Türkmen milli küştdepdi aýdym we tans sungatynyñ ÝUNESKO-nyñ Maddy däl medeni mirasynyñ reprezentatiw sanawyna girmegi ýurdumyzda medeni ulgamda alnyp barylan giñ möçberli işleriñ nobatdaky oñyn netijesidir. Bu çözgüt Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniñ Koreýa Respublikasynyñ Çeju şäherinde geçirilen 12-nji mejlisinde biragyzdan goldanyldy. Küştdepdi milli sungatymyzyñ özboluşly nusgasydyr, milletiñ taryhy-medeni däpleriniñ, onuñ ruhy tejribesiniñ we häzirki zaman döredijilik mümkinçiliginiñ sazlaşykly utgaşygydyr. Küştdepdiniñ adamzadyñ Maddy däl medeni mirasyñ sanawyna girizilmeginiñ ähmiýetiniñ belli bahasy ýokdur. Arheologik gözlegleriñ netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklar we ýazuw ýadygärlikleri küştdepdiniñ gadymy döwürlerde dörändigine şaýatlyk edýär. Köne Nusaý galasynda tapylan badalarda döwre gurap, el çarpyp tans edýän şahandazlar şekillendirilipdir. Küştdepdiniñ many-mazmuny asyrlaryñ jümmüşine garamaga mümkinçilik berýär, çünki bu tansyñ özboluşly nepis hereketlerinde we dürli görnüşlerinde türkmen halkynyñ bizi gurşap alýan dünýä we onuñ gurluşyna ruhy taýdan düşünişi beýan edilýär. Halk tanslary medeniýetiñ aýratyn üýtgeşik bölegidir. Küştdepdi türkmen halkynyñ dünýä garaýşynyñ ösüşiniñ, onuñ ruhy taýdan baýlaşmagynyñ çeper beýanynyñ subutnamasydyr. Bu tans geçmişi bilen häzirki döwri birleşdirip, ýaşaýşa synmaz söýgi döredýär. Ony Maddy däl medeni mirasyñ möhüm bölegi, milli baýlyk hökmünde saklap galmak häzirki we geljekki nesilleriñ borjy bolup durýar. Ýurdumyzyñ medeniýetli, sungaty we halk döredijiligi, taryhy ýadygärlikler, muzeýler, kitaphanalar, teatrlar we beýlekiler Türkmenistanyñ häzirki zaman keşbiniñ aýrylmaz bölegidir. Soñky ýyllarda halk däp-dessurlarynyñ gaýtadan dikeldilmegine, ýaş nesliñ milli mirasyñ dünýäsine çekilmegine, ilatyñ dynç alşynyñ gurluşyna, añ-bilim işleriniñ geçirilişine aýratyn üns berilýär. Bu işleriñ baş maksady dünýä jemgyýetçiliginiñ biziñ ýurdumyza diñe bir ykdysady babatda däl-de, eýsem ruhy we döredijilik babatda hem ýokary derejedäki döwlet hökmünde tanamaklaryny emele getirmekden ybaratdyr. Munuñ üçin medeniýet edaralarynyñ işlerini ilerletmek boýunça, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça taslamalary goldamagyñ toplumlaýyn çäreleri kesgitlenildi. Halk döredijiligini halkdan goramaly däl-de, halk üçin gorap saklamaly, ony häzirki döwrüñ talaplary nazara alnyp añýete ornaşdyrmaly. Bu ugurda hem Türkmenistandan görelde almaga mysallar köpdür, biziñ ýurdumyzda milli miras diñe bir eldegrilmeýän muzeý gymmatlyklary bolman, munuñ özi döredijiligiñ we dowamatyñ üznüksiz ýörelgeleridir, olar bizi baýramçylyklarda hem-de gündelik durmuşda, häzirki zaman sungatynda, jemgyýetçilik añynda-ähli ýerde gurşap alýar.

Köneler, Ashykaydynpir tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir