17-nji asryñ soñlarynda anyk bolmadyk belli bir senede, Garrygala (häzirki Magtymguly etraby) we Marawadepe etraplarynda «Giñjaý» diýen bir ýerde Gökleñleriñ Gerkez tiresinden beýik Magtymgulynyñ 3-nji arkasy Döwletmämet molla ýaşapdyr. Ondan takmynan 1654-nji ýylda Magtymguly diýen perzent dünýä inýär. Ömrüni agaç ýonma we ussaçylyk bilen geçireni üçin, onuñ «Ýonaçy» lakamy bolupdyr, ol az-owlak şygyr hem aýdypdyr. Ylmy, jany-teni bilen söýýän Magtymguly ýonaçy, garyplyk zerarly mekdebe gidip bilmän, baryp orta ýaşlarynda öýlenýär we ondan 1700-nji ýylda Türkmen halkynyñ alym ogly, Garry molla lakamly, Döwletmämet ”Azady” dünýä inýär.
♧ Döwletmämet ilkinji okuwyny obada tamamlap, ýokary ylym almak üçin Hywa gidýär we birnäçe ýyldan soñ uly alym bolup, pirlerinden ak pata alyp, Gerkeze öwürlip ol ýerde mekdep açýar. Döwletmämetdan «Wagyz-el azat», «Hekaýet-e Jaber we Ensar», «Monajat nama», «Behişt nama», şeýle-de öz goly bilen ýazyp, parasatly ogly Magtymgulynyn kämilleşdirmegi bilen «Muhteser» atly dini eser ýädigär galýar. Magtymgulynyñ nebirelerinden Ata işanyñ aýytmagyna göra bu kitaby 2-nji jahan urşy ýyllarynda Orsýetiñ Gürgen şäherinde konsuly bolup işlän Gylyç Kulyýew özlerinden amanat hökmünde alypdyr, soñra bu kitap Aşgabada alnyp gidilýär. Döwletmämet «Wagyz-e azat» eserinde dürli sosial kynçylyklara garap, ylym we düşünjäniñ ösmegini, garyplardan arka çykylmagyny, ýollaryñ, köpürleiñ we akar ýaplaryñ abadanlaşdyrylmagyny öñe sürýär.
Döwletmämediñ eseri köplenç «Moýin-el morid» we «Gutagu bilik» eserleriñ äheñinde aýdylypdyr.
♤ Döwletmämmet Azadyñ, Orazgül diýen aýalyndan Abdulla, Muhammetsapa, Magtymguly, Seýit, Gahyrguly, Gulça, Zubeýda, Hurma we Orazgül bolýar. Abdylla bilen Muhammetsapa ýaş wagtlarynda Çowdurhan bilen, Ahmatşa Dürranä kömek bermek üçin söweşe gidip, gaýdyp gelmeýärler. Magtynguly doganlaryna bagyşlap: «Bular gelmedi» diýen elegiýany döredýär. Döwletmämmediñ Gahyrguly diýen oglundan Garaja molla, Garaja molladan Bürre molla, ondan Annagurban ahun, ondan Nazarmämet işan, ondan Annagurban işan, ondan Gara işan, ondan Magtymguly häzir Türkmensähranyñ Jergelan böleginiñ Gerkez obasynda ýaşaýar. Hurmadan bolsa şahyr Gurbandurdy Zelili dünýä inýär.
Döwletmämet Azady 1760-nji ýyda pany dünýäden baky dünýä göç etýär. Magtymguly «Atamyñ» diýen goşgusynda bu waka barada şeýle diýipdir:
«Altmyş ýaşda, nowruz güni, Low ýyly,
Tusdy ajal, ýoluñ tutdy Atamyñ,
Bu dünýäniñ işi beýlemiş belli,
Ömrüniñ tanabyny kesdi Atamyñ.»
Belli bolan maglumatlara görä türkmeniñ görnükli şahyry Magtymguly 1733-nji ýylda (häzirki wagtda 1824-njy ýylda doglan diýlip görkezilýär)* ýagty jahana inip, takmynan 1790-nji ýylda Marawadepäniñ Küren obasynyñ gündogaryndaky Aba-sary diýen çeşmäniñ kenarynda aradan çykyp, Aktokaýda atasynyñ ýanynda jaýlanypdyr.
«Bilmeýän soranlara aýdyñ bu garyp adymyz,
Asly Gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.»
♧ Belli Venger/ Majar alymynyñ (A. Wamberiniň) 1863-nji ýylyñ 13-nji Aprelde Kümüşdepede bolandygyny we onuñ Gyzyl ahun lakamly Myrat diýen türkmen alymy bilen tanyş bolandygyny bilyäris. Gyzyl ahun hakynda Wamberi şeýle ýazypdyr:
«...Gün-günden adamlar bilen gatnaşygym köpelýärdi, sözleri geçýänleri tanşyp ugradym, olardan iñ möhümi hem köp peýdasý ýeten «Gyzyl ahun» lakamly Myratdy. Ol taýsyz tebip bolup, bütin tire-taýpalaryñ arasyna gatnaýardý hem tanyş- bilişleri köpdi. Buharada okap gelen Gyzyl ahunuñ Ystambul türkçesinde ýazylan Gurhanyñ teswiri kitaby bardy. Onuñ aýtmagyna görä, Gökleñlerden bolan Magtymguly takmyn 80 ýyl mundan aradan çykypdyr. Türkmenler Ony öwülýalar kimin sylaýarlar...»
Alym adam bolan hem-de Buharada okan Gyzyl ahunyñ sözleri ynamly bolup görünyär. Ylaýtada-da şol döwürde Hywa bilen Etrek-Gürgen arasyndaky esasy gatnaw ýoly Balkan bolupdyr. Şol esasda, Şahyr baradaky habar ilki bilen bu ýerlere ýaýran bolmaly. Eger-de 1863-den 80-i aýyrsak Magtymgulynyñ aradan çykan ýyly 1783-e gabat gelýär.
Şahyryñ Jergelandaky nebrelerinden merhum Gara Işan Muhammediniñ 1985-nji ýylda maña şeýle diýipdi: «Gerkezlerden, diñe atam/kakam Ata işan ak aşyny berdi, hat-da Magtymguly-da ak aşyny berip bilmändir.» Diýmek Şahyrymyz 60 töweregi ýaşan bolmaly.
Magtymguly başlangyç ylmy, atasyndan alýar, soñ bolsa Hywanyñ belli Şirgazy han medersesine okuwa gidýär. Şahyr ol ýerde üç ýyl okandan soñ, dogduk diýaryna gaýdyp gelýär. Käbir rowaýatlara göra şahyr Halajyñ Idris-baba medersesinde hem okapdyr. Rowaýatlara göra, ol Buharada okap ýören döwründe, Siriýali Türkmen Bahyr ogly Nurykäzim bilen tanşyp, bilelikde Türküstanyñ köp ýelerini syýahat edip, Kabulyñ üsti bilen Lahura çenli zyýarat edenmiş. Şahyryñ «ilkinji kuwwat tapyp», gazal aýytmaga başlamagy göýä 9 ýaşynda «Turgul diýdiler» goşgusy bilen başlanan eken.
♧ Magtymgulynyñ ýaşan döwri 18-nji asyr- Türkmen halkynyñ iñ galagowuply döwüri bolupdyr. Bu ýagdaý 1736-nji ýyldan soñ ýagny Nedirşa özüni Eýranyñ şasy hökmünde jar edenden soñ has-da çylşyrymly bolýar. Nedir tagta geçenden soñ guduzaçan ýaly goñşy halklaryñ üstüne gan döküşikli çozuşlar edýär. Onuñ ganly gylyjy Owganystanda, Hindistanda we Türküstanda şowurdap, günäsiz oturan ilatyñ üstünden inýär. Şol esasda Hywa, Buhara hem tabyn edilýär. Elbet-de Nediriñ ganly ýörişleri türkmen halkynyñ üstünden hem sowa geçmedi. Özüniñ syýasy özbaşdaklygyny saklamak Türkmen halky üçin ýeñil düşmedi. Magtymguly öz goşgularynda Nediriñ ganly ýörişlerini berk tankyt gamçysy astyna alýar. Şahyr, şa bilen aldym-berdimli söweşe girýär. Rowaýatlara görä, Magtymgulynyñ golýazmalary, Gyzylbaşlaryñ şol talañçylykly ýörişleri netijesinde ýok bolupdyr. Nedir şa, 1747-nji ýylda öldrülýär. Ol ölenden soñ gol astynda bolan ýurtlary üstünde häkimiýet ýöretmek ugrunda ganly göreş başlanýar. Şeýle göreşleriñ netijesinde Owganystanda Ahmat Dürräni özüni şa diýip yglan edýär we öz häkimiýetini berkitmek üçin iki gezek hat üsti bilen Türkmenlere ýüzlenýär. Eýranly taryhçy Saniý-et dowle öz «Mätle-ol şämes (Dañ şapagy) atly eserinde–kitap daş basma görnüsünde Tehranda çap boldy– bu hatlary getiripdir. Hatlar Gerkez han-begleriniñ adyna ýazylypdyr. Çowdurhanyñ baştutanlygynda Döwletmämediñ iki sany ogly Muhammetsapa bilen Abdylla, söweşmäge gidýärler we gaýdyp gelmeýärler. Magtymguly Atasyndan rugsat diläp, doganlarynyñ gözlegine çykmakçy bolýar, emma iki oglunyñ ýoguna ýanylan D. Azady oña rugsat bermeýär. Şahyr öz «Oglum-Azadym» goşgusynda bu hakda ýatlapdyr.
♧Magtymguly ýaşlygyndan daýzasynyñ gyzy Meñlä aşyk bolýar. Aýdylşyna göra Meñliniñ hakyky ady Ýañybeg bolup, Magtymguly yşyk syryny ile ýaýmajak bolup, onuñ adyny Meñli diýip tutupdyr. Meñli(Ýañybeg) Medet päliwanyñ gyzy eken. Magtymguly, Hywada okap ýören döründe Meñliniñ «Şyhym Harpyga» berilýändigini eşidip, onuñ bilen eden ähdi-peýmany ýatlap, «Nowruzdan seni» diýen otly setirleri ýazýar.
Rowaýatlara görä, şahyr göýä uruşda wepat bolan agasynyñ aýaly–ýeññesine öýlenenmiş. Ýöne munuñ beýle bolup bilmejegini aýdýanlaram bar, sebäbi yslam dininyñ ähli kadalaryny oñat bilýän Döwletmämet, giden oglundan doly habar gelýänça, onuñ maşgalasyny beýleki ogluna nykalap bermez, uruşa gidenlerden bolsa habar-hatyr bolmaýar. Magtymguly soñra Akgyýz bilen durmuş gurýar, ondan Ybraýym bilen Molla Bäbek dogýar, emme olar hem ir dünýäden gaýdýarlar.
Dowamy bar...
Akmyrat Gürgenli Taryh ylymlaryñ kandidaty
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÖMÜR ÝOLY BARADA MAKALA
-
GaRa_TmyN
6 years ago
- Sag bol! Dowamyna howes bn garasyas
AHALLY 6 years ago- A. Goliniň Magtymguly baradaky indiki makalasy ählimiz üçin has gyzyklydygyny aýtmagy özüme bagt bilýän. Çünki indiki makalada Magtymguly Pyragynyň adyna salynan käbir goşgular barada bolar