Humaý onyň gurruň beren wakasyn diňlap ank bolyp otyrdy.Ol indi oňa gowy öwrenşipdi.Bir seretse ol gaty ,bir gorkynç arwah hem däldi.
Ýöne ol perdesin hiç aýyrmazdy.
Her gun gundiz gijäň basym duşerine howlykýan Humaý bu gun öňkulerinden has irräk otagyna girip ,oňa garaşdy.
Perdeli arwah geler ýerde gelmedi .
Ol ýerinden turyp äpişgani açdy, daşary ýary gije hem bolsa daşdan eşdilýän maşynlaryň sesi gelip durdy. Adamlaryň gün güzeran, diýip gije diýman gundiz diýman, ylgap ýoruşlerin geň gorenokdy. Bu dowurde her kim bir birinden galmajak bolyp, baş manatyň ugrynda ,harys uryp iki ýana ylgaýardy.Daşdan görünýän bankyň işiginde, bir daýzaň bir zat bellap otyrannyna gözi duşdi.Humaý ony öňem gorupdi.Ol daýza her aýda gije gelip bankyň işiginde otyryp, bir aýlyk oçurt belleýärdi.Şol oçura ýazylmasaň bankdan talon almak kyndy.Tälon bolmasada bankdan pul geçirmek kyndy
Bazarda dollaryň galmagy adamlara tasir galdyrdy öýtýan her kim wyza kart açyp, başarsa başarmasa daşary ýurda gidip gelip ,getiren dollaryn bazar nyrhdan çalşyp, ýene iki ýana gatnap ,gun gorýan hasda kopelipdi.
Olar zerarly daşary ýurtda çagalary okaýan maşgalalara welin kyn bolypdy ,
Humaý adamlaryň şu wagt hem ýatman öz atlaryn ýazdyryp gidişlerine daşdan synlap pikir etdi Dogrydanda adamlar şeýle açgöz boldymyka,iýjegiň bar ,geýjegiň bar,iň esasy zat ýurdyň içinde uryş ýok, şu gune şukur edip, gije bir oz tuneginde ýatsa bolanokmyka
Elbetde bolanokdyrda. Her kim gowydan gowy ýaşasy gelýar.Oňada duşunýan ýone azajyk öz saglygyňada seretmela: - diýip pikir etdi-de äpişgani ýapyp ýerine geçdi
Perdeli arwahyň başyna bir iş duşendir, bu gün na gelenokga diýip pikire batyp uklap galdy
Humaý şeýle bir gowy ýatyrdy, gije ýarymdan geçdi, otagyň içi umsumlikdi. Iňlär siňek ýokdy. Ýuwaşjadan äpişge jygyldady,äpişgeden gelýan güýzüň sowykrak howasy otagyň içine ýaýrady. Üstuni ýeňiljek ýapynyp ýatan Humaý üşap beýlesine agdaryldy.
Ol agdarlanyna mähetdel ustune, sömelip duran garantgyny gorup tizginip gitdi. Onyň ýüzünde perde ýokdy .Onyň öz kellesinden uly görünýän agzyny gornup Humaý titrap başlady .Ol elhenç zadyň uzyn barmaklaryn gözine sömeldip gelýardi.Humaý gorkyjysyna gozin gaty yumyp titrap başlady. Birden äpişganiň açyk ýerinden, bira otaga bokup girdide ýanky elhenç mahlyhy tutyp süredi.Olar bir zatlar diýşip otagyň içinde, tapyrdy tupurdy kopeldi.Humaý bolsa sesin çykarman olar urşup bolýanja ýorganyň aşagynda titrap ýatdy.
Birden goh galmagal ýatdy.Ýuwaşjadan ýorganyň gyrasyny galdyrýan ele gözi duşdi, tisginip gitdi, siňe diňe seretse, ol perdeli arwahdy, tasdan ýerinden turyp ony gujaklapdy.Onyň gelenine öran begendi we
- size name boldy, nameüçin gelmediň
- men indi gelmen, men öz mekanyma gidýan ,meniň wagtym doldy,
- men sen adammy, jyn arwahmy ýada eýe hiç duşunip bilmedim,düýşüm diýsem ,seniň gelip akan dokan eden kitaplaryň men irden turamda ýygnaýan, arwah jyn diýemdede sen gepleýaň seniň sudyryň gorýan,sen kim belki iň soňky gelşiň boljak bolsa, maňa aýdarsyň belki kömegim deger
- komege indi giç, ýöne saňa bir mumkinçilik goýaýyn,sen meni erte gundiz ine şu ýerden taparsyň:- diýip Humaýyň eline bir kagyzjagaz goýyp ,,men saňa garaşaryn,diýip gözden gaýyp boldy
Humaý, perdeli arwah gidenden soň ýerinden turyp äpişgani mäkäm ýapdy
Ýerine geçip perdeli arwahyň goýyp giden hatyny açdy
—Renimasiýa
Haty okap tisginip gitdi.Wah ol dirimikä ýa ruhmyka ,men ony erte goreýin diýip rahat ýerine geçdi
Sagat jyrlady. Baý şuny kim oýlap tapdyga, wagty bolýar welin ala goh edip adam barnyň zahrasin ýarýar:- diýip sagadyň knopkasyn basyp Humaý ýerinden turdy
Ýatan duşegin tertipläp,perdeli arwahyň hatyny gozledi, ony ýatan ýerinden tapman ,hatda name ýazlanny ýadyna saljak boldy, uky bilen duýşuň, garyşmagy ,onyň name hakda ýazylandygyny hiç ýada salyp bilman epesli dişeginiň ustunde pikire çümüp otyrdy.
Birden,
- renimasiýa
:- diýip böküp turdy...

Dowamy bar

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir