Biz öz ýaşaýan Galaktikamyzda ýaşaýyş üçin nämeleriň zerurdygy barada käteler hiç hili oýlanmaýarys. Näme üçin dünýäni ekologiýa taýdan goramaly dälmiş? Esasanam, dem almagymyz iň üçin zerur bolan kislorod barada heý ýaş nesil düýpli alada edýärmikä? Pikir edip görüň, bir adamynyň sorup aljak kislorodly howasyny jemi üç düýp bag işläp çykarýar. A dünýäde näçe milliard ynsanlar we haýwanlar ýaşaýar. Bahym ekologiýamyzy aýawly saklap, onda bar bolan tokaý zolaklarmyzy giňişleýin goramaga we köpeltmäge onuň ýaýrawly territoriýasyny has-da ulaldylmasa gelejek üçin uly howp abanýar diýip bileris. Häzirki wagtda bar bolan Amozonka tokaýlygy, Sibir tokaýlygy ýaly has giň tokaýlyklary döretmelidiris. Çünki gündelik köpelýän zawodlar we tehniki ulaglaryň adam saglygyna zyýanly birsüri himiki galyndylary we tüsseleri biziň dem alýan howamyza garýarlar. Adam ömrüniň agramly bölegi hem dem alşyna bagly bolup durýar.
Diňe bu-da däl bize howp salýan zatlar; arada mundan otuz ýyl öň çykan gazetleriň birinde şeýleräk maglumata gabat geldim. Ol ýerde:
"Nýu-Ýork Taýms" gazetiniň diňe bir ýekşembe günki tiražy üçin üçin on bäş müň (15 000) düýp agaç kesmeli. 9 million 500 müň ekzemplýar tiraž bilen neşir edilýän "Komsomolskýa prawda" gazetiniň bir günki neşiri üçin 59 wagon agaç gerek..." Şu ýazgyny okap dünýäde dine kagyz önümçiligi üçin kesilýän agaçlaryň sany-saçagy ýokdugyna göz ýetirýärsiň. Kagyzy biz önümçilikde giňden ulanýarys. Geliň indi pikir edip göreliň; biz bir düýp agajy näçe ýylda ýetişdirýäris??? On ýyldamy, ýedi ýyldamy?
Adamzadyň gelejegi barada birnäçe gyzykly faktlar aýtýarlar, olaryň içinde hem bize gereklisi adam sanynyň XXI asyryň I ýarymynda ýyllyk köpelişi 18 million artjaklygydyr. Eýsem, gelejegiň aladasyny biz etmesek kim etmelidigini oýlanýan wagtyň bialaç tukatlanmaly bolýarsyň. Çuňňur oýlanýan wagtyň hem bizin meşhur şahyrymyz Gara Seýitliýewiň şu setirleri seriňe gelýär:
Kimde kim bir agaç ekse ýadygär,
Onuň dünýä kitabynda ady bar. -
Hakykatdanam, adam öz dünýäsini özi goramaly, özi aýawly saklamaly. Galyberse-de bag ekmeklik dine bir ylmy çähtden däl, biziň dini düşünjämiz boýunça hem agaç ekmeklik "sogap" hasaplanýar. Sogap - bolsa, biziň öteki dünýämize howa ýaly zerur.
Geçmişime ser salamda "Men okaýan wagtlarym hem ýylyň dowamynda geçirilýän bag ekilşikli ýowarlaryn birnäçesine meýletin giderdim. Gidip birnäçe düýp arça agaçlaryny ekerdik, suwarardym. Elbet-de häzirki günde hem bag ekmegimi besetmeýärin..."
Hormatly Prezidentimiz - Döwletbaşymyz Gurbanguly Berdimuhammedowyň hem köp ugurly alyp barýan işleriniň içinde biri hem ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekden ybaratdyr. Şol sebäpli hem gözel ýurdumyzda döwlet derejesinde bag ekilşik ýowarlary hut Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yglan edilýär. Ýaz paslynyň gelmegi bilen hem şol ýowarlara ýaňadan badalga berilmegi hem ýokarda aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr.
Çünki biz gelejek üçin gurýandygymyzy we ýurdy bagy-bossanlyga öwürýändigimizi unutmaly däldiris!!!
Hormatly okyjym haçanda senem şu makalany okaýan wagtyň gelejek üçin birje nahal ek...
AHALLY
GaRa_TmyN 6 years ago- Ýagsylyl et derya at, balyk biler. Balyk bilmese Halyk biler..