Aý gün tirkeş gurnap geçip durdy. Çynar diplomyny tassykladyp ýörkä Parahat bilen gunde gunaşa görşüp durdy. Bularyň bir birine bolan söýgusi gun geldiçe hasda berkeýardi. Indi olary hiç kim bir birinden aýryp bilmejegi hakdy.
Bular goşa gumry ýaljak bolyp mydama bile gezerdiler
Sagaman diplomlaryn tassykladyp hersi bir ýere işe ýerleşdi. Çynar obadaky mekdebe himiýa mugallyma bolyp, okuwçylary okadyp başlady. Indi ol Parahaty öňkisi ýaly kän görup bilenokdy, ikisiniň hem işi bardy, işden gunde jogap hem almak bolanokdy, soň olar diňe hat alşyp jaňlaşyp başlady
Bu aýralyga Parahat uzak çydap bilmedi, ol Çynary ejesine aýdyp olara gudaçylyga gitmegini haýyş etdi
ejesi bolsa öz deňimiz dal, men garyp ýeriniň gyzyny duluma gelin edip getirip bilmen diýdi. Parahatda hiç hili çykalga bolmansoň, ejesiniň diýenni Çynara nadip aýtjagynam bilmedi.
Çynar bolsa garaşyp goreli belki razy bolar diýip Parahata gowünlik berdi
Bir gun Parahat öýe gelse ejesi
- oglym seni indi öýermeli wagt boldy şu gyzlardan birin saýla men olara gudaçylyga gitjek diýip 4 sany natanyş gyzyň suratyn gorkezdi
ejesi
- ine şu saryýagyz gyz prokroryň gyzy, ine bu gyzyň kakasy banka hojaýyn,bu iki gyzyň kakasy uly söwdegär,: - diýip gyzlary dälde gyzyň kakalarny tanyşdyrdy
- eje men gyza dalde onyň kakasyna öýlenmelimaý, bularyň içinde sada öý hojalykjy gyz ýokmy, meniň Çynarym ýaly mugallyma-da bolsa bolýar, elbetde ýok sebabi saňa ejejan gyzlar gyzyklandyranokda olaryň puly gyzyklandyrýar, men bularyň hiçisinam alman mende Çynarym bar bolar şo maňa, ol mensiz ýaşap bilmez mende onsyz, egerde siz gownemeseňiz men öýlenjegem dal, ýone Çynarda durmyşa çykmaz, alsama şo gyzy alaryn bolmasada mužerret ötaýjek, bu meniň iň soňky sözim,indam Çynarlara gudaçylyga gitmeseňiz men onyň.elinden tutyp goni öýe getirýän
Oglynyň çyny bilen darygyp aýtýany ejesi duýdy we niýetin goýbolsun edip nirdesiň Çynarlar diýip saçagyn alyp ýola duşdi
Gudaçylyk işleri kan bir uzaga çekmeli bolmady. Bar zady göz açyp salymda bolyp geçen ýaly boldy. Toý saheti alyp toýa başladylar
Parahat uçaýjak bolýady, indi ol Çynary gunde öz ýanda görmeli boljagyna begenip ,begenjiniň çagi ýokdy
Bularyň toýlary uly dawara bilen uludan tutyldy, çar ýandan gelen myhmanlar, kursdaş joradyr dostlary, tans oýnap hezil etdiler.....

Dowamy bar

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir