"Eytjekdim,beytjekdim" diyen bolmasam bir haki bos bahana,gury haybat-da...
-Kaka, o Hüñkar diyyanin Gorogly ölensonam ölmanm-ay?
-Hä-ä-äy,oglum, Hüñkara ölme yokdur. Hudaya-da dine gowsy gerekdir, oglum....Yany gorkmadyn dami,oglum?
-Azajyk gorkdum.
-Ay, su wagt azajyk gorkanyn zeleli yok. Son gorkmazyn ucin aydyan men yanky zatlary....
Goroglynyn ruhuny gozgap, son onun onunde durmak ansat ismi! Yanky gurrunler, tagta sekinin ustunde ayaklaryny yorgana sokup oturan Akynazar yekeoylinin barja ysgynyny alyar. Ol namejal halda basyny yassyga goyberyar,gozlerini calarak yumyar. Ak mytgal koyneginin bagjyksyz yakasyndan gornup duran budur-sudur kukregi tiz-tizden galyp dusyar. Son-son onun dem almasy kadalasyar, gozleri has pugtarak yumulyar. Onun gapdalynda cugutdyryp oturan Orazjyk kakasynyn yuzune seredyar-seredyar-de,sonrak:
-Kaka, yatdynmy? - diyip sorayar.
Akynazar yekeoyli gozuni acyar, hayallyk bilen tirsegine dayanyar:
- Yok,oglum,yatamok. Äy, yatmakdanam irdim.
Bularyn towereginde bolsa yekeoylinin yeke gyzy, yany boyy yetip, goze gornup ugran Guljemal ylgaslap yorendir. Onun Gorogly bilenem, gep-gurrun bilenem isi yok. Haydaslap yorsune, birden sakga durya-da:
-Hã, ilki ojaga ot yakayyn! - diyip, ojaga tarap ylgayar. Ojagyn ody tutasyp-tutasmanka-da: -Wiy, oni bilen hamyr yugrayyn-a! - diyip, oye kursap uryar.
Bularyn ejesinin - öy bikesinin yogalanyna uc-dort yyl bolupdy. Sondan barem Guljemala "Pylan is et" ya-da "Pylan etme" diyyan adam yok. Sonun ucinem,ol ertir turan badyna, oz-ozune gorkezme berip, ylgap baslayar.
Kopden bari dusekli yatan Akynazar agadyr, yasajyk Oraz bolsa Guljemalyn edenine kayyl. Bir zat bisirip getirse, iyyaler. «Kir yuwjak» diyse, biraz salym oyurganysyp bolup oturyarlar-da, Guljemal oye giren badyna,koyneklerini cykaryp ugrayarlar. Son Orazjygam kalasynyn yorganyna sumyar-de, yorganyn desiginden jyklap, Guljemaly garawullap baslayar. Guljemal denlerinden geciberdigi, yorgandan iki sany koynegi cykaryp:
-Guljemal,me! Caltrak gurasyn! - diyyar.
...Bularyn bary indi anyrda galdy.
* * *
Birwagt, yer-suw paylasygy bolanda, Akynazar suwun golaylygyna goz gyzdyryp, ullakan yabyn edil alkymyndan mellek tutyndy. Son onun oyunin beyleki gapdalyndan uly yolam dusdi-de, Akynazaryn mulki yap bilen yolun aralygynda galyberdi. «Senem yolum bari yuzune gecay-how!» diyselerem, Akynazar gownemedi. « Dowlet tapan, cagalarymyn gobek gany sinen yerimden men gocmayin-le» diydi. Seydibem, ol «yekeoli» lakamyna eye boldy galyberdi. Yogsam, «biri Magrupda, biri Masrykda» öy tutup otyranlar basga-da gyt dal welin.....
Akynazaryn ozem birazajyk kecjalrak,birazajyk ozdiyenlirak adam bolup,herna oz diyenine gulak asmany gowy gorerdi. Bir sebap bilen seni jyny almadymy,onsan ozun gowy adamdygyna guwa gecip biljek yuz sany sayadyny towellacy iberay ustune, bolmaz. Senin yuz sayadyn yuzusinem dinlar-de; in sonundanam: «Ay, gowy bolsa gowydyr, yone ondam adam bolmaz!» diyer. Gutardy. Onun bu gylyklaram yeke galan öyun ustune urna bolanson, «Yekeoyli» lakamy adamlaryn seyle bir hosuna geldi. Onsan, ozi yok yerde, hatda ayalynynam cyn adyny tutman,«Yemeoylinin ayaly» diyip basladylar.
Orazjygam dunya inende,"Yekeoylinin ogly" diyen lakam bilen bile indi. Ol agy-garany az-kem saygaryp baspanson, bu lakamy esidende, ony juda yaramaz bir sozdur oydup,aglayjak-aglayjak bolardy.
Ony diysen, dilsiz/agyzsyz janawarlar name, solaram: Akynazaryn sygyrdyr esegem, goyun-gecisem, hatda towuk-towsanam biguna yerden sol lakama ulasyp galdy.
Guljemal! Dine Guljemal sol lakamdan halasdy. Ona bey diymage,name ucindir,hic kimin dili barmazdy. Ilki-ilkiler yek-tuk diyen tapysa-da, son tapylmady. Onun Guljemal diyen yeke-tak ady bardy. Ona"Guljemaldan" basga at dakanyn agzy gysarayjak yalydy.
Garaz, ozunin bu oydakilerden uytgesik,ayratyn adamdygyny Guljemal juda ir andy. Onun gowune,kimdir biri: "Guljemal,sen owadan,sen uytgesik, sen gayratly! Sen hemmelerden bagtly bolmaly. Bagtly!" diyip,gulagyna irginsiz pysyrdap duran yalydy. Onsan bu "pysyrda" gowni josup,ol kate sahelce zada-da jak-jaklap gulerdi. Gulkinin bahanasam,koplenc, Orazjyk bolardy. Seyle halatlarda Orazjygam, uly adam yaly,yuz-gozuni cytysdyryp:
-Nama gulyan,samsyk?! - diyip "kayinerdi".
Jigisinin agrassyran bolup otursyny gorup, Guljemal has gaty gulerdi.
" Gul,Guljemal,guluber! Sen gulman - kim gulsun..."

Köneler, Gowjam tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir