Aga Teke 1935-nji ýylyň 10-njy fewralynda Tejen etrabynyň «Birleşik» daýhan birleşiginde dünýä inýär. Ol obasyndaky doly däl orta mekdebi tamamlap, 1949-1953-nji ýyllarda Çärjewdäki (häzirki Türkmenabat) orta lukmançylyk mekdebini, 1953-1959-njy ýyllarda bolsa Türkmen döwlet Lukmançylyk institutyny tapawutlanan diplom bilen tamamlapdyr.

Aga Teke Tejen şäheriniň hem etrabynyň keselhanalarynda lukman- trawmatolog, bölüm müdiri, baş lukmanyň orunbasary wezipelerinde işläpdir. Aga Teke 2000-nji ýylyň başyna çenli Tejeniň şäher keselhanasynda işläp, soňra dynç alşa çykypdyr. Asyl käri lukman bolsa hem, halk içinde ussat şahyr hökmünde tanalýar.

Aga Teke şahyryň dört ogly, bir gyzy bolup, ol on bäş agtygyň atasy. Şahyr özüniň "Bolmagyn" goşgusynda:

Soralsa sözle bilşiňden,
Okaman biljek bolmagyn —

diýip ündeýşi ýaly, hemme çagalarynyň ýokary bilimli bolmagyna ýardam edipdir.

Aga Teke bilen saçakly gatnaşan professor mugallymymyz Nazar Gullaýew oňa: "Aga Teke biziň döwrümiziň klassyk şahyry" diýip baha beripdir

Dogrudanam, Aga Teke klassyk şahyrlarymyzyň stilinde — murapbag-dörtleme, bäşleme görnüşinde goşgular ýazýar. Ýöne ol klassyk şahyrlarymyzyň goşgy düzüliş stiline doly häzirki zaman öwüşginini berip, ony döwrebaplaşdyrdy. Mysal üçin, şahyryň:

Saglyk bolar bu durmuşyň gözbaşy,
Dünýä dardyr sagat janyň bolmasa.
Adam doýmaz berseň müň dürli aşy,
Saçagyňda bugdaý nanyň bolmasa —

diýen setirlerini okanyňda, goşgy klassyk stilde bolsa hem onuň häzirki döwürde ýazylandygyna köpler şübhelenmese gerek.

Aga Teke şahyryň döredijiligi tema baý. Ol:

Alp Arslan dek algyr gurduň,
Jelaletdin ýaly merdiň,
Garaşsyz, Bitarap ýurduň
Döwlet dili meniň dilim.
Aga aýdar, guwan, ilim —

diýip, halkymyzy ene dilimizi, Watanymyzy, är gahrymanlarymyzy söýmäge, guwanmaga çagyrýar.
Şahyr "Bolmasa", "Bilmez sen" ýaly ahlak temasyndaky goşgularynda adamlara «eýtmeli-beýtmeli» diýip, gönümel öwüt bermän, halkymyzyň däp-dessuryna esaslanyp, adam edebiniň belentligini wagyz edýär:

Ýüregiň sap sakla ile garasaň,
Alkyş ýagar toý-ýasyna ýarasaň,
Lukman bolup, syrkaw halyn sorasaň,
Dert ýeňlemez derman sözüň bolmasa.

Ýa-da:

Aga diýr, aýby ýok garyp bolanyň,
Beterdir baý bolup garyp öleniň,
Doýurmaz diläniň, mugt alanyň,
Rysgal ojagynda paýyň bolmasa.

Aga Teke şahyr Gündogaryň beýik akyldary Jelaletdin Rumynyň "Bolşuň ýaly görün ýa-da görnüşiň ýaly bol" diýen pähimini döwrebaplaşdyryp, "Bolmagyn" goşgusynda şeýle diýýär:

Her ýagdaýda öz bolşuňdan
Üýtgeşik boljak bolmagyn.

Şahyr her bir ynsanyň Watan üçin janyny orta goýup, mert bolmagyny arzuwlaýar:

Watandan aýama janyň,
Gaýgyrmany döküp ganyň,
Mert dur öňünde duşmanyň,
Baş egip öljek bolmagyn.

Aga Teke şahyryň döredijiliginde zenana hormat, ene temasy aýratyn orun tutýar. Onuň iki ýüze ýakyn goşgularynyň ellä golaýy bu tema degişlidir. Ol:

Gözlermi açyp görenim,
Mähribanym, eziz enem.
Baky guwanyp söýenim
Mähribanym, käbäm enem.

Ýa-da:

Janyndan janym ýaradan,
Her ädim goldap ýöreden,
Terbiýe berip sereden,
Mähribanym, eziz enem —

diýip, enäni ynsanyň enä söýgüsini dabaralandyryp, sada dilde wasp edýär. Şahyr "Enem janyň çöregi" diýen goşgusynda:

Dolduryp desserhany,
Garşy alýar myhmany,
Toý saçagmyň soltany,
Enem janyň çöregi—

ýaly setirlerinde halkymyzyň ene hem çörek mukaddesligini bütewileşdirip, özüniň ussat şahyrdygyny subut edýär. Aga Tekäniň döredijiligi hakynda gürrüň edilse, onuň "Pyragydyr" diýen goşgusynda beýik akyldarymyz Magtymgula hormatyny ýatlamazlyk mümkin däl:

Türkmen ilim adyň arşa
Alyp çykan Pyragydyr.
Edebiýatda belent gerşe,
Tugun diken Pyragydyr,
Arşa çykan Pyragydyr.

Aga Teke ýaşlygynda kakasy ýogalyp, ýetim galýar. Öýünde dokuz çaganyň ikinjisi bolan Aga Tekäniň ýaşlygy uruş ýyllarynyň hupbatly yzlaryny dikeldiş döwrüne gabat gelýär. Bu ýetim oglan ýetginjek ýigitkä, il içinde adam sanyna goşulmagy arzuwlap, halkyna hyzmat etmek üçin döwük-ýenjigi bejerýän-trawmatolog-lukman hünärine eýe bolýar. Bu günki gün diňe bir Tejen şäherinde däl, ýurdumyzyň dürli künjeginden: "Meniň elim ýa aýagym döwlende, ony Aga Teke lukman şahyr bejerdi" diýip, buýsanç bilen ýatlaýan adamlarymyz barmak büküp sanardan köp.

Megerem, Aga Tekäniň ussatlygy onuň halkyň sada dilinde joşýanlygy üçin bolsa gerek. Şonuň üçin Aga Tekäniň ýüze ýakyn goşgusy, has dogrusy, döredijiliginiň tas deň ýarysy aýdyma öwrülip, Bally Hajyýew, Akyş Saparow, Atabaý Çarygulyýew, Rejep Ulugow ýaly halypa estrada bagşylarymyzyň repertuaryny bezäpdi. Onuň "Bolmasa", "Ýetende", "Garrytma meni" ýaly goşgularynyň sözlerine döredilen aýdymyny aýtmadyk bagşyny tapmak kyn bolsa gerek.

Aga Teke şahyryň goşgular kitaby 2009-njy ýylda "Ylym" neşirýaty tarapyndan çykarylypdyr.

Sadadan gelen bu zehinli ynsan öz sözüni, sesini il-ulusymyza ýetirip, häzirki zaman şahyry hökmünde halkymyzyň ýadynda galyp biljek az sanly şahsyýetlerimiziň biridir.

Köneler, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir