Köňül içre aý dogup,ýalkym salsa göwnüňe,
Haýyr donly pikirler görer ýoda-ýoluny.
Hoş niýetli oýlaryň, eger, gelse amady,
Seniň aýaň içine döker bary-ýogyny.

Beleň alyp sen ondan, galkyndyryp ruhyňy,
Nazaryňy dikersiň asman giňişligine.
Görersiň ak bulutlaň gökde gaýyp ýörşüni,
Synlap duran görnüşüň dartarsyňöz demiňe.

Ýaradanyň ak niýetden döreden ak niýetin,
Ekiz-ekizden dogrup, köpelmegin islärsiň.
Ak bulut dek ak zatlaň garalaňam içinden,
Gündüz ýiten monjuk deý tapylmagyn islärsiň.

Gara Ýolly

Köneler, garayolly68 tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir