, kem-kemden «Hüýr Genç», «Ürgenç» bolupdyr. Syýahat bolsa adyl patyşa bolypdyr. Syýahat Köneürgenji dädesiniň ýurduna birleşdirip, uzak ýyl bagtly ömür sürüpdirler.