Abdyrahym Zynhary 1791-nji ýylda Esenmeňli obasynda eneden dogulýar. 1880-nji yylda şahyr ýogalypdyr diýip maglumat berilýär. Zynharyn nebereleri Esenmeňli obasyndan tapmak bolar. Zynhary edebi mirasy onlarça liriki, satiri-şygyrlardan ybarat bolup, oňa şahyrçylyk babatda beýik klasyklar gowy täsirini ýetiripdir. Zynhary özüniň şygyrlaryny dürli temalarda düzüpdir. Hakyky real dünýede oňat ýaşamaga, söýgi arkaly berk maşgala gurmaga bagyşlananlary ("Akyl-huşy ýagşydyr", "Sendedir"...), açgöz baý-süýthorlary, bozuk Emir-hanlary, göknar-tirýekkeşleri berk tankyt edenleri ("Ýyldan gitdi", "Nesihat etmejek ýaly", "Göknary", "Galyp baradyr", "Galan gelende") bar. Zynhary özüniň baý lirikasynda mertlik-namartlyk, edep-tertiplilik, oňat terbiýe ýaly meselelere-de aýratyn üns beripdir ("Muhannesiň eden işi gerekmez", "Pul bolsa", "Ýigitler". Zynharynyň keşbini  gepe çeper, dili duzly,  nesihatçy,   parasatly  şahyr hökmünde suratlandyrýarlar. Ony bir şahyryň: Ýagşy ogul, biliň köňül çagydyr, Mysal-gözüň garasy hem agydyr, Ýaman ogul şirin jana ýagydyr, Boýnuň büker, billeriňe zor geler -setirleri-de tassyk edýär. Taýýarlan. Babamyrat Jumakulyýew.

Köneler, Gurban93 tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir