Dowamy3
Kakasy gurrun bererdi: «Adamyn her egninde bir perisde oturarmys-da, bira mydama gowulyga undarmis,beylekisem - erbetlige» diyip. Guljemalyn gownune,pysyrdap duranam sol perisdelen biri yalydy. Beylekisi welin,name ucindir dymyardy...
Ogully enelerin kopusi,biri-birinden bihabar, Guljemaly eyyam oz yanlaryndan beylesine gecirip goyupdylar. «Tuweleme, Guljemal meni gorse,yaman gadyrly gorusyar...» diyip, oglanlaryn atasynynam gulak etini guradardylar. Yzyndanam: «Name gorusman! Sukur, hemme zadymyz bar, oglumyzam bir yigitden kem dal. Bizinki yaly oye dusse,gyzlaryn armany name?» diyip ynjalardylar.
Obanyn yigitleri hat usti bilen-u dil usti bilen Guljemala habar gatardylar. Olaryn icinde sazandasam bardy,göyendesem,uzynam bardy,keltesem. Kasym yaly, «iki adamdan yasalanam bardy» bardy. Ol dagy,ysgy yuregine sygman,garypja kepbesinin icinde iki yana gatnanda,dulda asylgy duran dutary ãpet gowranin yelginine «zaryñ-ñ-ñ» edip, oz-ozunden owazlanybirdi. Dutar dagyny basa düsüp,hyruç bilen çalanda, dutar janawaryñ jany bokurdagyna gelibiýrdi.
Ya-da,ynha,in barkisi, Anna. Anna gowky. Aýaklarynyñ arasyna gübser* gysdyrylgy yaly ya-da uzak ýol söküp gelip, yañyja atdan düseniñ aýaklary yalydyr welin, so-da «Guljemal» diyilse, yuzuni boz-yaz edip dur.
Guljemalyn welin ahlisine jogaby birdi: yurekden josup cykyp yuregini sarsdyryp baryan bigam gulkudi. Muna-da her yigit ozuce dusuner. Kimsi: «Pah,menem yeser-ay, iki agyz sozde Guljemaly guldurip,icini gyrdym-ay» diyip pikir etse, basga biri: «Guljemal yaman josup guldi welin,mende gowni yogam dal oydyan» diyip gylawlanardy. Gylawlanyp,elini ak gosara tarap uzatdygynam, isin gaytdygy. Isde bisisen saldamly eller eline bir patlap deger welin...Yap-yanam yyldyz yaly sugla sacyp duran goreclerden bolsa gazap ody cabranyandyr. Eline dal,yuzune urlan yaly bolup, yza donersinem welin, yensanden onkudenem has uytgesik bir jakgyldy esidiler. Ol jakgyldy seni yerden alyp,yere sokar.
Wah, Guljemal....Onyetene yetdirmejek gork sende bolsa, akyl sende bolsa, cola yerde yeke oturan öÿ sende bolsa, gapdaly lummurdap akyp yatan yaply, usti Ayly goja tut sende bolsa, söÿ-dä birini sayla-da! Bir erbet yeri, yarak itin bar! Yone sen bir gezejik «Yit»! diyay-da itine... Yok, diyayenok.
Gaytam, Alabayyn yabsynyp uyrmesem onun gulkusini tutdyryar.
O gulkulerem indi añyrda galdy.

*Gecinin ya-da golanin hamyny butewiligine sypyryp,eylap,gollaryny,ahli desikleri pugta danyarlar-da,yel beryarler. Derya boyunun adamlary ona «gubser» diyyarler. Gubseri ayaklaryn arasynda berk gysyp, sonun bilen yuzup deryadan gecyan adamlar bar eken - Awtor.

* * *
Otuzynjy yyllaryn baslarynda bu obada Dowlet atly bir yetim yigit peyda boldy. Geldi-de,obanyn bir cetinden kepbe tutup yasaberdi. Yanrak gurlan kolhoza bada-bat agza bolup, sonun gara isi bilen yykylyp-turuberdi. Obanyn toyy barmy, yasy barmy- baryp, dik ayak ustunde durup hyzmat etdi. Seydibem,ilki bilen, obanyn yasulularynyn gownuni awlady. Akyl bermagi, owretmegi halayanlar-a: «Tuweleme, ses-uyni yok, maslahat bersen maslahatyny alyar,nesihat etsen-nesihatyny» diyip, ony owerdiler. Akyl bermegi halamayalaram: «Tuweleme,sesi-uyni yok,pylan isi nadip etsemkam diyip,depani desip duranok, oz-ozi ugruny tapyp, edip yor» diyip, bularam ozuce owerdiler.
Hatda Akynazar yekeoylem «Anha,sondan adam cykar» diyip, guwa gecipdi.
Ogully enelerin onun yetimligine yuregi awardy.
Gyzly eneler onun lakgy-lukgy, yenil-yenles daldigini halardy.
Yigitler ony ysk meselesinde basdeslikden dasdalygy ucin gowy gorerdiler. Yone Dowlet olary aldady,ahmal galdyrdy, ãt goydy. O-da Guljemala icinden asyk bolupdy. Yone ol, beylekiler yaly, Guljemalyn yeke cykaryny peylap ya-da hat cyrsajak bolup,azara galyp yormedi-de, oz wepaly «soyuzdaslaryna» - yasulylara arka diredi.Seydibem utdy.
Kakasynyn ummuldesyan adamy Samyrat aga bilen yene birki sany yasulynyn bir gun oz oylerine gelsi Orazyn yadyna dusyar. Biraz salym ummuldesenlerinden son, Samyrat aga ilki Guljemala,sonam Orazjyga seretdi-de:
-Sakgaldas, bir gurrun bar!-diydi.
Akynazaram onun sereden tarapyna seredip oturysyna:
-Guljemal, Oraz, baryn,mal-gara goz-gulak bolun! - diydi.
Sonda, Guljemalyn tabsyrygy boyunca,eyleden-beyleden kowsowlap gecyan Orazyn gulagyna «Dowlet» sozi kan degipdi. Mellegin ayagujynda galpyldap duran Guljemal,yumsa giden jigisi denine gelip-gelmanka:
-Name?Name diyyarler? - diyip sorayardy.
-Ay,«Dowlet,Dowlet-a» diyyarler
-Basga hic kimi diyenoklarmy?
- Juk.
- Bar,onda yene bir gezek aylanyp gel...

(dowamy bar)

Köneler, Gowjam tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir