Mukan kagan
Höküm sürdi: 553-572 ý.ý.
Özünden öñ: Gara kagan
Özünden soñ: Taspar kagan
Ogullary: Töremen, Apa kagan
Aýal(lar)y: Aşina Ýañsu Tigin.
Hanedan: Aşina
Kakasy: Bumyn kagan
Ölümi: 572.
Dini: Tañryçylyk
Mukan kagan, Muhan kagan ýa-da Bagan kagan görnüşinde ady saklanyp galypdyr. (Hytaýça: múgän kêhàn) Gündogar Göktürk kaganlygynyñ kagany (553-572) Bumyn kaganyñ ogly we Yssyk kaganyñ (Gara. k.) jigsi.
552-nji ýylda Orta Aziýa sähralygynda syýasy ýagdaýlar bulaşykdy. Göktürkler Jüjenleri ýeñip sähralykdaky oturumlylary dargatdy.
Bumyn kaganyñ hem şol wagtlar aradan çykmagy Göktürkleriñ ýagdaýyny kynlaşdyrdy. Bumynyñ kiçi jigsi Istemi Ýabgu bolsa günbatarda höküm sürýärdi. Mukan hem halkyñ başyna geçdi. Täze durulan döwleti goramak üçin halka gödek we gaty çemeleşdi. Gündogarda güýçlenmäge başlan Kitany syndyryp Göktürk hökümdarlygyny berkitdi. Mukan kagan döwründe döwlet ajap eýýamyny ýaşady. Çu Şu Çyn-Maçyn (hytaý) ýyl ýazgylaryna görä Mokan kagan haýbatly, ýüzi giñ we gyzyl reñkli, gözleri gök aýna ýaly, etjek işlerini gowy bilen, gerek ýerinde başarnyky, emma kä wagtlar syýasaty gödek ýörden şahsyýet bolupdyr.
Juwan-juwanlaryñ (Jüjen) üstüne zarba üstüne zarba urýar we 555-nji ýylda Çyn Maçynyñ Tsi (Çi) topraklaryna aýak ädenleri hem jezalandyryp, Juwan juwanlary ýok edipdir. Soñky ýyl (556) gündogarda Kitanlylary demirgazykda Gyrgyzlary Göktürk häkimýetine baglanyşdyrdy. Tsi (Çi) hanedanyny basyp aldy, Istemi Ýabgunyñ çozuşlary üçin Çyn Maçyndan (Hytaý) kömek soran Ak Hun döwletine we Mawerannahryñ arkasynda durdy.
586-njy ýylda Şansidäki Tsi paýtagtyny Tsin-Ýañy bina etdi we çyn-maçyn imperatory Mukan kaganyñ gyzyna öýlendi. Mokan kaganyñ gyzy Hytaý imperatoryna durmuşa çykmak bilen kakasynyñ ýurduny baýatdy. Mukan kagan Istemi Ýabgu bilen birlike täze gurulan Göktürk kaganlygyny dolandyrdy.
Çeşme:
Ethno cultural Dictionary, TÜRIK BITIG L.N. GUMILÝEW. Gadymy Türkler.
Terjime eden: Peşeñ ogly Afrasyýap