Tanymal türkmen ýazyjysy, şahyr, alym.

Oraz Ýagmyr (Orazdurdy Ýagmyrow) Ylmy-barlaglary bilen türki dünýäsiniñ tasawwuf alymlaryny, umumy türki edebiýatyny Orta Aziýada tanatmaga çalyşan adamdyr.
1947-nji ýylda dogulýar. 1972-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini (şol wagtky Maksim Gorkiý adyndaky) okap tamamlaýar.

Ilkinji romany "Duman daganda" 1989-njy ýylda neşir edilýär. Romanda ýokary wezipeli döwlet işgärleriniñ mafiýa bilen hyzmatdaşlyk edip nähili pyssy-pyjurlyklary edýändikleri barada batyrgaýlyk bilen söz açylýar. Eser neşir edilen badyna okyjylar tarapyndan satyn alynyp gutarylýar. Ýazyjynyñ ikinji romany "Magtymgulynama" 1992-nji ýylda neşir edilýär.

1994-nji ýylda meşhur dessançy Gurt Ýakubyñ ömründen söz açýan kitapçasy neşir edilýär. "Garajaoglany kim zyndandan çykarýar?" atly makalasy (1990), "Saçlaryñ gara dälmidir?" (1994), "Gumry seslim nirdesiñ?" (2007) atly kitaplary öñ Türkmenistanda gadagan edilen Garajaoglanyñ halk arasynda we Orta Aziýa boýunça söýlüp okalmagyna sebäp boldy.
Ýazyjynyñ "Men Atatürk" atly kitaby (1999) kitaby Mustafa Kemal Atatürk barada söz açýar. Möwlana Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Hajy Bekdaş Weli hakynda kitaplar ýazdy we " Türki dünýäsiniñ şygyr antologiýasy" atly kitap neşir etdirdi. Türk şahyrlarynyñ birnäçe eserlerini türkmen diline terjime edýär.

Türkmen halkynyñ arasynda Ependi ady bilen giñden tanalýan Nasreddin Hojanyñ täze degişmelerini toplap 2010-njy ýylda "Gülki dermany" ady bilen Kiprde neşir etdirdi.

Aşgabatda Mehmet Akif Ersoýyñ, Garajaoglanyñ, Möwlana Jelaleddin Rumynyñ, Ýunus Emräniñ, Mustafa Kemal Atatürkiñ günlerini geçirmegi gurnady.

Oraz Ýagmyryñ Azerbaýjanda neşir edilen "Garabagly enäniñ perýady" we Özbegistanda neşir edilen "Degirmen daşy" atly goşgular kitaplary hem bardyr.

Türkiýede "Yşk damjalary", "Nury Halmämmet", "Gaýgysyz Atabaý" romanlary neşir edildi.

Edebi hyzmatlary üçin 1999-njy ýylda Türkiýe Respublikasynyñ Prezidentiniñ "Liyakat" baýragy berilýär. Şeýle hem 2005-nji ýylda Türkiýäniñ Tarsus şäheriniñ "Bäş Altyn" baýragy, 2009-njy ýylda Türkiýäniñ Ýazyjylar birleşiginiñ ýörite baýragyna mynasyp bolýar.
Iñ soñky kitaby Türkiýede neşir edilen "Bozgurdyñ balalary" atly goşgular kitabydyr.

Taýýarlan: Has Türkmen.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir