5 ýyldan soň.
Çynar daşary ýurtdady
Ol ýokary okuw jaýynda okap, onyň iň soňky ýyllarydy,ýene sanlyja aýlardan diplom işlerin ýazybermelidi. Iň soňky ýyly bolansoň ol öz kursdaşlary bilen Rossiýanyň gözel şäherlerine aýlamaga gyşky dynç alyşda planlaşdyrýardy.
Ol öýine eli diplomly gelmegi arzuw edýardi,arzuwyna ýetmegine sanlyja aýlar galypdy
Talyplara gyşky dynç alyşa jogap berlende olar ýörute aýlanmaga gitdiler
Gezelenç gunleri diýseň ajaýyp ýatlamalary içine alyp geçýärdi.
Daşary ýurt talyplary bilýandir, kursdaşlar bolyp aýlamagyň,gezelenje gitmegiň öziçe lezýeti badyr .Adamzat ömruniň iň ajaýyp, iň gowy döwri bu döwri içine alýandygyn hemmämiz hem bilýäris.
Çynar gezelençde wagty gadymy ýadygarlik muzeýlerni gormani howes etdi we ol öz jorasy bilen oňa gitdi
Ol muzeýiň içine aýlanyp ýorka, gözi bir gara gapjyga duşdi we jorasy bilen ony alyp ,bilesigelijilik bilen içini açyp gördi, onyň içinde az owlak pul, daşyna kagyz dolangy wyza kart,we gara saçly görmegeý oglanyň kiçijek suraty bardy
Ol eýläk beýläk aýlanyp, gapjygyň eýesin gözleşdirdi,jorasy
- Çynar, kartynyň kody bilen bir ýerde goýýan akmak yigit kimka, ýa kartyn boşadyp goýalymy: - diýip kikirdedi
-Goýaweri joram birniň zadyn alyp bolmasa, ol hem özimiz ýaly talyp öýtýan, öziňi onyň ýerinde goýyp gör hany, janyňa ýakarmyka
- oýun etýanle gyz
- beýle oýun etme, turkmen ýigde meňzeş bu ýigit
- ohoooo, janalaý bu gözel gyzlar, bu gapjyk menki, tapana sowgat hem bar diýip, gapdalynda duran bir güli eline alyp, ýylgyrjaklap bir ýigit bulaň ýanyna geldi
- toba,lakgylygyn munyň
- gapjyk menki, ynanmasaňyz, içindaki suratym bilen deňeşdirde göraýiň:- diýip eýläk beýläk ýöredi, içinde-de 150$ 3000 e golaý rubl, birnaçe sanyny bilemok teňňe we wyza kartym bar
Gyzlar dymyp durdy. Ol ýigit bulara gezek berer ýaly daldi
- gyzlar geplaňdä, ýa ýalanmy meniň hasabym
Çynar
- mee dogan gapjygyň, bizem seliý ohranniý edip eliňe gowşyrýas
- minnetdar öz ilimiň sonalary
- lakgyllamada alda gapjygynda şu ýerden, tozaa
- gaharlanma gözel gyz, tozadym: - diýip ýöräp ugradyda birden yzyna öwrülüp
- men Parahat siziň adyňyz kim
Ol barmana Çynaryň jorasy
- bizem Ülçe we Gülçe indam ýore ýolyň bilen Çynar duryp bilman
- men Çynar bu Aýtaç
- tanşanyma şat öz ilimiň sonalary belki sizi çorege çagyrmalydyr,ana şojagaz ýerde naharhana bar, natýar razymy
- yooooooooook
- bolýaaaaa, bolýaaa gulagyma deşdiňiz, bet ekeniňizle, çorege çagyrsam dagy şular meni tutyp urjagam
- gidaý indi lakgyldap durman
- gitdim gyzlar, pokaaa
-Dälimi namemi nähilaý toba
- yokla gyz, alasamsyk,kiçijekgä sallanjakdan köpürak ýere gaçypdyr: - diýip gülşüp bu iki jora gaýtdylar
Çynar bolýan ýerlerine gelip gije ýatjak bolanda ýene şol ýigdiň ýylgyrşy, gepleýşi, şadyýanlygy hiç ýadyndan çykarmady ol ýuwaşjadan
- Aýtaç
- hä name boldy
- hälki ýigit
- aşyk boldyňmy
- ýokla gyz
- onda nä
- birhili ýaman alçajykda, şadyýan,görmegeý, gara saçlary göziniň birine duşen wagty kellesini silkip goýberşi özine gelişýar, bezeg berýar
- eýwaa, söýgiiiiii
- goýsana gyz söýgi name işlesin ýone özime çeken zady aýtdymgyz
- söýgäm şeýdip başlaýarda
- aý ýoga
- howa
Çynar dymdy. Ol o gun duýşinde Parahat bilen kän gepleşdi, onyň bilen aýlamaga gitdi,onyň bir zatlar gurruň berip gepleýşini, gülşüni synlap durdy, onyň şadyýan gülküsine tisginip turdy
Ol ýatan ýerinde öz gören düýşünden özi utandy.Göýä Parahat bilen açan açan gurruň eden ýaly duýdy. Ýakymly duýga özini aldyrdy. Ol öz özinden öz kalbynda dörän bu duýgyň lezzetinden aýňalyp bilman kellesin ýaşşyga berip kan ýatdy
Aýtaçiň
- tur gyz aýlamaga gitýas diýen sözinide eştmedi
- Giwwww agyzzz sen aşyk boldyň a ,boýnyňajyk alaý
- bilmedimdä, ýone meniň bilen ýene şol muzeýe gidip bilmersiňmi
- name biz baranymyz bilen onyň barjagyny bilýamiň,onyň bizde telefon nomerama ýok,okaýan ýeriniň adresam ýok
Çynar ol oglanyň özelenip telefon nomer soraýşyn ýatlady,ýeri şo wagt beräýdä nomeriň,indi ony nädip bu uly şaheriň içinden tapjak
Çynaryň şol wakadan soň kan gezelenç bilen höwesi bolmady ,naçe çalt gaýtsa şonça gowy gördi.
Ol ýanyndakylary hem gyssap alyp gaýtdy
Umumy ýaşaýyş jaýyna gelip hem onyň ugry bolmady
Öýlerine jaň etdi, öweý ejeligi, uýasy bilen gepleşdi soň.kakasy, mamasy bilen gepleşdi. Şondada ýüregindäki gyssany aýryp bilmedi.
Ol indi doly öziniň şol ýigdi söýenligin aňdy....
Dowamy bar