Gadym döwürlerde nebit az mukdarda gazylyp alynypdyr. Ilkiler nebitiñ mukdaryny añlatmak boýunça hiç hili ölçeg birligi bolmandyr.Käbir ýerlerde nebiti agaç çeleklerde a käbir ýerlerde bolsa meşiklerde daşapdyrlar.
Taryhy maglumatlara göra 19-njy asyryň ikinji ýarymynda nebitiň ýokary derejede gazylyp alynmagy nebiti ýygnamak boýunça gaplaryň gytçylygyna getiripdir.Nebiti transport etmeklik üçin ähli görnüşli we ölçegleri boýunça tapawutlanýan çelekleri ulanypdyrlar.Nebitiň bahasyny hem bir çelegiň hasabyna görä çykarypdyrlar bu bolsa birnäçe alyjylarda nägilelik döredipdir.Sebäbi çelekleriň ölçeg birligi tapawutly bolupdyr.
1866-njy ýylyň awgust aýynda haçanda nebiti gazyp almagyň gülläp ösen döwründe demirgazyk-günbatar Pensilwan döwletiniň Tituswille şäherinde nebit boýunça tejribeli işgärleriň arasynda duşuşyk bolýar.Duşuşykda gozgalan esasy mesele hem nebiti alyjylara transport etmek üçin standart gap bolupdyr.Netijede nebitiň hiliniň standart göwrümi 42 gallona deň bolýar.Eýýäm 1700-nji ýylda Pensilwaniýadaky alynan netijä görä çeleklerde diňe bir nebit dälde,eýsem balyk,sabyn ýag,kitiň ýagy ýaly birnäçe harytlary hem daşapdyrlar.
Belki sizde sorag ýüze çykýandyr”Näme üçin diňe 42 gallon onuň standart göwrümi hasaplanypdyr diýip?”Elbetde 42 gallon ölçegli çelek bir sagdyn adamyň göterip biljek agramy bolanlygy sebäpli ulanypdyrlar.Uly ölçegli çelekleri bir adam göterip bilmez a kiçi ölçegli çelekler bolsa standarta gabat gelmändir.Hususan-da 42 gallon ölçegli çelekleri ulanmaklarynyň ýene bir sebäbi hem onuň 20 sanysy ýük gämilerinede ýerleşdirmäne amatly bolupdyr.1872-nji ýylda amerikanyň nebit öndüriji Assosasiýasy resmi taýdan 42 gallon ölçegi 1 barrel standart ölçeg diýip kabul etdi.
Elbetde häzirki döwürde nebiti daşamak boýunça hiç hili çelekler ullanylmaýar.Ony gämilerde we turbalarda transport edilýär.Ýöne barrel häzir hem dünýä nebit söwdasynyň ölçeg birligi hökmünde ulanylýar.
Barrel(iňlisçeden terjime edilende “çelek”diýmegi aňladýar.1barrel=159.987litr
Gallon (suwuklyk ölçeg birligi)
Taýýarlan: Geldimyrat ÝAKUBOW.
Yeser 6 years ago- Gowy maglumat, meň ugrumam bolsa köplenç unudýan şu barada;))))