Indi naçe gündir sesiñ eştmàn gezýanim, seniñ iñ soñky aydan sözüñ edil şu gün aytdylyan ýaly....
Okuw ýylynyñ iñ soñky günleridi, hem ekzamen hem dokumentler bilen başagay bolyp ýörşüme Pendi çölüniñ Sandykgaçy şaherçesinden gelen bu oglana kàn bir uns hem bermandirin.
Onyñ
____A gyz sen gaty maña tanyşda sen hey Guşgy gapdala toya ya garyndaşlaryñyz zadyñyz yokma, birine meñzetýan diyip ýuzlendi
Menem ___ay yok meniña tanşym yok diyip öz işim bilen bolyberdim.
Az wagtdan boşan wagtyñ şuña jogap yazsana diyip bir kagyz berdi, menem name bor goyyay diyip alyp galdym
Agşam okap gorsem Guşgydaky Kakamyñ dogan okuşany bardy şo dayymyñ bu oglan ayal doganyñ ogly bolyp çykdy.
Biz tanyşdyk ekzamenlermiz dyndyk, ol hem bu yyl talyp bolyp yokary okuw jayyna girdi.
Men indi Geldini günde göryan. Okuwdan boş wagtlarmyz aylanmaga çykyas, mydama yoldaş bolyar özi alçak bolansoñ joram Gülşen hem ony gaty gowy göryardi, emma Geldiniñ göwni Gülşende dàlde mendedigni bilyadim ýöne syr berenokdym
Gülşen bolsa sypynsa garyndaşyñ çagyray çay içeli yada çörek almaga gideli diyip diñe şonyñ Geldiniñ özüne uns bererni isleýadi
Geldi bolsa göwni bir ýaly Gülşene degen bolyp gaytam oña yakynlayandygyndan hawary yokdy, Gülşeni meniñ joram bolansoñ sylayady, aralygynda dagy gepleşmesem Gülşeni àkelip aylanmaga bahana bolyady.
Ahyr bir gün Geldà özüm aytdym, Gülşeniñ gowy görýandigni we indi maña jañ etme diyip
Geldi bolsa yalwaryar men Gulşeni dostym hokmunde gowy göryan söyemok ynan, men seni söyyan ony dàl ynanay gülüm yakma meni jorañy orta goyyp, seniñ gowy göryaniñ bilyàn jorañ uçun menden geçip dursyña beytme Aygül diyip gözune yas aylap yalwaryar
Men näme jogap bereyin jan yaly joram o diyip ölip yatyr o jañ edende maña derek ol gepleşyar hatda meniñ sesim däldigini hem bilenok meñmika diyip ýör, hakykaty aytjak bolyan joram edenok olar gije yatman gepleşyar, men nadip olaryñ arasyna gireyin Geldi meni söyyär yone telefonda weli diñe Gülşen bilen meniñ sesimi tapawutlandyryp hem bilenok.
Men pikir etdim we Geldà indi maña jañ etme diyip aytdym, yone şunça wagtlap jañda gepleşeni men dàlde Gülşendigni weli aytmaga boynym ysmady
Goy iñ gowsy ol maña jañ etmesin belki bar zat ayyan bolar
Her gün süýji uka giden mahalym,
Jaň edip oýarma, indi jaň etme.
Yzda galdy seň arzylan mahalyň,
Ýalbarýaryn indi maňa jaň etme.
Owadan sähralar öpende ýazy,
Çar ýandan eşdilip bilbil owazy,
Öýdüpdim men seni ömrümiň ýazy,
Bary geçdi, indi maňa jaň etme.
Seýikläp bolmaýar döwülse aýna,
Nädeýin şum kysmat düşse paýyma,
Indi giç jaň edip hasratda goýma,
Sabrym galmady, indi maňa jaň etme.
Siňdirip gursagma söýginiň joşun,
Meýmiräp döşüňe goýardym başym,
Söýgüde utuldym iň aýny ýaşym,
Bary geçdi, indi maňa jaň etme.
Ýaşyl ýaýla ýaşyl begres geýende,
Maýsalar ýaz ýagşa başyn egende,
Aý agyllap, daň ýyldyzy doganda,
Küýsäpdim-le, indi maňa jaň etme.
Dowamy bar
Gulchynar 6 years ago- Gara bogullerin dowamy yokmy nowcha