Rejepmyrat Durdyýew çagalar we ýetginjekleriň ýazyjysydyr. Ol 1946-njy ýylda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda doguldy. Edil beýleki oba çagalary ýaly mekdepdäki bilimini zähmet bilen baglanyşdyrdy. Okuwdan soň boş wagtlary oba meýdanynda suw tutdy, otag otady, pagta ýygdy. Orta mekdebi tamamlandan soň, iki ýyl obada işledi. 1964-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girdi. Şol ýyllardan ol döredijilik işine girişýär. 1969njy ýylda uniwersiteti tamamlandan soň, «Pioner» we şuňa meňzeş gazetlerde işleýär. Häzir ol «Magaryf» neşirýatynyň işgäri.
R. Durdyýewiň ilkinji kitaby 1976-njy ýylda «Sähra ýyldyzy» ady bilen çap edildi. Bu powestinden soňra ol çagalaryň we ýetginçekleriň durmuşyna degişli «Oragatdy» (1978), «Nowça» (1980), «Mukaddes der» (1981), «Men baharda gelerin» (1983), «Durmuş bosagasy» (1983), «Ilkinji bahar» (1984), «Durnalar gaýdyp gelende» (1985), «Torgaý owazy» (1991) ýaly birnäçe kitaplary döretdi. Rejepmyrat Durdyýew uly baýragyň eýesi.
Rejepmyrat Durdyýewiň «Oragatdy» powesti ýazyjyny aýratyn meşhurlyga eýe etdi. Bu eser türkmen okyjysyna ýetensoň: Moskwanyň «Detskaýa literatura» neşirýatynda 1983-nji ýyly rus dilinde çap edildi. Soňra Germaniýada nemes dilinde çykdy. Powestiň şeýle adygandygyna garamazdan ýazyjy ony bütinleý ýaňadan işledi. Eseri has hem çeperleşdirdi, täze täze wakalar bilen baýlaşdyrdy. Täzeçe öwüşgüne eýe bolan powest 1991-nji ýylda ikinji gezek neşir edildi.
Powestde Annakdyr Meleje ýaly çaga, Dürje ejedir Töremyrat mugallym ýaly uly adamlaryň täsin obrazlary ýiti ýumoryň üsti bilen çeper açylyp görkezilýär. Belli çagalar ýazyjysy Nury Baýramow: «Men şu powesti okanymdaky ýaly, şeýle çynym bilen hezil edip gülenim ýadyma düşenok. Bu örän uly zat. Bize häzir esasy ýetmeýän zat şol ajaýyp gülküdir» diýip, uly baha berýär. Powest diýseň ýeňil okalýar. Dili çeper. Meňzetmelere baý, böleklerdäki «aşygyň alçy gopmak», «soňuna sogan ekmek», «toýnagyny gyzdyrmak», «ýalkasa ýaz, gargasa gyş» ýaly ganatly söz düzümleri eseriň täsirliligini has-da artdyrýar.
Alynan çeşme: Rahman Klyçew, Nurýagdy Gurbanberdiýew.
Edebiýat: Umumy bilim berýän mekdepleriň 6-njy synp okuwçylary üçin okuw kitaby. Daşkent. 2013 ýyl.
Taýýarlan: Gurban Geldiýew.
garayolly68 6 years ago- Rejepmyrat Durdyyewiñ kan eserlerini oz wagtynda oran gyzygyp okayardym. Ol juda tasirli yazyardy.