Aradan iki aý geçdi.
Çynar bu öýe gelin bolyp gelen gununden kan bir gelinsirap kop otyrmady.
Derrew işine çykdy
Işden gelip öýiň işi bilen bolyberdi.
Ol bu öýe gelen guninden başlap özine çeken zady, oda gaýynagasynyň 5 ýaşlyja ogly Perhatdy
Perhatjyk gelnejesi işden gelenden onyň yzyna duşup onyň ýanda bolýardy.
Täze gelin wagty baý o çagaň tans edip begenşini toý wideosynda görende Çynar haýran galdy
Öýde başga çaga bolmansoň ,öýiň bar agzasy Perhatda, Perhat diýşip gaty gowy görýärdiler
Bularyň çaga saklaýşyny gorup Çynar haýranlar galdy
5 ýaşynda hem bolsa, onyň üçin ýörute tutylan iňlis dili ,rus dili mugallymlar, öýlanden soň Perhat çagalar bagyndan gelenden soň iki üç sagat öýde dil öwrenmek üçin taýýarlaýardylar
Çynarda ony tokarja bolanyndanmy name hiç kim görmankä tutyp , bagryna basyp ogşap, ogşap alýardy.
Perhata bolsa gelnejesi bilen bile bolmak ýaraýardy Perhatyň Çynaryň ýandan gaýtman, onyň ýanda bolyp ýorşi, onyň bilen oýnaýşy, Çynaryň Perhata seredişi, Çynara irmän goşgy baryn ýatdan aýdyp berşi, eltisiniň janyna ýakmady.
Ol Perhata Çynaryň ýanyna barmany gadagan etdi.
Ýoldaşyna bolsa, bu öýden başga öýe göçeli diýip başlady Çynar birhili boldy, ol Perhata çalt öwrenşipdi, we ony gaty gowy görýardi
Howlyň içi giň iki plan uly jaý gapba garşy salynan ,aýak uça çenli ýene ýatak goşmaça hojalyk harytlary salar ýaly jaýlar barka eltisiniň, başga jaý alyp göçeli diýmesini geň gordi
Ol eltisi goçaýse ýeke özi bu giden jaýlary ,işinden daşary öýe gelip , arassa saklap hem biljek daldi
Olaryň goçmegini hiç islemedi.
Aralarynda uryş ýok soguş ýok,ýene iki üç gelin saklara jaýlary barka nameüçin göçjek bolýanyna hiç duşunmedi
Eltisiniň beýle edenni Çynar agşamlyk Parahat işden gelende oňa aýtdy
- Parahat, nameüçin gelnejeň menden Perhaty gabanýarka, ol meniň ýanymda aglaman oýnaýaram, meniň hem ol ýanymda bolsa ýuregim gysanok,men ony gaty gowy görýan,öýde çaga, bolmandanmy name işden gelemde öňumden, ana gelnejem geldi diýip ylgap çykanda, bar ýadowlygym aýrylýar, tuweleme gaty mahirlije, ömri bolsunda herna
- ezizim, sen gelnejemden ýaman görme, gelnejem doganym bilen 11 ýyl ýaşaşyp ,hiç çagalary bolmady, we olar Perhaty , ogullyk aldylar,ýaňy doglan badyna ,bir gyza dogryp taşlap gaçyp gidipmiş,ýeňilkelle gyzlar kanda, söýga aldanyp, göwreli bolyp, soň hem dogryp zyňyp ýören, soň ol çagany agam özine ogullyk edip aldy....
Bar dokumentleri gelnejem bilen agamyň adyna goýlan, hiç ýerde taşlanan çaga ýa ogullyk berlen çaga diýip ýazylmadyk, çaga bolan badyna ol alasamsyk gyz halyna dogran gyza ummasyz pul berip, çagasyny bize satdy, agam dagy, ondan satyn aldylar,ol gyz çagasyny pul üçin olara satdy
Çaga dograna dal seredene, terbiýe berene bagly diýiläşi ýaly Perhat hem edil agama meňzap dur, häsiýetiniň kopisi agama meňzeş, kopisi maňa, eneme meňzeş, soň biza oňa alnan çagadyr hem öýtdemizok, öz çagasy ýaly garaýas...
Çynaryň gulagy gapyldy, ondan soňky gürrüňleriň hiçisinam ol eştmedi
Ol Parahatyň
- Çynarjan ,name boldy ezizim, diýen sözine tisginip gitdi
- hää, yok,yok hiç zadam bolmady, arkaýyn bolaý,pikire batypdyryn
- sen haçan meni, begendirjek, bizem oglanjyk ýa gulpaklyja gyzjagaz alalyda
- bolar, işalla nesip bolsa wagt bir bera, toý edenmize iki aýam doly bolanoga heniz
Parahat Çynaryň hiç zat bolanokla,diýen sözine ynanjagynyda, ynanmajagyda bilmedi...
Dowamy bar