1. Salam edebiniň birinji esasy musulmanlaryň bar bolan ýerine giren adamyň şol ýerdäkilere salam bermegidir. Kurany Kerimde “Eý iman getirenler! Kesekiniň öýüne eýelerinden rugsat soraman we olara salam bermän girmän” (Nur 24/27) buýrulýar. 2. Köpçülige salam berip barmak we salam berip gaýtmak sünnetdir. (Tirmizî, istizan 15.) 3. Musulmanlaryň şygary bolan salamy tanalýan-tanalmaýan hemme musulmana bermek Hezreti Pygamberimiziň tabşyrygydyr. (Sünen-i Ebu Davud, 5196 nolu hadis.) 4. Duşuşan iki adamdan ýaşy kiçisiniň ýaşy ula, sany azyň sany köpe, ýöräp barýanyň oturana, ulaglyň pyýada salam bermegi Resulullanyň öwreden edebindendir. (Buhari, istizan 5; Ebu Davud 5198, 5199 nolu hadisler). 5. "Sizden biri (din) dogany bilen gabatlaşsa, oňa salam bersin. Eger bir agaç, diwar ýa-da ulurak daş aralaryna düşüp, täzeden gabatlaşsalar oňa ýene-de salam bersin” (Sü nen-i Ebu Davud Terceme ve Şerhi, Şamil Yayınevi: 16/499) hadysyna eýerip, her gabatlaşykda salamlaşmak sünnetdir. 6. Zenanlara we çagalara-da salam berlişi ýaly hatyň üsti bilen salam berip, salam almak hem sünnetiň goýan edebindendir. (Müslim, selam 5.) 7. Musulman bolmaýanlar bilen gabatlaşylan ýagdaýynda Resulullanyň maslahatyna eýerip ilki olaryň salam bermegine garaşyp, salamyny alanyňda-da “we aleýke (saňa-da)” diýmek bilen çäklenmek bolar. (Ebû Davud,.5205 nolu hadis). Eger musulman ilki salam bermeklige mejbur galsa “Salam dogry ýola eýerenlere bolsun” (Taha 20/47) diýlip biler. Yslamyň beýik alymy Fahreddin Razi hem öz tefsirinde salam bilen baglanyşykly şulary belläp geçipdir: (Razî, et-Tefsir-i Kebir, X, 215-216). 1. Salam bermek wajypdyr. (en-Nisa 4/86). 2. Salamy gaýtarmak köpçüligiň içinde parz-y kifaýadyr. Içlerinden biriniň jogap bermegi beýlekileriň boýnundan borçlulygy düşürer. Ýöne hemmesiniň gaýtarmagy has gowusydyr. 3. Salamy nagt gaýtarmalydyr. Aradan köp wagt geçeninden soňra gaýtarylsa dürüs bolmaz. 4. Hatyň üsti bilen salam ibereniň-de hat bilen salamyny gaýtarmak wajypdyr. 5. Salama iň gowusy bilen jogap berilmelidir. 6. Ymamy Agzamyň garaýyşyna görä salam gaýtarylanda güýçli sese gerek ýokdur. 7. Ýat bir zenan salam bereninde onuň salamyny gaýtarmak eger töhmete duçar etjek bolsa gowusy jogap bermezlikdir. Munuň ýaly şertlerde iň gowusy ýat zenanlara salam bermezlikdir. (Sünen-i Ebu Davud Terceme ve Şerhi, Şamil Yayınevi: 16/492-495). Çeşme: Türkmenistanyñ müftisiniñ müdiriýetiniñ wagzy

Köneler, Ashykaydynpir tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir