Aý gün tirkeş gurnap geçip durdy.Altyn öz boýdaşlaryň köpisi daşary ýurda okuwa gidýäni gorup oda öýe gelip ,okajaklygyn aýtýar. Muňa ejesi razy bolýar, kakasyny hem yrýar
Şeýdip Altyny baryn ýok edip daşary ýurda okuwa iberýaler.Öweý ejeliginiň Çynary dälde öz gyzyn okuwa ibermegin mamasynyň janyna ýakanok. Çynaryň mamasy olardan azyrak daşda, ýolyň gyrasynda ýeke ýaşaýardy, we gyzyndan galan ýeke dikraryn şeýle bir gowy görýardi. Çynarda mamasynyň öýi işden gaýdanda ýolyň gyrasynda bolansoň ony gunde diýen ýaly eýläk beýläk geçende hokman gorup geçýärdi
Ol
- Çynarjan, guzym senem okuwa gidaý, menem pensiýamdan saňa pul ugradyp duraryn,seniň hem okamagyňy isleýan, şu benzin guýjy bolyp gyz halyňa işlap ýörsiň welin tekiz halamokda, ol bir oglanyň işi ,gyza gelşenokda,ýone natjek aç hem ölmeli dälda, bir iş tapylsa oglan gyzy ýok diýip işlenip ýördä,oňada duşunýan
- Mamajan sen gaýgy etme men gaýbana tabşyrjak ,menem okaryn uly adam bolaryn, ynamyň ödarin
- wah, balam seniň ejeligiň gownemez
- göwnär,göwnär gaýgy etme, okamasam hem işim bara işlar ýorerindä
- wah Allajan saňabir gowja ýigit duşaýadyda
- Mamajan gaýgy etmesene
- bolýa balam
- Mama men gideýin gija galýan
- sagaman işle
- bolýa, hoş gal
Çynaryň yzyndan seredip, geçen gunlere ýadyna salyp pikire batdy
Çynaryň bolşy, gulşi,owadanlygy,ýuz keşbi,edilje ejesidi. Her gezek Çynary gorende gyzyn ýatlaýardy, ýone natjek durmyşda, munda hemme zat bolyp geçip dur
Çynar öz işi bilen başagaý bolyp ýordi
Günleriň birinde kakasynyň karhanasyna uly barlag gelýar, ol gelen adamlar karhananyň hasabat bölüminde tapylan uly ýetmezçilligiň ustuni açýar, ol ençe ýyllap bile tirkeşip çaý çorek iýen dostunyň eden işleriniň barynyň üsti açylýar we karhana döwletiň haýyrna geçirilýar ,ýetmeýän zatlaryň baryn hem töletýaler, şeýdip onyň bar emlägi, bar pul ýasajak zatlaryn elinden alynýar.
Ol basylman zordan sypýar. Elinde uçynda zat galanok
Bu duýdansyz guýçli urgy kakasyna ahyr degýar we şo taýda ol özinden gidýar. Ony hassahana ýerleşdirmeli bolýar
Çynar kakasynyň renimasiýada eltilenni eşdip iş ýerinden, işin ýoldaşlaryň birne tabşyryp ylgap gaýtýar, onyň duşen ýagdaýyn gorup aglamakdan ýaňa gözleri çişip gidýar
Kakasy welin özin bilman ýatyrdy
Lukmanlar barlag geçirensoňlar ony gyssagly operasiýa etmeli, bagyr serrozy, bagryn çalyşmaly diýip aýtýalar ,özam gyssagly etmeli hazir Germaniýadan hunarmenler barka ony etmeli diýip aýtýalar.Şol operasiýa bolmasa onyň uzak ýaşamajaklygyn duýdyrýalar.
Çynar gözlerinden ýaş akdyryp nira urynjagyn bilenok. Öýdaki barja pullaryn jemlesede oňa ýeter ýaly daldi, onyň üstunede ejeligi Altynyň okuwy üçin pul ugratmaly diýip ojagaz pulyň hem ýarsyn alyp galýar...
Şeýle agyr günlerde Altyn hem okuwyna doly gatnamanlygy üçun ,okap ýoren ýerinden iki ýyl okanyndan soň çykarylyp, oda öýine gelýar.Iberlen pulyň barsyna özine ony muny alyp kül edip gelýar
Çynaryň bolsa Altynyň ýagdaýyna duýgudaşlyk bildirmagede eli degenok ol öz kakasynyň ýanda bolýar, lukmanlar bar gitde öýiňde ýat diýsede, kakasynyň ýatan ýeriniň oknosynyň daş ýüzinde ýatýar,ýene lukmanlar ony karidorda ýatmada ruhsat berýaler
Çynar puly jemlejek bolyp hemme garyndaşlaryna aýlanyp çykýar, hiç kimden pul ýok, bary onyň karhanasynyň çokenligi üçin beren pullary yzyna gaýdyp gelmez diýip gorkyp berenoklar
Soralman galan ýekeje kakasynyň dogany bardy, ahyr ondan hem soraýar ol bolsa
- pul ýok bolsa, operasiýa na gerek, berlen ýaşy ýaşarda, gyz halyňa iki baka ylgap pul diläp ýormede jan berýançä ýanda bolarlar
Bu sözi eşdip Çynar o taýdan uly ili bilen aglap gaýtýar, pul bermeseň hoş söziň bir gysganma-da, ýok diýende-de basyp aljak gumany ýok ahyr
Hassahana geldi, kakasy iki gezek tutgaý tutupdyr, lukman hokman operasiýa bolmasa bolanok diýýa
Çynar kellesin tutyp otyrka, bir geýnüwli zenan maşgala
- size zerur pul gerekmi? - diýip soraýar
- hawa, kakam agyr, hiç kimden komek ýok, mendede onça pul ýok
- men komek edip bilerdim, ýone bir şert bilen
- gelneje men ähli şerde kaýyl ,kakam ölmese bolýar,
- onda tur meniň bilen
- bolýa,aýt şertiňi
- onda diňle, seniň islegiň boýunça işlan pulyň beriler,maşyn, jaý hemme zat ,oda ustune, sen bir ýyla golaý öýden daşda ýaşamaly borsyň, öýiňe dogry gelip gidip bilersiň ýone ondan arkaýyn bol
- aýt men name etmeli
- sen, bir tutjar baýyň uly oglynyň 11 ýyldan bari çagasy bilanok şoňa myrasdüşer emeli ýagdaýda ýagny ýanaşyk geçman çaga dogryp bermeli
- Nämeeeeeeeeeeeeeeeee

Dowamy bar

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir