Maral Annanurowa barada Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Arhitektor, hudožnik, şahyr. Arhitektorlyk hünäri boýunça: Käri injener-arhitektor. 1980-2004 ý. Türkmen döwlet taslama edarasynda arhitektor wezipesinde Bokurdak, Oglanly, Jebel, Rawnina ýaly ýaşaýyş toplumlaryň we şahsy buýrmalaryň baş taslamalaryny hem-de Ruhy alleýa bilen köňül käbesine dolanmak (Ylham alleýasy), Ýurt gadyrny şalar biler (Giňdiwar medeni zolag) arhitektura tekliplerini döredýär. Teklipler 1993-1998 ý. Nesil gazetinde çap edilen. Ylmy-gözleg işi boýunça: Şäher gurluşynyň adam terbiýesine ýetirýän täsiri atly mowzukdan Ylmy-gözleg işini 1986-2001 ýyl ýerine ýetirýär. 1994-1996 ýyl Gülruh zehinli gyzlar gimnaziýasynda Landşaft arhitekturasywe Estetiki dizaýnyň esaslary ugurlardan okadýar. 1995-nji ýylda Birleşen milletler guramasynyň 50 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp Daşkentde geçirilen halkara konferensiýa gatnaşýar. Seljuklar döwrüniň kerwensaraýlary we Tomaşaly sungatyň döreýş taryhy (Türkmen dessanlary) atly mowzuklardan doklad bilen çykyş edýär. 1997-1998 ýyl. Maral Annanurowanyň ylmy mowzugyna esaslanyp Türkmen jemgyýetiniň Ahlak kodeksini düzenligi üçin, Maral Annanurowa Watana bolan söýgüsi atly medal bilen sylaglanýar. Suratkeşlik sungaty boýunça: 1998-1999 ýyl. Türkmenistan tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýesiniň Gyzyl kitabyny grafiki işler bilen bezeýär. Jemi 57 iş. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän sergilere gatnaşmak bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Altyn asyr bäsleşigi atly döredijilik bäsleşigiň ýeňijisi bolýar. Publisistika we edebi döredijilik boýunça: Garajaoglanyň dolanmak derýasy, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sufizmiň ýetiren täsiri ýaly edebi monografiýalar we jemi 50 den gowrak makalalar bilen köpsanly goşgulary ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda yzygiderli edilip gelinýär. 1997-2001 ýyl. Zenan hekaýaty, Tomiris Türkmen atly spektakyllary ýazýar.

Köneler, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir