Cyn gulka garrama yok. Sonun ucinem,ol islendik adamy yigdeldip hem-de korpejeleri ullakan adam yaly edip bilyar. Gulki ceper eserdaki janly adam hasiyetleri,durmus,omur hakdaky cunnur pikir yoretmeler bilen utgasanda,ol eserin many-mazmunyny,suwelenliligini has-da artdyryar.
Komek Kulyyewin bu kitabyna saylanyp girizilen eserlerinin hemmesine,umuman,bu yazyjynyn tutus doredijiligine seyle hasiyet,seyle ceper utgasma mahsus.

POWESTLER.

YETIMLERIN BAYRAMY.
196...-nji yylyn may ayynda, Yenis bayramynyn on yanynda, Garayetim obasyndaky 1...-nji orta mekdepde dabaraly yygnak boldy. 
Dabaranyn sonunda baga bakylan okuzca calymdas,gozleri gyzyl, yas direktor okuwcylaryn arasyndan,cope jan biten yaly horja oglanjygy saylap aldy-da,orta cykardy:
- Hormatly yoldaslar we okuwcylar! Bizin hokumetimiz, sol sanda bizin mekdebimizin direksiyasy yetim cagalar barada ullakan atalyk aladasyny edip duryalar. 
Gurruldili el carpysmalar.
- Hut sona gora-de,mekdep direksiyasy yetim okuwcy Hudayberdiyewe oz fondundan...
Direktor soze dyngy berip,gapdala seretdi. Onde oturanlaryn biri yerinden turup, nah matadan tikilen penjekdir balagy direktoryn eline tutdy.
-...su kostyum-jalbary mugtuna pesges bermegi karar etdi.
Sowhunly el carpysmalar.
- Okuwcy Hudayberdiyewin, oz bilsiniz yaly,hazirki wagtda ejesem yok.....
El carmysmalar.
- I, kakasam yok...
El carpysmalar.
Direktor balagy oglanjygyn eline tutdyrdy, penjegem, toy serpayy yaly edip, onun egnine yapdy.
Gurruldili el carpysmalar.
- Indi bolsa, yoldaslar, okuwcy Hudayberdiyew bu atalyk alada jogap edip,ozunin minnetdarlyk sozuni aydar!
Umsumlik.
- Aydywer, Hudayberdiyew!
Dym-dyrslyk.
Bir seretseler,okuwcy Hudayberdiyewin gozlerinden duwme-duwme gozyas togarlanyp-togarlanyo gidyar.
"Begenjinden aglayar" diyip, ulular pikir etdi.
"Direktordan gorkup dur" diyip okuwcylar oylandy.
Hudayberdiyewib bu atalyk alada begenman,gaytam,aglap durmasyna direktoram hic dusunip bilmedi. Okuwcylaryn biri muna dilini gorkezyandir ya basga bir hokga cykaryandyr oydup,ol oturanlara tarap alarylyp seretdi. Yone dilini cykaryan yok. Gaytam"Gorkma,Hudayberdiyew!" diyen manyda has hyjuwly el carpysyp basladylar.
- Name bolyar, Hudayberdiyew? - diyip, direktor oglanjygyn egninden tutdy-da, calaja silterledi.
Oglanjyk bolsa dik yokaryk seretdi-de, birden "U-u-uw...." diyip, dasyndan aglap ugrady.
- Name bolya-how, Hudayberdiyew?
- U-u-uw....
Onunky aga-da dal-de, giden colustanlykda, Ay ysygyna hen yalnyzlyga cydaman, depa cykyp, uwlap duran caga mojegin uwwuldysyna calymdasdy. Seyle yagdayda, kate, hol alysdan "U-u-uw..." diyen jogabynam gelaymesi, teselli beraymesu bardyr welin.... Yone muny dine mojekler edip biler.
Oturanlar el carpysmasyny goyup, pakyrda berdiler.
Birdenem, duydansyz-oslagsyz, bir cetden "U-u-uw!" diyen jogap geldi. Oturalaryn inleri tikeneklap gitdi, bary sol ses gelen tarapa owruldi. Gorseler, bu dabaranyb hormatly myhmany, hazir oz gezeginde urus dowrunin kyncylyklary hakda gurrun bermeli Oraz copan goni Hudayberdiyewe seredip, utanman-zat etman, ac-acan "uwlap" otyr.
- Yeri, size name bolyar yoldas Akynazarow?!
* * *
30-njy yyllarda Garayetim obasynda Akynazar yekeoyli diyen at bilen uytgesik bir rawy* yasap, onun uytgesikligem,esasan,iki sebapden ybaratdy. Birinjiden-a, ol omrune il onunde coke dusup, erteki ya dessan aydan adam dal, aytjak adamam dal. Onun dunyade yeke-tak bir dinleyjesi bar. Ikinjiden, ol dessanlaryn,ertekilerin dine heniz aydylmadyk yerlerini aydardy. "Ana, sonun su yerini hic kim aytmandyr-ay" diyip, ozem gen galardy.
- Hawa, Gorogly gozuni bir acsa, toweregi tum garanky diyya, gapdalyny sermelese, ejesi yatyr diyya uzyn suynup,edil diri yaly, yone diram dal. Ata diyenin-a birwagt guma garylyp,sunkleri sirmayy bolan.
- Garanky bolsa, onun gozi nadip gorduka? - diyip,Akynazar yekeoylinin sol yeke-tak dinleyjisi, bas-alty yaslaryndaky Orazjyk kakasynyn gurrunini bolyar.
-Garankyda doglan caga garankyda gormese bolmaz-a....Howwa, onsan Gorogly gorun bir cetini gazyp ugrapdyr, gazyp-gazyp, uc gun diyende,gorden cykypdyr. Cykypdyr-da, ot-coplerden agza yakar yalysyny iyip, gorun towreginde oynaberipdir. Gundiz-a onusmazca dal welin, gijelerine esek yaly-esek yaly itler gelya diyyar hynranysyp, asyl her biri atlyny agdarjak,duyelini dunderjek. Adam teninin ysyny alan yanky adamhor itler Goroglynyn ejesinin gorune hujum edip ugrayarmys welin, gordenem bir bela atylyp cykagada,ac arslan yaly bir topulyar diyya,asyl ozlerinin ceni-caky dalmis. Aly-y-yp barya diyya. Onsan itler " Assa gacan namart" diyip, uwlasyp,dukurda berayyamis. Gorogly "It ursunam" sonda owrenen bolmaly.
Bir gunem gorustanyn golayynda yekegezer, yekegezerligi sebaplem yekeje owlagyny gurda aldyran bir geci otlap yor eken. O-da, yanky gorden emedeklap-emedeklap cykan tuyli belany goryar-de, "Owlajygym bolaymasyn yene su" diyen pikir bilen,assa-assa basyp, onun yanyna gelyar. Ay, Gorogla-da geregi sol, ozem nace gunun gyzyl ajy, hasyr-husur yanky gecini tutyar-da,emya muny. Son her gun gunortana golaylaberende,geci eydirip, yelinleri ayagynyn arasyna sygman ugrayar diyya. Onsan,janawar,aljy yok,suruden saylanyp gaydywermeli-da. Sonam,haywan bilen caganyn dili bir bolmaly. Adam balasy ene-atasynyn diline dusunmanka,haywanatyn diline dusunmeli. 
Anha,seydip,yetimlikde osup,kemala gelen bolmaly Gorogly begem. Yogsam ol Gorogly boljakmy, il-gune arkadag - hossar boljakmy diy! Su, dusman diyenin, yyrtyk balakdan dokulen yaly, kyrk munden- kyrk munden dokulip dursa-da, eger-eger sarsanok diyya, yone bir garybyn ya yetimin aglap duranyny gorse weli, goram-gowsak bolup, den bagyrybir eken... Ay, galanyny son bagsylardan esidersin, galanyny olar bilyandir.
Yone, ynha, in sonunda-da bir aydylmaly yeri bardyr, onam aydyp bereyin.
....Googly begin kellesini ala gyzylbaslar, hil bir gala alan yaly bolsup, Hunkar sanyn huzuryna surup bardylar diyya. Bularyn gelya habaryny esiden Hunkaram in gowy atyny munuo, atiyacdan ok-yaragynam dakynyp, yasawul-candawulyna, garawul-arawulyna,mohurdae,sahyp-emeldarlaryna cenli yanyna alyp, hoja, kazy, nayyp, hokmanylarynam yygnap, gelyanlerin onunden cykan.
Hunkar, gosunbasyn ganjygasyndan asylgy halta garap, "Sumi?" diyen. "Howwa, sahym,su!" diyenden,Hunkar guduz it yarana donen:
-Ha, birtopar galtamanyn soltany,esek ogrust, Gorogly zannar! "Yigrimi mun, altmysyna bir basym" diyip, yaman kukreyadinle, sumi indi so basyn? Ya basyny etegine salyp gelsinmi su? "Surdum,armanym galmady", "Gucdum,armanym galmady" diyip, panlayadyn welin, bir armanyn galan eken-ow, Hunkar sanyn atynyn toynagyny ogsamak armanyn bar eken-ow! Hany, silkin yere zannaryn kellesini! - diyip gygyran. Gosunbasam haltany basasak silken welin,gazan yaly,cal kelle Hunkaryn atynyn onune atylyp dusen. Muna hayyaty goterilen sa aty-da urkup, carpaya galan welin,onem ahmalrak oturan Hunkar zannar atyn ustinden yere patlap dusen.
Hunkaryn ust-basyny kakysdyryp,yamasgan ata munduripdirler welin, Goroglynyn kellesi birden gozuni acyp,geplaberipdir:
-Olemsonam, seni bir atdan agdardym, indi armanym yok- diyipdir. - Yone bir ahmyr welin bar - diyipdir. - Menin gowram bassyz, basym gowresiz galany hic, yone ilim yetim galdy, ana, men sona gyylyan - diyipdir. - Emma welin, sen Hunkar, indu gurdun gundiz uwlar oydyansin, uwlamaz - diyipdir. - " Yetim oglan it bolar, olmese yigit bolar" - diyipdir-de, gozuni yumupdyr. Su, bizin oban Garayetim ady-da sondan galan bolmasa diyjek boly-y-yp durun....
- O name ucin "Gara yetim"?
- Ay, tuys yetim diyildigidir-da. Howwa, onsan, Hunkar pasa yene atdan agyp gaydyweripdir diyya. Asyl, hali, jansyz kelle gurlap ugranda, ozunden gidayen eken zannar.
Son, halki Goroglynyn kellesini getiren nokerlerinin baslarynam sonun ucin kesdiren, bir kelle sebapli iki gezek atdan yykylanyna yaman jany yanan-da. "Eytjekdim, beytjekdim"diyen bolmasam bir haki bos bahana, gury haybat-da...

Köneler, Gowjam tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir