Çynaryň pikir edişi ýaly hem boldy. Olar Çynaryň aýy guni dolyp ýakynlan gununden ony doly gözegçilige aldylar we bir hokga çykaraýmasyn diýip ýanynda şol arada duran geýniwli aýal ,onyň bolýan jaýynda ýatyp turdy
Wagtynyň ýakynladygyja Çynaryň çaga bolan enelik mähri oýandy we ol hemme kişi ýatandan soň ol bir hatjagaz goýyp gaçyp mamasynyňka gaýtdy
Irden turyp onyň ýatýan otagynyň gapysyn kakan ol aýal, içerden hiç hili ses üýn çykmansoň içiri girip gorse Çynar ýokdy, zahräsi ýarylan ýaly iki ýana ylgap ony gozledi, hazir ony on onbaş minutdan tapmasa ol baýlar jaň edende name jogap bermeli boljagy barada oýlandy.
Stolyň üstunde duran haty eline alyp haýdap okap başlady
- gelneje naçe kyn hem bolsa men indi çydamok, men çagamy berip biljek dal,maňa beren pullarňyzy men size gaýtararyn, jaýyň,maşynyň açaryn welin stolyň üstundaki kasejigiň içinde goýandyryn. Sagbolyň we bagyşlaň"
Ol aýal haty okap hasyr husyr eşigin geýdide onyň gözlegine çykdy
Onyň bu ýagdaýda nira barjagyny ol aňýardy we goni onyň mamalaryna bardy
Ol taýdan Çynary tapyp zor bilen alyp gaýtdy. Çynar gaýtmajak bolyp aýak dirap dursa-da, çagaň dogulmaly wagty bolansoň ,duýdansyz ýerden döran guýçli agyra çydaman urnyp başlady. Gyssagly hassahana getirildi we çaga bir ýyl bari garaşyp ýoren ol baý aýala jaň etdi
- salam, siziň agtygyňyz sanlyja sagadyň dowamynda dunýa inýar siz gelniňizi alyp gelmegiňizi haýyş edýäris "
Olar kan eglenmän geldiler
Çynar kan urynmaly bolmady onyň çagasy dunýa indi,çaga oglanjykdy.Ol çagany Çynaryň eline berman ol baý aýal öz gelni bilen ýerini çalyşdy we çagany onyň elinden alyp, berilmän galan gepleşilen summanyň galan ummasyz bölegin we jaýyň, maşynyň açaryn konwerte salyp onyň eline tutdyrdyda, elinden çagany alyp gitdiler.
Ozal hem zordan otyran Çynar namaň näme bolany göz açym salymda aňman galdy
Onyň bu ýagdaýda duşenni diňe mamasy bilýardi başga hiç kim hem bilenokdy ,sebabi ol öýlerine, iş üsti bilen uzak ýerlere iş sapary bilen gitmeli diýip gaýdypdy,her aýda hem ummasyz puly öýine ugradyp durypdy
Onyň mamasy Çynary öz öýine alyp gaýtdy. Çynar ilki gunler çagany ýatlap kan aglady ýone edip biljek zady ýokdy, ol çagany kime berenini hem bilenokdy, ol diňe arada duran aýaly tanaýardy, ol baý aýaly, onyň gelnini, we oglyny hem tananokdy,olary görmandi
Şeýdip çagany özi dogurmadyk ýaly etdiler, ol baýlar dokumentini duzeldip alyp gitdiler
Çynar bolsa hiç kime arzyny aýdyp bilmän, bar güýji diňe göz ýaşlaryna ýetýardi, kime aýtjak, kime aýdaňda-da arada gepleşilen ummasyz pul bar ahyry, ony nirden tapyp diklejek
Çynar alaçsyz galyberdi ....
Dowamy bar