A gyz neçün daşa dönüp dymýarsyň ?
Belli karar belli jogap bolmazmy ?
Sözle janym,niçik oýa çümýärsiň ?
Habarlaşmak asylly däp bolmazmy ?
Goşa mertlik gerek yşka baş ursaň,
Göwnüm galar syryň menden ýaşyrsaň,
Beýdip näzlim nazaryňdan düşürseň,
Aşygyň örtenip kebap bolmazmy ?
Diňleseň çak boldy diňle gyz sesim,
Arzuwym dünýäm sen,belent höwesim,
Seniň gyzgyn mähriň,meniň yhlasym,
Jana-jan bolmaga sebäp bolmazmy ?
Aýtmaga uýalsaň sözleriň bile,
Gysmyljyrap güler ýüzleriň bile,
Her dem öpüp ala gözleriň bile,
Göwnümi awlasaň sogap bolmazmy ?
Söýmekden başga meň näme ýazygym,
Bir ýylgyrşyň bolar bir ýyl azygym.
Ah,şonam köp görýäň maňa näzigim,
Goňşy gyz heý sende ynsap bolmazmy ?
Aman Annamyradow
Bolmazmy
-
Barbary
6 years ago
- Lalehan şol şahyr baradaky mowzukdan.
Şahyryň çagalara we ulylara niýetlenen 10-a golaý kitaby çap edilýär.1989-njy ýylyň Noýabr aýynyň 13-ne Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginiň agzasy bolýar. Şahyryň goşgularynyň aglaba bölegi Maýagözeli wasp edilýär. Şahyryň "Seni küýsedim","Ýadyňda sakla","Dilden ogrynça","Sen otursaň ýanymda" « Bilbil menden, gül senden », « Mekanym» ýaly 10-larça goşgularyny aýdym edip ýerine ýetirdiler we ýetirýärler. Zehinli şahyr Aman Annamyradow 37 ýyl düşekde ýatyp. 1991-nji ýylyň 7-nji Noýabrda aradan çykýar. Şahyryň "Seni küýsedim" diýen goşgusy esasynda klip edip çykarypdyrlar, şon-da şahyryň kynçylykly we döredijilikli geçen ömür ýoluny ynandyryjy we tolgundurjy beýan edipdirler. Şahyryň entek çap edilmedik goşgylary hem okyjylara garaşýar. Şahyryň hormatyna oba mekdebinde onuň ömüri we döredijiligine bagyşlanan muzeý hem döredilipdir.
Lalehan 6 years ago- Ol şahyr öñ hiç eşitmändim, siz bilýäñizmi?