A.S.Puškin Söýerdim sizi Öz ene dili orsça bolan we Rus edebiýaty bilen gyzyklanýanýanlaryň, aýratynam zenanlar tarapyndan örän söýülen Puškiniň gošgusy. Ašakda original ýazgysy we okalšyny özümçe ýazdym soňam bašardygymdan türkmençe terjime etdim. Я вас любил: любовь еще, быть может, В душе моей угасла не совсем; Но пусть она вас больше не тревожит; Я не хочу печалить вас ничем. Я вас любил безмолвно, безнадежно, То роgостью, то ревностью томим; Я вас любил так искренно, так нежно, Как дай вам бог любимой быть другим. ————————————– Ýa was lýubil lýubow y ýišo byt možet W duşe maýeý ugasla ne sawsem No pust ana was bolşe ne trewožit Ýa ne haçu peçalit was niçem Ýa was lýubil bezmolna beznadejna Ta rodostýu ta rewnostýu tamimýa Was lýubil tak iskrinna tak nežna Kak daý wam bog lýubimaý byt drugim. ——————————— Sizi söýdüm: bu yšk belki, Ruhumda sönmedi šindem, Emma ol sizi birahat etmesin indi, Nämedir bir zat bilen Göwnüňe degmek islämok. Sizi söýdüm sessizje, umytsyzja. Kä çekinip, kä azap çekip, Gabanjaňlygymdan. Sizi söýdüm šeýle içden. Šeýle yškdan many alyp, Alla hem šeýle söýdürsin, Bašga biri tarapyndan. Puškin bu gošgynyň ašagynda, ýagny golýazma gošgusynda diňe ''1829'' ýyl ýazgysyny belläpdir we bu gošgy ilkinji gezek 1830-njy ýylda nešir edilipdir. Bu širin setirli gošgyny okan wagtym, šahyryň haysy duygulary bašdan geçirendigini hyýalymda janlandyrmaga çalyšdym. Belkäm bu meniň bu gošga beren synym bolar. Birnäçe Rus çešmeleri, bu gošgyny Puškin tarapyndan, aýaly Natalýa däl-de Anna Olenina bagš edilip ýazandygyny aýdýar. Anna Olenina Sungat Akademiýasynyň bašlygynyň medeniýetli gyzy eken. Puškin Anna daga öýlenjek bolupdyr, ýöne gyz onuň jogabyny red edipdir. Bu gošgyny jogabyna red edilen ašygyň ruhunyň çökgün ýagdaýlarda ýazylandygyny gošguda görse bolardy. Puškiniň Anna Olenina tarapyndan red edilmeginiň hekaýasy bolsa šeýledir. Anna bütin ýakynlaryny we dostlaryny Puškiniň özüne öýlenjek bolýandygy aýtmak üçin öýüne çagyrypdyr eken. Hemmeler çakylyga gelipdir ýöne Puškin gelmändir. Soňra çakylyga gijä galyp gelipdir. Ony Annanyň ejesi garšy alypdyr we gyzynyň öňki söýgülsi bilen aralarynda bolup geçen düšünišmezlik sebäpli gyzynyň durmuša çykmaga taýyn däldigini aýdyp hormat bilen Puškini ugradypdyr. Taýýarlan we gošgyny terjime eden: Pešeň ogly Afrasyýap