Istemi kagan

(Günbatar Göktürki Ýabgusy)
Höküm sürdi: 553-576 ý. ý.
Özünden soñ: Tardu kagan
Ogullary: Tardu, Türk Şad, Kakim.
Dinastiýasy: Aşina.
Kakasy: Aşina Tuwu
Dini: Tañryçylyk

Istemi Ýabgunyñ dogulan ýyly belli däl, ýöne 576-njy ýyla çenli ýaşap geçendigi hakynda aýdyp bileris. Ol Göktürki kaganlygyny binýat eden Bumyn Kaganyñ jigsi, kagan, ýabgu we onuñ ilçisidi. Bumyn kaganyñ ýanynda kaganatyñ günbatar taraplaryny dolandyrma astynda alan şahsyýetdir.
Istemi Ýabgu Wizantiýa hökümdarlygyny we Sasani hökümdarlygy bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrypdyr. Istemi kagan hakynda Wizantiýa arhiwlerinde saklanyp galypdyr. Wizantiýalylar tarapyndan ''Stembis Dizaboulus'' diýlip ady tutulýar eken.
Juwan-juwanlaryñ häkimýeti astyndaky Göktürkiler Bumyn kaganyñ baştutanlygynda gozgalañ turuzýarlar. Şeýlelikde 552-nji ýylda garaşsyzlygyny gazanyp Göktürki kaganlygyny gurýarlar. Şondan soñ Istemi kagan kaganatyñ Günbatar taraplaryny dolandyrýar we soñlugy bilen Günbatar Göktürki kaganatyny gurýar.
Göktürki kaganlygynyñ gysga döwürde güýçlenmeginde onuñ uly roly bardyr. Hytaýa ýörüşler edipdir. Buhara söweşi bilen Akhunlaryñ elindäki Ýüpek Ýoluny eýelemek üçin Sasaniler bilen birleşdiler. Bu birleşik bolsa soñlugy bilen Akhunlaryñ gowşamagyna we synmagyna getiripdir.
Soñra Sasanileriñ Ýüpek ýoluna göz gyzdyrmagy netijesinde Wizantiýa hökümdarlygy bilen birleşýär we Sasanileri kyn günde goýýarlar. Bu bolsa Araplaryñ güýçlenmegine getiripdir.
Güýçli Türki Ýabgusy Istemi Ýabgusynyñ döwründe döwletiñ serhetu giñäpdir. 576-njy ýylda Istemi kaganyñ ölümi bilen ýerine ogly Tardu geçipdir. Emma onuñ döwründe hökümdarlygy dolandyrmak kyn bolupdyr. Içki göreşleriñ ýitileşmegi, düşünişmezlikler netijesinde hökümdarlyk ikä bölünýär (582 ý).
Döwletde oturan wagty öz agasyna hormat görkezip oña wepaly bolupdyr. Taryhda ilkinji sapar Türki sözüni öz adynda ýazga geçirdýär. Göktürk kaganlygy ölüminden soñ öñki güýjini ýitirýär.
Istemi Ýabgu hakynda Kül Tigin ýazgysynda şeýle ýazgy bar:
''Ýokarda Gök Asman, astymyzdaky Ýer ýaradylanda, ikisiniñ aralygynda adam ogly ýaradyldy. Adam oglunyñ dowamaty bilen ejdadym Bumyn kagan, Istemi kagan oturupdyr. Oturup Türki milletini, ilini, töresini tutdy, düzgüne saldy. Dört tarapyndaky milletleri eýeledi, tabyn etdi. Kellelä baş egdirdi, aýaklylary dyza çökdürdi. Gündogarda Kadyrgan tokaýlygyna çenli, günbatarda Demir gapa çenli eýeledi. Ikisiniñ arasynda Göktürk ýerleşýärdi''. Istemi sözi Göktürki türkçesinde ''Atalaryñ ruhy'' diýen manyny berýär.

Afrasyýap Turanly

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir