Parahat ylgap diýen ýaly göni Çynaryň iş ýerine bardy. Ol mugallymlar otagyna kürsäp girdide göni baryp Çynary gujaklady
Işdeş ýoldaşlarynyň ýanynda özini oňaýsyz diýan Çynar
- bu nä edişiň Parahat, goýber meni
- yok goýbermen
- goýber diýýan
- Çynarym meniň hem kakamy öz kakaň ýaly görermiň
- berýan soragyň dagy nähiläý
- howa ýa ýok diý
- name kakaň menden nagiledimi, menem-ä seniň ejeň kakaňy öz enem atamdan kem görman, şolaň diýeni bilem boldym
- janyma sen,seni almaga geldim, ýör öýe gideli,meni bagyşla, nämäň nameligine duşunman eden işimi geçir
- dur Parahat, mudurden jogap alaýyn,arkaýyn gepleşeli
Ol barmana işdeş ýoldaşlary
- siz gidiberiň Çynar Myradowna,ýoldaşy ýzyndan geldi,diýip özimiz aýdarys mudure
- bolýa sagbolyň, minnetdar,diýdide Parahata garap ýör gideli diýip, bileje mekdepden çykyp gaýdylar
Mekdepden çykanyna mähetdel Çynar
- bu na bolyş saňa name boldy diýip sorady
- hiç zadam bolanok, ýone men seni ýurekden söýýänimi bildim
Çynar ýör ilki lukmana baraly, men onyň nahili ýatyşyn göresim gelýar, diýip Çynaryň garnyna seredip ümledi
Çynar sesin çykarman Parahatyň yzyna düşüberdi.
Olar goşa gumry ýaljak bolyp anyklaýyş we maslahat beriş bölümiň USB- gyna geldiler
Çynar ilkinji barlagdan geçip bolan badyna,lukmanyň
- ekizjeleriň ýatyşy kadaly,ýoldaşynyň suwy norma,duwunjek iki, ýatgyň dartgynlygy beýik, tonysy kadaly,ýurek urşy bar,
duwunjegiň ulylygy 10-11 hepdä deň gelýar, diýip kagyza bellap berdi
Çynar daş çykan badyna Parahat
- meniň oguljygymyň ýagdaýy nahili, ösüşi gowy diýdimi
- o nahili oguljygyň bolýara,
- name gyzjagaz diýdimi,aý oguljygym bolmasa gyzjagazym borda, tapawudy name maňa ikisam gerek
- name ikisam gerek bolsa, lukman hem maňa Parahata ikisam gerek bolaýmasyn diýdide, ola maňa ekiz diýdi
- Nämeeeeeeeee ekiz, aý ýoga, ekizmi,waý, goý-a, ekiz diýdimi,çynyň aýtýamyň ekizmi, çynym diýaýdä
- çynym
- ynanamok
- ynanmasaň bar girde soraý
- garaş:- diýdide atylyp lukmanyň otagyna eline kagyzy alyp girip gitdi.
Baş on minutdan ol gapydan çykanda Parahat doly başga adama öwruldi
Adamyň şatlygy, adamy tutyş ösgertýar ekeni,ol ýerde dälde asmanda uçup barýan ýalydy.
Ýol boýy aýdyp aýdyp, ýolda dukan sowlyp, lukman gök önüm kop iýdir diýdi, diýip gök önüm alyşdyrdy, öýdakiler agzyny suýjetsin diýip suýji köke aldy
Parahatyň guş ýaly uçup öýe gelmesi gelnejesiniň janyna ýakmady
- ony nameüçin getiriň diýip sorady
- gelneje, Çynar meniň gelnim,onyň öýiň içinde öz orny bolmaly, sylanşyk iki taraplaýyndyr,men şu öýde ýaşajak bolsam onyň gownine ýekejäňiz hem degmersiňiz, özäm gelneje Çynara lukmanlar gowredakiň ekiz bäbek diýip aýtdy, gaýtam sen oňa komek et, goltgy ber
- dogry aýtýaň oglym: - diýip Parahatyň ejesi olaň ýanyna geldi
- gelin senem, Çynar bilen bir göz iýen ýaly bolma,seniň şu durmyşda maşgalaň doly bolmagyna şo gyz sebap boldy, ýagşylygy bil,Allaň onyň ýagdaýyn gorup ekiz çaga ýolandyr,her bir zenanyň ekizçe çaga dogurasy gelýandir ,ol bagt her kişä ýetdirip durýan däldir,egerde Çynar bolmadyk bolsa, sen bu öýde hazir bolmazlygyň hem mümkindigni unutma,oglyma çaga dogryp bermejek bolsaň, men seni kowup ,ony tazeden öýlendirerdim,men beýtmedim,oglym hojalygynyň dargamagyn islemedim,we emeli ýagdaýda çaga alyp siziň maşgala ojagyňyzy il hataryna goşylmagyna ýardam berdim ,sen ýene Çynardan nagilemi
Çynaryň eltisi sesin çykarmady.
Ol barmana Perhatjygyň
- uraaaa gelnejem geldi,gelnejem geldi diýip ylgap gelşin gorup ol ýumşady, çaga aňyrdan gelşine goni Çynaryň gujagyňa doldy
Parahat
- injik, gelnejeň.saňa iki jigi getirýar
- waý haçan
- ýene şunja aýdan diýip barmaklary bilen çagaň dogulmaly aýyn hasaplap gorkezdi
- waý men oňa çenli mekdebede gitýan,men jigime mekdepden gunde suýji getirip berjega: - diýip jidirdedi ....
Maşgala ýene jem boldy.
Indi bu öýde hiç hili geçmişiň gara tegmillerin ýatlaşup durýan gunlerin ,hiç kim ýatlamady
Maşgala bolyp indi dunýa injek ekizjeleriň dogulmaly gunlerine garaşdylar
Masgalamyz bu gün satlyga barýar
Bagt söýgimiz açyldy gül güllerden
Josup ýüreklermiz heýjena galýar
Bagt söýgimiz açyldy gül güllerden
Agzybirlik höküm sürer durmusda
Ajy söýgim galdy indi gamlykda
Söýgülimi goýman agyr hasratda
Bagt söýgimiz açyldy gül güllerden
Güm boldy durmusda gyzyl ýangynlar
Ýakyp barýardy müñ jansyz duýgunlar
Kalbymyzda indi satlyk baýramlar
Bagt söýgimiz açyldy gül güllerden
Ekiz çagalarmyz geler jahana
Her kimler sat bolar ýürek tapana
Arzuw isleglerim diñe bagtyma
Bagt söýgimiz açyldy gül güllerden. . .
~~~Soňy~~~
Awtordan: Durmyşda her hili ýagdaýlara duş gelmegiňiz mumkin,şol wagt hiç hili howsala duşmaň, darykmaň, her bir zadyň öz çözgüdi badyr.
Ol çözgüdi çözmek üçin Alla bize kelle we beýni beripdir.
Öz aklymyz bilen çözip bilmedik meseleleri öz ýakynlarňyz bilen hokman maslahatlaşyň
Size durmyşda bagt, söýgi ,ynam, agzybirlik isleýan...
Adamyň keşbini söýmäň, onyň ýuregin söýiň
Okanňyza minnetdar
~~soňy ~~
Goşgylar bilen bezan
Avtor:BerDi$.
Gara bägüller (bolan waka 12- nji bölümi
-
muratik
6 years ago
- Bolan waka diyenin goryanmi hekayadyr oytyaler wahaha
-
Nowcha90
6 years ago
- garayolly68 belliklerňiz indiki hekaýalrymda hokman göz öňine tutaryn,
@Sawýer mollym ýok welin kop ýerde halypasyz azajyk koseýan
-
muratik
6 years ago
- Hekayany bolan waka diyyanmi hahaha blaa azyjyk kelle uytgapdir adamlarda
garayolly68 6 years ago- Nowca uyamyzyñ ,,Gara baguller,, hekayasy,elbetde, durmushuñ yowuz tarapynyñ teswirini beyan edyar. Yashlykda mahriban enesinden ayrylan Cynar yashayyshyñ agyr hupbatlaryna doz gelmeli bolyar. Eysem,Cynar nahili gylyk,hasiyetli gyz? Ol durnykly ynsan. Namys mertebesi,mukaddes atanyñ tereza munen omri onuñ buysanc damaryny dartgynly yagdaya getiryar. Eneden ir galyp, ata mahrinden goldaw alyp ulalan nacar gyz agyr yahdayyñ bosagasynda dur. Cunki,ummasyz cykdajy zerurlygy ony heyjana salyar. Ol iki yana urunyar. Atasynyñ omur bijesi gyzyñ pikir,aladasynyñ ozenine owrulyar. Elbetde,hemmede bilyar,yachayysh,durmushda adamyñ cykgynsyz hala dushmeginden peydalanyan,oz bahbidi ucin at gocumini edyan welezynalar kop. Ine,Cynaram caresizlikden sholaryñ nyshanasyna owrulyar. Dunyade atanyñ barlygy bilen gyzlyk mertebesi,namysy tereza goyulyar. Ozunuñ yagty jahana inmegine sebap bolan adamyñ oñundaki perzentlik borjy Cynaryñ añynda owrulshuk doredyar. Ol atasynyñ mundan beylak yashajak omruniñ manysyny mertebeden,namysdan yokary goyyar. Guzeran kemterligi zerarly, yeter yetmezlik sebapli Gynaryñ bu cykalgasyny onuñ gayratlylygy, edermenligi diyip bolmaz. Emma,gyzy binamyslykda da ayyplap bilmeris. Cunki,mahriban pederiniñ kysmaty gyzyna bagly bolup dur.
Hekaya yaman dal. Yone,abzasslar tekstiñ icinde oz manysyna garap, konkret goylan bolanda juda oñat boljak eken. Jumleler nakyllar,atalar sozi,soz owrumleri bilen bezelen bolanda cyrayly gornushde boljak yaly. Onsañam,tebigat peyzajy juda az gorunyar. Personajlaryñ arasyndaky konfliktden emele gelyan dialoglaram kemlik edyar. Adam atlary barada. Cynaryñ mamasynyñ ady yok. Yogsa olam hekayada az hereket etmeyar, goze gorunyan personaj. Parahat hem Perhat. Bular owaz babatda biri birine meñzesh aheñli. Haysam bolsa birini ugtgetmeli eken.
Bu bellikleri awtor tankyt dal de, maslahat hokmunde kabul eder diyenumydym bar.