Iň uly betbagtçylyk – hakyky dostlaryň bolmazlygydyr.
F.Bekon
Seniň üçin hemme zada taýýar adamy hiç haçan ynjytma.
F.M.Dostoýewskiý
Sadyk dostuň şypasy ýaraňa melhem bolar,
Dönük dostuň jepasy bagryňa hanjar bolar.
Nyzamy Genjewi
Dostuňy köteklemek dost gazanmakdan ýeňildir.
Abu Derda
Adam üçin iň agyr jeza onuň dostunyň ýa-da ýakyn adamsynyň oňa igenmegidir.
Ows ibn Harysa
Bir adamyň göwnüne degip, ony özüňe duşman tutunyp, müň adamy dost tutunma.
Dawut alaýhyssalam
Çyn dostuň bilen didarlaşmaga sebäp bolýan zady nesibä ýorup bolar.
Abdylla ibn Mübärek
Dost-dosty görmeklik ömür bahardyr. Dostluk armagy bilmez, dostlugyň näçe gadymy bolsa, ol şonça-da ýakymlydyr.
Siseron
Mümkin boldugyça dost sanyn köp et,
Olar kyn günüňde hemaýat, kömek.
Ýene azdyr – dostuň bolsa müň ynsan,
Emma köpdür saňa ýekeje duşman.
Hezreti Omar
Dostuňdan ganyňy we malyňy gysganma, garyndaşyňdan sowgadyňy we zyýaratyňy kesme, duşmanyňdan adalatyňy we ynsabyňy aýyrma.
Mahmyt Zamahşary
Dostuň bahylçylygy dostlugyň keselligindendir.
Seniň dostlaryň üçdür, duşmanlaryň hem üçdür. Dostlaryň: — dostuň, dostuň dosty we duşmanyň duşmany. Duşmanlaryň: — duşmanyň, duşmanyň dosty we dostuň duşmany.
Hezreti Aly
Abraýly dost dostuň dostuny hem söýýän dostdur.
Ruh ibn Zenbag
Dostuň üç zada çydamalydyr:
1. Gahar zulma;
2. Hata zulma;
3. Çyn zulma.
Abdylla ibn Mübärek
Kim saňa kömek edýän bolsa we seniň hajatlaryňa tagalla-gaýrat edýän bolsa, seniň dostuňdyr.
Dostuň halamaýan zadyny söýmek dostlukdan däldir.
Şehr ibn Huşyp Eşgary
Dostuň — saňa özüniň sözünden öňürti gözi bilen düşündirýän kişidir.
Abu Süleýman
Alynan çeşme: Laýndaky Serpaý topary
garayolly68 6 years ago- Dana sozleriñ yygyndysy. Adamyñ añyna tasir ediji kytgalar. Shular yaly payhasly sozler ynsanyñ durmush yolunda shamcyrag bolup nur sacyar. Gurban Geldiyew bulary yygnap chap edip,oran hayyrly ishiñ sogabyny gazanypdyr. Goy,onuñ omri uzak bolsun.