Olar gaty gadymdan bäri biziň içimizde ýaşap gelýärler. Olar dürli tebigy we syýasy şertlerde öz barlyklaryny gorap, nesilden nesile agtarmak bilen bir hatarda, psihoanalitiki ýollar bilen geljek nesilleriň aňyna aralaşyp, olary hem özlerine meňzeş şekilde klonlamana ukyplydyrlar. Olary adaty adamlardan saýgarmak juda kyn. Kämil morfogenetiki we gipnopsihiki barlaglar arkaly hem olary adaty adamlardan tapawutlandyrmak köplenç başartmaýar. Olaryň adam jemgyýetinde ýaşaýyşy şeýle bir symbiýozis ýaly görünse-de, aslynda olaryň asyl zyýanly tarapy parazit bolmaklaryndadyr. Adamlaň, halklaryň ganyny sorup, diňe öz bähbitlerine ulanmak bilen, öz ömürlerine dowam edýärler. Şeýlelik bilen, adamzat bar wagty olar üçin hem gan-ýilik içmäne mydama bir şert bar bolmagynda galýar. Olar diňe gan-ýilik içmek bilen çäklenmän, gan içýän wagtlary öz zäherlerini göýbermek bilen, arassa adamlary hem özlerine meňzedýärler. Türkmen halky müňlerçe ýyllyk däp dessurlarynyň, tejribeleriniň içinde büreden halas bolmagyň ýollaryny tapyşy ýaly, bulardan hem halas bolmak üçin dürli ýollaryň gözleginde bolupdyr. Öňdebaryjy alymlardyr pirler, şahyrlardyr ýazyjylar öz eserleri arkaly bu zyýanly mutandlary paş edip, olardan goranmagyň zerurlygyny belläp geçipdir. Emma häzirki döwürde tebigy ýurdymyzda günüň zyýanly ultramelewşe şöhlelenmeginiň ýokary bolmagy zerarly bu mutandlar öz zäherlerini tutuş halkyň ganyna siňdirmegi başarmagyna diýseň az galanlaygyny tutuş dünýä jar edýärler. Hormatly ildeşler, siz hem bu mutandlardan özüňizi goraň. Bu keseliň alajyny heniz gözläp tapyp bilenoklar. Ibn Sina hem wagtynda Mahmyt Gaznalynyň köşgündäki mutandlaryň dermanyny tapmak üçin kän ýol sökse-de, tapyp bilmän dünýäden ötüpdir. Bu mutandhorlygyň, mutallakylygyň öňüni almagyň öň ygtybarly ýoly, ondan goranmakdyr.