Bumyn kagan

Göktürki kaganlygynyñ ilkinji hany (Illig kagan)
Höküm sürdi: Iýun 552 ý. ㅡ mart 553 ý.
Özünden soñ: Yssyk kagan
Aýal(lar)y: Çañla
Perzent(ler)i: Yssyk kagan, Mukan kagan, Tapar kagan, Böri kagan.
Asly: Aşina asylly türkmen hany
Kakasy: Aşina Tuwu
Doguldy: 490-njy ýyl
Ölümi: Mart 553. Suýaby
Dini: Tañryçylyk
Bumyn kagan (Gadymy türkiçe: Bumïn kagan [1] ýa-da Illig kagan) Türk ady bilen gurulan ilkinji döwlet bolan Göktürki kaganlygynyñ gurujusy(552)[2].
Bumyn kagan Juwan-juwanlaryñ (Jüjen) agalygynyñ astynda [3], käbir alymlaryñ pikiriçe federatiw birleşmede ýaşan [4][5].
Türki toparynyñ baştutanydy. Oña Bilahare Tumen ''On müñ başy'' lakamy berilipdir. Hytaýda 534-nji ýylda höküm sürmäge başlan Günbatar Tabgaç (G.b. Weý) döwletiniñ serhetlerini basyp alyp[7] 542-nji ýylda [8] Sary derýasynyñ ýakynlarynda ýerleşipdirler[9].
545-nji ýylda Günbatar Tabgaç döwletiniñ baştutany Ýüwen Taýi söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin Kuküwanly (Chiu-chüan) bir sogdy asylly (An No Panto (An Nuopanto) Nanai-Banda, asly Buharaly[10] ny ilçi hökmünde ugradýar[11][12]. Günbatar Tabgaç bilen ilkinji gezek şertnama baglaşdy[13][14]. Şondan soñky ýyl Bumyn Günbatar Weýe ilçi ugradyp harçlar ýaly goş-golamlary berýär[15][16].
546-njy ýylda Juwan-juwanlara garşy çykan Tölesleriñ (Tiýeleler) gozgalañyny basyp ýatyrdy we olary boýun egdirdi[17]. Juwan-juwanyñ kaganynyñ gyzyna öýlenmek üçin töwella ugradýar. Hytaýyñ hronologik kitaplaryna görä Juwan-juwan kagany Ana Kuei (Anahuan) eken. Ol Bumyna ilçi iberip ''Señ ýaly demirçi gulum, meñ gyzym üçin nädip söz aýtmaga het edip biler[18]?'' diýýär. Şeýlelikde onuñ töwellasy red edildi[5][19]. Bumyn kagan gaty gaharlanyp ilçisini öldürip goýberdi. Hytaýyñ taryhy çeşmelerinden agtarylmagyna görä Göktürkiler Juwan-juwanlaryñ agalygy astynda işlän ''Demirçi gullar'' (tuannu) [20][21][22][23] diýlip ýazylypdyr eken. Käbir alymlaryñ pikiriçe Göktürkiler şol wagtlar Juwan-juwanlaryñ gulluk sistemasy astynda eken[24]. Käbir alymlar Juwan-juwan toplumyna garaşly sistemada bolandygy üçin şol habary ugradylypdyr diýen pikirde[25]. Denis Sinora görä Anakuweýiñ bu äsgermez sözleri Türkileriñ demir ussaçylyk, demirçilik bilen meşgullanandyklary üçindi[13][26].
Bumyn bu wakadan soñ Juwan-juwanlar bilen bütin gatnaşygyny kesdi[27]. Käbir çeşmelerde Bumynyñ Juwan-juwan hökümdarynyñ gyzyny söweşip alyp gaýdypdyr.
KAGAN BOLUŞY: 551-nji ýylyñ Iýunynda şazada Çañ bilen durmuş gurmagy bilen Günbatar Weý dinastiýasy bilen garyndaşlyk açdy. 552-nji ýylyñ ýanwarynda huaý-huwañ (Alty obanyñ biri, häzirki Hopeý welaýaty kañpeýiñ (chang-pei) demirgazygynda Juwan-juwanlara agyr zarba urup bu döwleti ýok etdi. Juwan-juwan kagany Ana kueýi boýun egdirdi[5][15]. Şeýlelikde Bumyn uzak wagtlyk özleriniñ agalygynda bolan şol federatiw ýurduny syndyrdy we Göktürki kaganlygyny gurdy[19].
Bumyn kagan bu ýeñişleriñ yz ýanyndan ''Illik kagan'' lakamyny aldy...
Döwletiñ günbatar ganatynyñ häkimýetini giñeltmek üçin kiçi jigsi Istemi ýabgu daga berdi. Istemi Bumynyñ buýruklaryna boýun boldy. Garaşsyz döwleti guran ýyly (552) 553-nji ýyl diýlip bilinýär[30]. Ýerine ogly Yssyk kagan (Keluw, Kola) geçdi. Yssyk kagan öleninden soñ ýerine Mukan kagan geçipdir.
KÜL TIGIN ÝAZGYLARY
Mongoliýada Orhun derýasynyñ ýakynlarynda tapylan Kül Tigin ýazgylarynyñ gündogar tarapynda ''Üstümizde mawy asman, astymyzda toprak ýaradylanda, ikisiniñ aralygynda adam ogly ýaradyldy. Adam oglunyñ dowamaty ejdadym Bumyn kagan, Istemi kagan oturdy. Oturup Türki milletiniñ ilini töresini tutdy, düzgüne saldy. Dört tarap duşmandan doly. Goşun toplap dört tarapdaky milletiñ hemmesini alypdyr, tabyn edipdir. Kellelä boýun egdirdi, aýaklylary dyza çökdürdi. Gündogarda Kadyrgan tokaýlygyna çenli, günbatarda demir gapa çenli aldy. Ikisiniñ aralygynda ýeketäk Göktürk bardy'' şeklinde Bumyn kagan hakda gürrüñ berýär[33][34].

Çeşme:

1-2. Kultegin's Memorial Complex, TÜRIK BITIG. (iñlisçe)
3. M. Çagataý Uluçaý. Taryh ensiklopediýasy. Ilkinji we orta derejeli okuwlar üçin. Bateş neşiri. 1979. s.165 (türkçe)
4. A. Taşagyl. Göktürkler. Atatürk medeniýeti. Dil we Taryh guramasy. jilt I. s-16-18. (türkçe)
5-6. Melek Tekin. Türk taryhynyñ ensiklopediýasy. Milliýet neşiri. 1991. (türkçe)
7. Çu kitaby. 27 ''Her ýyl Sary derýasy buz bilen örtülende Türkiler çozýarlar we basyp alýarlar''. (hytaýça)
8. Kahar Barat. The Uygur-Turkic biography of the seventh-century Chinese Buddhist Pilgrim Xuanzang, ninth and tenth chapters, Indiana University, Research institute for Inner Aian Studies. 2000. ISBN 978-0-933070-46-2,p.313 where they had no Chinese contact at all (iñlisçe).
9. Kafesoglu Ibrahim (1977) Türk milli medeniýeti. Aýýyldyz s. 79... (türkçe)
10. Şing Müller ''Sogdian in China um 600 n. Chr. Archäologische Zeugnisse eines Lebens Assimilation und identitätsbewahrung'' NOAG Vol 183-184. 2008. p. 123 (germança)
11 - 12. Ssuma Kuang, Tzu chih t'ung chien. jilt-159. (hytaýça)
13. Denis Sinor. Inner Asia: history-civilization languages: a syllabus, Routledge, 1997, ISBN 978-0-7007-0380-7, p. 26. Contacts had already begun in 545 A.D. between the so-called ''blacksmith-slave'' Türk and certain of the small petty kingdom of north China.
14. John Curtis Perry. Bardwell L. Smith, Essays on Tang society: the interplay of social political and economic forces, Brill Archive, 1976, p.66 (iñlisçe)
15. Çu kitaby. jilt 50.
16. Demirgazygyñ taryhy. jilt 99.
17. A. Taşagyl. Göktürkler Atatürk Medeniýet dil we taryh guramasy. jilt I. s.16-18.
18. Türkogly Gök Alp. Çäklendirilen Türk taryhy. Sewinç. 1976. s.125.
19. Meýdan Larousse. Beýik Lugat we ensiklopediýa, ''Göktürkler'' maddasy. jilt: 8.
20. Ma Zhangshou Tujue we Tujue kaganlygy. 1957. s.10-11. (hytaýça)
21-22. Gao Yang ''The Origin of the Turks and the Turkish khanate'' X. Türk Taryh kongresi. Ankara 22-26. Sentýabr 1986. Kongres bildirişi. V jilt. Türk taryh guramasy 1991. s. 731 (iñlisçe).
23. Burhan Oguz. Türkiýe halkynyñ medeniýetiniñ başlangyjy. Giriş. Stambul. 1976. p. 147. ''Demirçi gul'' bolmakdan saplanyp Bumyn... (türkçe)
24. Lingan Tujue Taryhy (Hytaýyñ gadymy eýýamlardaky demirgazyk halklar taryhy bölümi. Içki Mongoliýa Halk Neşiri) 1988. p. 24.
25. Lary W. Moses ''Relations with the Inner Asian Barbarian'', ed. John Curtis Perry. Bardwell L. Smith. Essays on T'ang society the interplay of social, political and economic forces. Brill Archive, 1976. ISBN 978-90-04-04761-7 p. 65. Slave propably meant vassalage to the Juan Juan confederation of Mongolia, wham they served in battle by providing iron weapons, and also marching with qahhan's armies.
26. Denis Sinor. ibid. p. 101. Beyond A-na kui's disdainful referance to his ''blacksmith slaves'' there is ample evidence ot show that the Türks were indeed specializing to establish whether they were miners or rather blacksmith. (iñlisçe)
27. Christopher I. Beckwith. Empires of the Silk Road: a history of Central Eurasia from the Bronze Age to the present. Princeton University. Press. 2009. ISBN 978-0-691-13589-2. s.9. (You are my blackamith slave. How dare you utter these words?) (iñlisçe)
28. -4
29. -5
30. -6
31. Hasan Jelal Güzel. Aly Birinji. Tapawutlanýan Türk Taryhy. jilt I. Täze Türkiýe. 2002. (türkçe)
32. Ybraýym Kafesogly. Türk Milli .Medeniýeti. Aýýyldyz. Ankara. 1977. (türkçe)
33. -7.
34. 8.



Peşeñ ogly Afrasyýap

Bilim, Jeksparro tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir