Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Syr barada TM aga nakyl aydan eken onat, onam shu yere yazayin: \"Dostuny saklama, nepden(peyda) galmasyn, dushmanyn saklama, syryn bilmesin!\" Diymek, 2-nji yagdayin icinde bolsan, dost diyenin dushman bolup cykyp bilyar. Garaz, bu men bolaryn, ya bashga biri, tapawudy yok, syrynyzyn guly bolmazlyk ucin, syrynyzy hic kim bn paylashman, in onady bolsa, hic kime syr bermeyshiniz yaly, hic kimin syryny hem owrenman! Yogsam:\"Ol gun caga(jyk)laryn (ak sacly) garrylara owrulen guni(halynyz nicik bolar?)..\" yagdayinyz has hem kynlashar. Magtymguly agamyzyn bir goshgusy bar, Agajan agamyzyn (aA) sahypasynda (www.yaprakpress.com) gordum, ynha ol: Magtymguly Pyragy PAŞ EDER SENI Içki syryň aýtma her bir namarda, Syryň ile ýaýyp, paş eder seni! Ogry-kezzap bilen obadaş bolma, Malyňdan aýyryp, aç eder seni! Sam-sam adam bilen oturma, turma, Zynhar, namart bilen sen söhbet gurma, Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme, Barsaň, depesine täç eder seni! Bir goç ýigit näzenine ýar bolsa, Jemalyny bir görmäge zar bolsa, Aralykda bir şum rakyp bar bolsa, Ýagşy dostuň bilen öç eder seni! Sopular ýaňylyp aýtmaz senany, Säher tursaň, geçgeý barça günäni, Aýtmawer gybat söz, etme zynany, Dowzahyň oduna duş eder seni! Magtymguly, ile ýaýdyň nesihat, Zynhar, ýaman bilen bolmagyn ülpet, Huda berse sagadatly bir perzent, Garrygan çagyňda ýaş eder seni!

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir