Humaýyň soňky döwürler mekdep bilen kan ugry ýokdy. Ol koplenç ýeke bolmagy halaýardy.
Aýdym, saz,internet saýtlary ony hiç hili özine çekenokdy.
Eline kitap alyp şoňa guýmenini kem görenokdy.
Bu gün ol,öňkulerinden giçirak öýe geldi.
Öýe gelende öýde hiç kim ýokdy.
Diňe çetki jaýlarynda kakasynyň birzada tyrkyldadyp guýmenýani eşdilýärdi.Mekdepde 6 sagat, öýlänlik okansoň ,gune salym ýokdy .Derrew diýen ýaly gün ýaşýardy
Humaý kakasyna üns berman öýe girdi. Sowadyjydan bir kolany alyp, öz otagyna ýöredi.
Jaýyň içi ümsumlikdi.Iňlär siňek ýokdy
Ol otagyna girip özini krawatyna oklady we telefonny alyp onyň içindaki oýunlaryň, birin açyp guýmendi. Daşary alagaraňkydy.
Birden jaýyň.uçeginden tapyrdy eşdildi.
Bu sesiň eşdilmegi, Humaýy eýmendirman durmady,ol güýmenip otyran oýunny taşlap diňşirmage durdy,takyrdy ýakynjakdan eşdilýardi,aýak sesleri golaýlaşdygy saýy ýuregi ýarylara geldi we
— kakaaaaaaaaaaa: - diýip gygyrdy
Munyň sesine kakasy ylgap geldi
- name boldy gyzym
- kaka, uçekden ses eşdilýar ,uçegmizde biri bar: - diýdi
Kakasy ynjalman uçege gidip gelensoň Humaý ynjaldy we ýerine geçdi
Wagt ýary gijeden geçdi.
Otagyň içi ümsümlikdi
Daşarda çalaja şemalyň öwüsýäni eşdildip durdy.
Humaý asuda ýatyrdy...
Ol barmana Humaýyň otagynyň işigi açyldy. Humaý bu geleni tanajak boldy.
Hiç tanap bilmedi ,siňe- siňe seretdi, ýene bolmady
Ol garatgy ýaly bolyp göni Humaýyň ýatan ýerine geldi.
Humaý bu gezek gorkyjysyna hatda gygyrmagada ýetişmedi.
Ol ýorgany ustune batly buredi we oňa dolanyp, demin alman ýatdy.
Ol tapyrdy ýakynlaşdygy saýy Humaýyň ýurek urşy çaltlaşdy, ýureginiň urşy çaltlaşyp, sesi ýorganyň daşyna eşdilýardi,sahel ýuregiň gowşak bolsa, ýurek çat atjakdy
Ol zat tykyrdanyp,ilki
Humaýyň kitap zat goýan ýerine bardy.
Ol taýdan bir zatlar gözleýan ýaly bolyp akan dökan etdi.
Ýere gaçýan kitaplaryň sesini,ýorganyň aşagyndan eşdip ýatan Humaý şu gun ölmän ertire çyksa, ertirden başlap öz kakasynyň otagynda ýatjaklygyn ,öz-özune kasam etdi. Kä bir adamlaryň infart berip ýogalypdyr diýen sözin ,ol öň köp eşidip görüpdi, ýone ýuregi ýarylyp ýogalypdyr diýen sözi eşdip görenokdy.Ýuregi bolsa ýarlara gelýardi
Ol ýorganyň aşagynda gorkyp ,ýorgana gowy bürenip ýatyrdy
Birden tykyrdyň sesi ýatdy.
Geň galyp, ol gidaýdimika diýip ,Humaý ýorganyň aşagyndan çalaja jyklap gordi.
Tisginip gitdi, ol tykyrdy edil garşysynda ,bir zada döruşdirýardi, siňe seretdi,onyň ýuzi perdelidi,ol perdeli arwahyň barlygyn bir kitapda okapdy we ony beýle ýakyndan synlap görmandi .
Heniz bu ýaşyna çenli jyn,arwah bar diýip ençe kitaplarda okap ,ençe kinolarda görsede, o zadyň hakyt öz öýlerinde barlygyn, şu gun bilip galdy.
Ol perdeli arwah otagyna girip name dörýanine hiç duşunip bilman geçdi .
Gorkysyna dili tutyldy.
Perdeli arwah göni gelip Humaýyň ýorganyň bir gurasyn galdyryp, onyň kellesini aýagynyň ustunde goýyp, onyň saçlaryn dorup ugrady.
Humaýdan hiç hili ses çykanokdy.
Bu meniň saçymyň içinden name gözleýarka:- diýip pikir etdi,ýöne geplare welin güýji ýokdy ,dili tutyldy
Ol diňe perdeli arwahyň öz kellesinden bir zady doruşdirýani, bilýardi. Humaý çala gözin açyp gordi.
Perdeli arwahyň haýdap kelle dorşuni gorup,öz saçynyň içinden çykýan ,uly uly bitleri (kiçijek saça düşýan möjejikler) gorup haýran galdy. Ol saçyny duýnjik gowy edip ýuwypdy.
Humaý kellesinde beýle bitleriň barlygyna geň galdy.Ol haçan saçyna bitleriň duşenini bilman galdy
- wah ýa klasymyzda bitlan,möjeklän gyzlaryň biriniň saçyndan geçäýdimikä,:- diýip pikir etdi
Humaý özini öli ýaly alyp bardy.
Ondan hiç hili dem gelenok diýen ýalydy
Humaý saçyny dorjeleklap otyran arwahy görup, kitaplaryň birinde, öýiň içine ýuzarlik tütetseň öýde arwah jyn bolmazmyş diýen jumleleri ýatlady.
Ol öýde iň soňky gezek ýuzärligiň haçan tutedendigin hiç ýadyna salyp bilmedi .Enesi bularda bolanda her gun diýen ýaly ýüzärlik tutedip, öýiň içini ala tutun edip goýýardy
- wahhh, enemjan bolanda, bizde hiçem arwah jyn bolmazdy diýip içini gepledip otyrka birden, sagadyň batly jyňňyrdysyna tisginip gitdi
- Humaý,men erte ýene gelerin:- diýip perdeli arwah gözden gaýyp boldy
Humaý gözini açdy.
Gözin açyp seretse ol perdeli arwah eýýam ýokdy.
Kellesiniň aşagynda bolsa kakasynyň doglan gunune alyp beren äpet ,boýy bilen deň ,uly aýysy bardy.
Ol sagady eline alyp, oňa sagbolsyn aýtýan ýaly esli seredip durdyda. —Wagtyndajyk jyrlaýdyňda sagatjygym , bolmasa bu gun diri çykaryn öýtmedim,dogrymy aýtsama:- sagat bilen gepleşýan ýaly oňa ýuzlendi
Humaý ýerinden turyp, äpişganiň öňine baryp ony giňden açdy. Otagyň içine giren daňdanyň salkyn howasyn, ilkinji gezek alýan ýaly uludan demini aldy.
Ol äpigäniň ýanyndan gapa garşy ýörände,ýerde ýaýrap ýatan kitaplaryn gördi, hasyr- husur olary ýygnaşdyrdy,ýerinden turyp ýöräberdi welin ,ol elini kellesine ýetirenni duýman galdy.
Ol kellesini gaty-gaty hezil edip gaşadyda, daş çykdy we birden sakga durdy-da
- agşamky kellesinden perdeli arwahyň çöplan bitlerin ýada saldy,we göni banýa girip saçyny gowy edip şampynlap ýuwdy.
Humaý saçyn guradyp,ertirlik edinmek üçin, saçagyň başyna geçende, jigsiniň
- kaka, giç agşam tukurdi bolan, gije bir zatlar oňardyňma,ýa ol sen dälmidiň: - diýdi,soň ol tukurdiniň Humaýyň otagyna girip gidendigni aýtdy
Humaý tisginip gitdi we ol perdeli arwahy ýadyna saldy
- Humaý, men seniň ýanyňa erte gelerin .....
Dowamy bar