Atamyrat Atabaýew – şahyr, terjimeçi, türkmen halk ýazyjysy. Ýaşlar Baýragynyň eýesi. A. Atabaýew 1948-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Mary etrabynyň 1-nji Gökje obasynda mugallym maşgalasynda eneden bolýar. Ol ilki oba mekdebini, soňra Türkmen döwlet uniwersitetini üstünlikli okap gutarýar. A.Atabaýew «Türkmenistan» neşirýatynda, «Ýaşlyk» žurna lynda, Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde dürli wezipelerde işleýär.
Atamyrat mekdepde okap ýörkä, goşgy ýazyp başlaýar. Onuň ýazan goşgulary welaýat gazetlerinde yzygiderli çap edilip ugraýar. Mundan ylhamlanan ýaş şahyryň ylhamyna ylham goşulýar. Ol 1975-nji ýylda «Diýarym» atly ilkinji goşgular ýygyndysyny neşir etdirýär. Soňra bolsa şahyryň dürli ýyllarda ýazan «Seni söýmedik bolsam», «Çuňluk», «Söýgüden söýgä», «Dowamat dowam», «Tylla terezi», «Gumsagat», «Bary-ýogy bir ömür», «Bagşy bilbil», «Boý derege boý derek», «Dört dogan» ýaly kitaplary türkmen dilinde we beýleki dillerde neşir edilýär.
A.Atabaýew ökde terjimeçi. Ol XII asyr rus edebi ýadygärligi bolan «Igoryň ýörişi hakynda kyssany», A.S.Puşkiniň, M.Ý.Lermontowyň, S.A.Ýeseniniň, N.A.Nekrasowyň goşgudyr poemalaryny türkmen diline terjime edýär. Abdysettar Kazynyň «Jeňnama» poemasyny hem häzir zaman türkmen diline geçirdi. Pygamberler hakyndaky şowly terjimeleriň köpüsi hem Atamyrat Atabaýewiň galamyna degişlidir.
Alynan çeşme: Rahman Klyçew, Nurýagdy Gurbanberdiýew.
Edebiýat: Umumy bilim berýän mekdepleriň 6-njy synp okuwçylary üçin okuw kitaby. Daşkent. 2013 ýyl.