Türkmenistanda ykdysady krisiz barmy ? Bar ýaly, eger aslynda ýok bolup, emeli krisiz döredilýän bolsa, onda ýagdaý has hem möhüm. Beýle etmek Watana dönükligiň edil özi bolsa bolsa gerek. "Her ýurdyň awyny öz tazysy bilen awla." diýilen nakyly her türkmen bilýän hem bolsa, şu wagt öz tazysy bilen öz ýurdunda awlanýan ýurtlaryň Top-10 sanawyna Türkmenistan hem girýär meniň pikirimçe. Hemme zada hökümedi günäkärläp, öz Watanyny masgaralap otyr" diýýäler kemçilikler sanalyp başlansa. Öwgüleri we üstünlikleri ýeterlik habar berýärlermikä diýýän. Kemçilik edýän zat, tankyt. Halkyň halk hakynda we öz hökümedi, ýurdy, Watany hakynda pikirini aýtmana hakyna "dönüklik" gözi bilen garaýan adamlaryň bu aýtýanlarynyň arkasynda "bir emmasy" bardyr diýip hasap edýärin. Ýogsam, edýän işlerine jogap bermäne gaýratlary bolsa, özüniň kemçiligini aýtýan adamlary "sen dönük, syýasata garşy, sen pitneçi" ýaly sypatlandyrmalar bilen atlandyrmazlardy. Hökümediň iň ýokary derejesindäki adamlaryň "aýyplamalar, kemçilikleri" sebäpli yzly yzyna gidip durmagy halkyň kanagatsyzlanmalarynyň bisebäp däldigini görkezýän iň ygtybarly subutnamalaryň biri dälmi eýsem ? Krisiz bar ýaly diýipdik iň başynda. Halkara syýasy gatnaşyklaryny biljek däl, ýöne her ýerde we mydama "Gün güýçliniňki, gowurga dişliniňki" nazaryýetiniň bardygy belli. Tebigy energiýa serişdelerine baý Watanymyzyň bu baýlyklaryny berk durmasak bize ýetirmejekdikleri hem belli. Beýle hereketlere mydama taýýarlykly bolmaly elbetde. Interneýşynal Moneý Fondy geli gidip, ykdysadyýetimize ýokary baha beripdir we karz berip bolar (nämäň hasabyna) diýipdir. Sowet Soýuzyndan algydar bolup çykan Türkmenistanyň bergidar bolýan ýurtlary, ýerleri köpelýän ýaly soňky döwür. Krisiziň halka täsir etjekdigi belli zat. Eger, ýurdumyz kynçylyk çekýän bolsa, halk çydar hem muňa. "Açlygy mert çeken ilim, Dokluk atly bela bardy. Bu beladan goranmana, Ne gala, ne pena bardyr" -diýip belläp gidipdi Nyýazow. Mesele,krisiziň halkyň bir bölegine täsir edýän wagty, bu krisizlere asyl jogapkär bolmaly adamlaryň bolsa çemçeläp gazanylýanja puly çanaklap dökmäne dowam etmekleri. Bu nä boluş ? (wtf ? wth ?) Krizis ýok bolsa, onda bu emeli krizis bolýar-da ? Halk birazajyk öz hakyny talap etmäni hem öwrenmeli. Ýogsa, afrikadaky gymmat baha magdanlaryň çykarylýan ýerindäki bir döwüm nana işleýän "raýatlaryň" gününe düşüriljekdigini bilmeýärlermi ? Seň obaňdan altyn çyksyn, almaz çyksyn, sen bolsa bir döwüm nana işle. Bu ýagdaý tanyşyrak gelip başlady öýtýän bize. DAG-U HASRATDAN NYŞAN Tapdy şöhrat halk içinde bu jahalatdan nyşan, Galdy derwüşler tilinde dag-u hasratdan nyşan, Galmady mazlumlara desti-nusratdan nyşan, Serbe-ser doldy jahana bu bet apatdan nyşan, Degdi älem ählige ýüz müň hyjalatdan nyşan, Är bilerler kimde bolsa ol şeraretden nyşan, Ýada salmaz haýr işi tapgan zelaletden nyşan, Ne mürewwetden eser bar, ne adalatdan nyşan, Şek degildir, dostlarym, geldi kyýamatdan nyşan. Her kişi betgatga batyr, any ki är bildiler, Magşara müňkür bolup, ýok dünýäni bar bildiler, Şerg işin bet aňlaýyp, hup işni bet kär bildiler, Rastlary haýyn bilip, haýynlary ýar bildiler, Tamyga kanyg diýip, kanyglary zar bildiler, Kim şerigat ähli bolsa, hejw edip, har bildiler, Müňküri mürşit bilip, ýalganny ykrar bildiler, Gümrahy takwa sanyp, takwany inkär bildiler, Şek degildir, dostlarym, geldi kyýamatdan nyşan. Hormat ähli boldy ol kimniň golunda sazydyr, Kim kemal okysa halk ýanyda, har awazydyr, Werdleri derwüşleriň hylwatda halk enbazydyr, Ortada gyz-u juwan, diýr sen ki toýdur, bazydyr, Syçraşar gyz-u gelin üstüňge, göýä tazydyr, Hak işinden bihabar halk içre bagzy kazydyr, Tabygy jyndyr anyň, hakkan ki, şeýtan özüdir, Tamugyň tykanjadyr, her kim bu işge razydyr, Şek degildir, dostlarym, geldi kyýamatdan nyşan. Taňry, pygamber sözünden bihabardyr bu pirler, Pasykny kazy bilip, naýypny soltan diýrler, Her kişi owwal gelip görse, ki rişwet biýrler, Baglaýyp böhtan ile fakr ähline tagsyrlar, Selle baglap başyna aç böri sopy-pirler, Eýleýip halk üstüge köp hileýn-tezwirler, Ger halal-u ger haram tapsa dykarlar-iýrler, Ruzy-magşar Hak-resulga ne jowabyn biýrler, Şek degildir, dostlarym geldi kyýamatdan nyşan. Egsewer, Magtymguly, söz birle derdiň her zaman, Ne üçin zalymga nobat berdi bu döwri-zaman, Anyň çün göz gören – eşdenden öte geçdi güman, Eýleýip bir-birine dagwaýy-batylny heman, Bir şaýylyk mal üçin, takyk, berer elden iman, Özüni är saýynar kim, artyk iş etse ýaman Bu köňül ýüz şowk eder nähak üçin tökmäge gan, Güýji ötse gürbäniň, gaplaňa hiç bermez aman, Şek degildir, dostlarym, geldi kyýamatdan nyşan. (https://dunyabelli.com/magtymguly-pyragy/)