Çynar sesin çykarman, öýden, hatda eşiklerin hem çalyşman şo durşyna öýden çykyp gaýtdy. Oňa hatda saklan dur diýen hem bolmady
Ol mamasynyň öýine gelip özini düşege oklady. Nämäň nämelihine duşunman mamasy ony gepletjek boldy oda bolmady, ol diňe aglady otyrdy.Içine salyp sessiz gözünden gözýaşlaryn dökdi

Öçmejek hasratlar siñdi durmusa
Baky yzlar galdy durmus ýollarda
Aýralyk alawy basýar duýgyma
Baky yzlar galdy durmus ýollarda

Gahar gazap durmusa böwet boldy
Gara bägüller deý solup gurady
Sönen çyragymdan ömrüm garaldy
Baky yzlar galdy durmus ýollarda

Ajy göz ýaslarym durup bilenok
Çykýan sözlerimem dymyp bilenok
Ýagsy dilegerim kabul bolanok
Baky yzlar galdy durmus ýollarda

Zalym aýralygy gördüm durmusda
Ysk heseri oýun etdi kalbymda
Kalbymda od goýdy ýürek söýgimde
Baky yzlar galdy durmus ýollarda. . .

Çynar gelen gununden başlap ýaraman ýatdy, onyň düşekden turasy gelmedi,hem gyzdy hemde kellesi agyrdy, guýçlije ahyr dumewledi, onyň bokurdagyndan hiç zat geçenokdy.
Diňe bir ogurt suw bilen gun geçirdi.
Onyň ýagdaýynyň agyrlaşmagyndan gorkyp mamasy lukman çagyryp oňa ukol etdirip başlady.
Ol indi bedeniniň gyzgyny galdy diýsek, gaýtaryp gusyp gury ögap başlady.
Lukman oňa
- sende göwreligiň alamaty bar, sen telefizora duşup gel, hasaba goýaýyn, gan azlyga derman bermeli, duňewden doly açyldygyň ,gidip gel diýdi
Çynaryň bolsa hiç ýere gidesi gelmedi, ol diňe ýatdy
Aradan 15-20 gun ýaly wagt geçdi.
Ol aralykda ne Parahatdan ne-de onyň gaýynlaryndan, birden biri onyň yzyndan gelmedi, mamasy Çynaryň duşen ýagdaýyn özi hiç zat aýtmasa-da onyň bolşundan aňdy we
- Çynarjan, guzym Parahata aýt diýip saňa naçe aýtdym, beýle boljagyn aňýardym,bu gun bolmasada erte üsti açyljagy köre mälimdi,bolmasa maňa ruhsat ber men gepleşip goreýin
- Mamajan ol indi adamy diňlemez, onsyz men ýaşap bilemok,men ony söýýan, duşun, ol meniň janym, dem alýan howam, indi ýekeje arzuwym bar, gowreli bolaýadymda erte lukmana gidip geljek, eger gowreli bolsam onda, men bagtym şol çagadan gozlap otyraýmasam
Mende başga umut galmady
Mamasy Çynar bilen ylalaşdy...

Parahat barada aýtsak,
aradan bir aý towerek wagt geçipdi
Parahat şol öýden çykyp gidendensoň gijaň bir wagty agyr içgili öýe geldi, gelşinede Çynary sorady
Çynaryň gidenligin bilip, gaharyna eden işlerin göz öňine getirdi, ol ony şonda-da soýýardi,onsyz durmyşyny göz öňine getirip bilmedi
Gunlerde bir gün, ol öz otagynda wagty ejesi gelip
- Parahat, şu gun bazarda Çynaryň mamasyn gordim, Çynar bilen aýrylyşjak diýip beren dokumentleriň,hemde arzaňy yzyna al oglym
- o nameüçin, meni aldany üçinmi ,ony men janym tenim bilen söýdim ahyry , ýone bu aldawyn welin hiç men bagyşlap bilemok, men ony häzirem söýýan ýone ejejan onyň eden zady bagyşlardan geçendir,näme etjegim bilemok, men name edeýin
- sen hiç zadam etme,arzaňy yzyna al, Çynar göwreli, şu gun mamasy aýtdy, çagany aýyrdaýmasak diýdi, gelni getir, aýrylyşjak bolsaň çagasy bolsun soň aýrylyş ýone çaganyň aýrylmagyna ýol berme, ol seniň nesliň, seniň çagaň: - diýdide öýden çykdy
Parahat ejesiniň Çynar senden göwreli diýen sözine ýerinden bokup turdy we goýa Çynar özinden ar alýan ýaly çagany aýyrtmaga gidip barýan ýaly göz öňine geldi we maşynyna munip goni olara gitdi
Barsa öýde diňe mamasy bar eken, Çynar işine giden ekeni.
Ol onyň mamasy bilen salamlaşyp ,Çynaryň iş ýerine baryp onyň bilen gurruňiniň barlygyn mamasyna aýtdy
Çynaryň mamasy Çynary görmaňkaň ilki bir öýe gir ,saňa meniň aýtmaly zatlam bar oglym, ondan soň sen name etseň edaý
Şeý diýdide ony öýe saldy, bir käse çaý guýup berip
- Parahat, oglym,Çynarjan seni söýýar, onyň söýýani öziň hem bilýaň,maşgalaňy dargatma oglym
- agama emeli çaga edip bereni bagyşlap bilemok,hiç aklyma gelenok
- ýalňyşma oglym, ol agaň bilen bile bolanok,hatda bir birinam görmedik
- bagyşlap bilemok, hiç bagyşlap bilemok
- sen çagam,kakaňy gowy görýämiň,ine meselem seniň ejeň sen iki üç ýaşyňdakaň kesel sebapli aradan çykdy, seni 20 ýaşaýanjaň kakaň eklap saklap seretdi, soň birden kakaň ahyr ölum ýassygynda ýatyr, ölmegiňde edil öňi syrasynda,hany indi sen aýt, kakaň üçin näme edersiň
- şeýle bolsa kakam üçin öz janym bermeli hem bererin,meniň janym onyň janyna jan goşjagyn bilsem, janymy bererin
- ana görduňmi oglym, Çynarjan hem şeýle ýagdaýa duşdi, kakasy agyr keselläp operasiýa edilmeli boldy,oňa ummasyz pul gerek boldy, ol pul bolsa bizde ýokdy,öweý ejeligi iň soňy hem öljek bolsa pul harçlajakdal diýip, Çynarjana pul bermedi.Dogan garyndaşlardan bolsa ýeke teňňede çykmady,soň ol iki ýana urnyp name edendir öýtýaň, öz janyny orta goýyp bialaç kakasyny ölümden halas etmek üçin razy bolmaly boldy
-Nämeeeeeeeeee
- howa, oglym,Çynarjan şeýtdi. Onyň sadadan açyk gowni bar, pikir etme her bir çaga öz ene atasy üçin şeýle urga çydam edip biler öýdüp
Her bir çaga öz kakasy üçin masgaraçylyga kaýyl bolyp bilermi?
Kakasy üçin gyz halyna çaga dogurmaga kaýyl bolyp bilermi?: - ýok, ýok ony her bir çaga başaryp bilmez, kakasy üçin janyny orta goýjak perzent dunýede çyda azdyr
- waaaaah, men nämeler etmedim,indi meni Çynar bagyşlarmyka
- sen, onyň iş ýerine git, ol şu gun işden soň, lukmana gidip göwresindaki çagany,kakasyz önüp ösenden häzirden aýyrtjak diýip gitdi,egerde sen hazir tijenmeseň gijä galmagyň gaty ahmal,ol çaga senki, nikaly ,ene atasy belli,bar çagaň,onyň dunýa inmeginden magrym etme, ýetişjek bol
- Allajaaaaaan,beýle bir bolmaýmanda: - diýip Parahat hoşlaşman howludan atylyp çykdy..


Dowamy bar

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir