talyplar.com adresi gyzykly hem-de gerekli bloglary paýlaşylýan saýt eken. Ýöne bu ýere 3-4 gün bäri girýänim üçin düşünmän galdym. Köp kişiniň paýlaşýan bloglaryny uly gyzyklanma bilen okaýaryn, şonda-da bu adress nämä niýetlenenine gaty düşünmedim. Ylmy täzelikleri, wakalary, bloglary paýlaşmalymy?!
Men öz durmuşym (alan sapaklarym, öwrenen durmuş tejribelerim) barada ýazmagy halaýaryn , ýazýan zatlarym bu ýer üçin artykmaç bolarmyka?! Ýa gyzyklanma bilen yzarlaýjylarymy artdyryp bilermikäm. Ýöne ýazjak zatlarymyň köpüsi okanyňda täsirli bolsa-da, kän bir ähmiýetli bolmajak zatlaram bolup biler. Hem öňki line'daky "Konsultant", "OkgunlYlar"... ýaly bloggerlere bu ýerde gabat gelip bolmazmy?
Haýsy ugra niýetlenen?!
-
aynura
4 years ago
- dogry aýtýaň garayolly68
garayolly68 6 years ago- Onuñ hic hili artykmaclygy bolmaz, Yeser.Yazyber. Yogsa da yazyan zatlaryñ bn hemma yaranyp bilmersiñ.Icinde añlan,dushunen tapylar. Magtymguly aydyar a
,,Tarashlap shaglatgyn koñle geleniñ"diyip.