Häzirki wagtda kitaphanalar hakyky muzeýler ýalydyr. Ýagny diňe kitaplaryň saklanylýan ýeri däl-de, eýsem, gözüň bilen görüp bolýan täsin suratlaryň sergisiniň, arhitektorlaryň eserleriniň we ýadygärlikleriniň saklanýan ýeridir.
1. 2011-nji ýylda Ştutgartda açylan kitaphana. Onuň dizaýneri koreýaly Ýun Ýang Ýuidir. Kitaphananyň şekili Rubigiň iki reňkli kubigini ýatladýar. Kitaplar bilen doldurylan, ýüzýän basgançaga meňzeş, Xerox tehnologiýasy bilen üpjün edilen okalga zallary her bir tebigatçy alymyň arzuwydyr.
2. Aleksandr kitaphanasy aradan iki müň ýyl geçenden soň, ýagny 2002-nji ýylda täzeden gurulýar. Ol ata-babalaryň hormatyna dikeldilýär. Bu kitaphana internet arhiwleriniň göçürmesiniň ätiýaçlyk üçin saklanýan aýnasynyň bolmagy bilen tapawutlanýar.
3. Geçirilen reýtingleriň arasynda ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan bina, Beýtoudaky Taýpeý (Taýwan) kitaphanasydyr. Gün şöhlesine çydamly, agaçlardan gurlan bu kitaphananyň üçegi 20 sm toprak bilen örtülipdir. Onda müňlerçe kitap saklanýar.
4. 28 000 kwadrat metr meýdany tutýan Niderlandiýadaky Amsterdam kitaphanasy iň iri hasaplanýar. Ol özüniň ýylydyjy desgalary bilen tapawutlanýar.
5. 22 gatly Parižiň Milli kitaphanasynyň şekili kitaby ýatladýan 4 binadan ybarat. Kitaplaryň sanynyň artýandygy sebäpli, 1996-njy ýylda onuň göwrümi giňeldilýär. Agaçlar bilen örtülen kitaphana Fransiýanyň iň gözel ýerleriniň biridir.
6. Triniti kollejindäki Irlandiýa kitaphanasy. Ol ýerde iň gadymy we seýrek duş gelýän kitaplaryň 200 000-si saklanýar.
7. Rimiň Mukaddes Ýekaterinanyň ybadathanasynyň ýanyndaky kitaphana dünýädäki iň köneleriniň biridir. Ol 564-nji ýylda gurulýar. Ol ýerde Platonyň we Gomeriň ilkinji neşirleri hem-de maşinkada ýazylan kitaplaryň 8000-si saklanýar.
8. Fukusima (Iwak) kitaphana muzeýi 2005-nji ýylda gurulýar. Ol ýapon okuwçylarynyň iň köp barýan ýeridir. Onuň arhitektory Tadao Ando. Kitaplaryň daşlygynyň çagalara gowy görünmegini özüne esasy maksat edinipdir.
9. 1500-nji ýylda düýbi tutulan Patyşanyň orta mekdebiniň kitaphanasy, kitaplary yzygiderligine tekjelere berkidilip goýulmagy bilen tapawutlanypdyr. Ol ýerde Isaak Nýutonyň kitaplary hem saklanyp galypdyr.
10. 1848-nji ýylda gurlan Bostonyň açyk kitaphanasy ululygyna görä ABŞ-da ikinjidir. Onda kitaplaryň 24 million töweregi saklanýar. Bu ýere gelýänlere kitaplary öýlerine alyp gitmäge mümkinçilik döreden ilkinji kitaphanadyr.
11. Nassau açyk kitaphanasy 1700-nji ýylda tussaghana hökmünde ulanylýar. Diňe 1837-nji ýyldan soň, ol kitaphana edilýär. Häzir ol ýerde kitaplaryň 28 000-si saklanýar.
12. Şwesiýadaky Stokgolm ilkinji açyk tekjeli kitaphanany 1928-nji ýylda arhitektor Gunnar Asplund gurýar. Ol ýerde okyjylar kitaplary arkaýyn ulanyp bilipdirler.
13. MakAllendäki kitaphanany minneapolisli arhitektorlar Meýer, Şerer we Rokkasl gurýar. Ol ýerde çagalar we ýetginjekler üçin hem okalga zallarynyň gapysy hemişe açyk. Şeýle hem kitaphanada 200 orunlyk konferensiýa zaly işleýär.
14. Manildäki okalga kluby 2000-nji ýylda bina edilýär. Döredilenine 13 ýyl geçen kitaphanada 2500 töwerek kitap bar. Onuň eýesi Ernando Guanalao kitaplary okyjylaryň öýüne tigirli eltmegi endik edinipdir.
15. Waşingtondaky Kongressler kitaphanasy diňe ABŞ-da däl, eýsem, bütin dünýäde bellidir. Onda 151 800 000 kitap bar. Ol ýerde hatda ululygy 6х6 millimetr bolan kitaplar hem saklanýar. Ýöne olaryň sahypalaryny ýiti iňňeleriň kömegi bilen açmaly bolupdyr.
Alynan çeşme: Laýndaky Bir Söz topary.
garayolly68 6 years ago- Juda gerekli we degerli maglumatlar.