Türkmençilikde at-abraýly ynsana mahsus bolan esasy sypatlaryň içinde hökmany suratda köpçülikde sözi geçginlilik hem bar. Munuň özi şol abraýly kişiniň öz şahsy aladalarynyň çäginden çykyp, il bähbidini aramaga ýaraýandygyny görkezýär. Gep-sözüniň ýerlikliligi, niýet-päliniň arassalygy bilen il içinde ykrar edilmegi başaran kişi islendik meseläniň çözgüdinde ilki bilen maslahat soralýan adama öwrülýär. Bu ýagdaý diňe bir türkmençilikde däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde-de şeýle bolarly. Taryh üçin juda gysga döwürde Watanymyzyň 5 ýola dünýäniň özygtyýarly döwletleriniň tas ählisini diýen ýaly özüne birleşdirýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanmagy şeýle diýmäge doly esas berýär. Hawa ata Watanymyz Türkmenistan bu gün döwletini berkarar edip, halkyny bagtyýar eýlän milli Liderimiziň saýasynda parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde tutuş Zeminde ykrar edildi. Tutuş adamzadyň ykbalyna dahylly meseleleriň çözülýän maslahatlarynda — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji we 68-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyny abraý bilen ýerine ýetiren Watanymyz şu ýyl bu abraýly wezipäni ýene bir ýola berjaý eder. Ykrar diýibem şuňa diýäýseň! Häzirki döwürde BMG-ä agza bolan 193 sany özygtyýarly döwletiň bardygyny, şol döwletleriň ählisiniň wekilleriniň toplanmagynda ýylda ýekeje gezek giň gerimli mejlis geçirilýändigini nazara alanymyzda, bu hakykatdan-da uly mertebe. Eýsem dünýä jemgyýetçiliginiň türkmeni şular ýaly derejelendirmeginiň aňyrsynda näme ýatyr?! Bu sowala, gysgaça, «Tutuş adamzadyň bagtly geljegini araýan türkmen ynsanperwerligi» diýip jogap bermek mümkin. Jogap gysga-da bolsa, aňyrsynda ýatan many juda giň hem çuň. Onda bir milletiň ruhunda asyrlaryň dowamynda kemala gelip, bagtyýar döwürde kämil derejä ýeten milli häsiýet hem şol häsiýetiň beýleki halklar tarapyndan ykrar edilmesi barada gürrüň edilýär. Milli Liderimiziň milletini juda beletlik bilen häsiýetlendirişi ýaly: «Ynsanperwerlik, açyklyk, din erkinligi, beýleki halklaryň medeniýetine sarpa goýmak ýaly ýörelgeler türkmen häsiýetiniň esasyny düzýär». Parasatly kitaplaryň birinde ynsanperwer gatnaşyklar ýaşaýşyň gan damarlaryna deňelýär. Juda jaýdar pikir, muny taryh telim gezek adamzadyň aňyna saldy. Goja taryhyň berýän ynsanperwerlik derslerini sapak edinýän adamlaryň häzirki we geljekki nesilleriň öňündäki borjy şu oňyn meýilleri pugtalandyrmakdan we ösdürmekden, dünýäniň gapma-garşylyksyz, zorluksyz ülňüsini döretmekden, mümkin bolan ähli ýerlerde hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk köprülerini gurmakdan ybarat. Garaşsyz döwlet hökmünde Türkmenistan özüniň daşary syýasat ülňüsini kemala getirmäge hut şu garaýyşlardan çemeleşip, dünýä bileleşiginiň öňünde öz borjuna hut şeýle baha bermeginiň aňyrsynda-da şular ýaly ynsanperwer taglymat ýatyr. Ýöne borç bir zat, ony ýerine ýetirmek üçin gerekli şertlerdir mümkinçiliklere eýe bolmak başga zat. Ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini baýdak edinýän Watanymyzda şeýle şertler bar. Şonuň üçin Türkmenistanyň daşary syýasatynda biziň ata-babalarymyzyň gujur-gaýraty, medeni we milli däpleri, türkmenleriň köp nesilleriniň goňşulary bilen parahatçylykly ýaşaşmagynyň tejribesi öz beýanyny tapýar. Hemişelik Bitaraplygymyza häzirki wagtda dünýä bileleşigi tarapyndan sebitde geosyýasy deňeçerligiň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýardamçysy hökmünde baha berilýär. Munuň özi Milletler Bileleşigi tarapyndan XXI asyr üçin işlenilip taýýarlanylýan gün tertibi nukdaýnazaryndan aýratyn derwaýys, sebäbi häzirki wagtda döwletleriň özara hereketleriniň deňhukuklylygyna, birek-birege peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan has amatly ülňüsi gözlenilýär. Şu şertlerde türkmen Bitaraplygy geljekki halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda binýatlyk taglymat bolmaga mynasyp. Häzirki wagtda dünýä ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy, döwletleriň durnukly we yzygiderli ösmegini üpjün etmäge täze çemeleşmeleriň tapylmagyna mätäçlik çekýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2 gezek ykrar edilip, häzirkizaman dünýäsiniň kyn meselelerine hil taýdan täze çemeleşmeleri ulanmaga esaslanýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi XXI asyrdaky halkara hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze ülňüsine öwrülip biler. Muňa soňky ýyllarda döwletimiziň BMG-niň abraýly düzümleriniň hem-de ykdysady edaralarynyň düzümine saýlanylmagy-da, şeýle umumadamzat bähbidini araýan başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan oňlanylmagy-da aýdyň şaýatlyk edýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly, käbir anyk mysallara ýüzleneliň: 2010-njy ýylyň güýzünde Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika boýunça komitetiniň býurosynyň wise-başlyklygyna, soňra bolsa bassyr iki ýyl SPEKA-nyň — Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan işläp taýýarlanylan Ýörite maksatnamasynyň başlyklygyna saýlanandygyny ýatlatmalydyrys. 2011-nji ýylyň aprelinde ýurdumyz BMG-niň abraýly edaralarynyň birbada üçüsiniň — 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň ilat we ösüş baradaky komissiýasynyň, şol döwür üçin BMG-niň neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, şeýle hem hemişelik esasda BMG-niň Ýokary Komissarynyň bosgunlaryň işi baradaky Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine saýlanyldy. 2013-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wise-başlyklygyna, şol ýylyň noýabr aýynda bolsa 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. Geçen ýylyň ýazynda we güýzünde ýurdumyz degişlilikde 2016-2018-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek baradaky düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşine hem-de ýene-de BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika baradaky Komitetiniň Býurosynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy. Şu ýylyň aprel aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) mejlisiniň barşynda Türkmenistan birbada üç düzüme — 2017-2020-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin BMG-niň ylym we tehnika baradaky komissiýasynyň, 2016-2020-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin Ilat we ösüş komissiýasynyň hem-de 2017-2021-nji ýyllar üçin Durmuş taýdan ösüş komissiýasynyň düzümine saýlanyldy. Türkmenistanyň BMG-niň esasy alty edarasynyň biriniň — Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) 2013-2015-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanylmagynyň özi hem BMG bilen köpýyllyk gatnaşyklarynyň taryhynda uly ähmiýete eýe boldy. Watanymyzyň bu agzalan guramalara agza bolmagy, olaryň iş alyp barýan ugurlarynda türkmen tejribesini öwrenmäge döwtalapdyklaryny aňladýar. Ýokarda milli Liderimiziň tutuş adamzada dahylly oňyn başlangyçlarynyň goldanylýanlygyndan hem söz açdyk. Halkara abraýymyzy artdyrýan şeýle başlangyçlaryň biri-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen «Durnukly, köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ugurlaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnamadyr. Şol Kararnama laýyklykda, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçiriler. Munuň özi Türkmenistanyň Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek baradaky başlangyjynyň tutuş dünýäde uly gyzyklanma eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz bu maslahaty ýokary derejede geçirmeklige uly ähmiýet berýär, muňa halkara forumy taýýarlamak we geçirmek boýunça häzirden Guramaçylyk komitetiniň döredilip, onuň düzüminiň tassyklanmagy-da aýdyň şaýatlyk edýär. Bu mysallaryň ählisi bagtyýar zamanadaky özgertmelerimiziň dünýä tarapyndan oňlanylýandygynyň subutnamasy bolup, türkmeniň milli mertebesini äleme ýaýýar. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir