Halkymyzyň şahandazlygyny, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, milli ýörelgelerini giňden suratlandyrýan toý dessurlary gadymylygyny saklaýanlygy bilen hem ünsümizi özüne çekýär. Joşup gelýän gülli ýazlary ýada salyp, bezemen ýigitleri, näzikden edaly gyzlary, agrasdan parasatly ýaşululary, ýaňy dünýäniň şatlygyny duýup başlan bigam çagalary bilen ajaýyp bir görnüşi peşgeş berýän türkmen toýlary halkymyzyň her bir däbiniň, dessurynyň gadyr-gymmatyny bilýändiginiň, milli medeniýetimiziň sarpasyny saklaýandygynyň subutnamasydyr. Gadymy dünýäniň gapysyndan ätlän bäbejigini toý bilen garşylaýan ilimizde «Bäbek toýy» «Diş patrak toýy» bilen sepleşer gider. Sagdynja ösüp barýan perzendiniň durmuşa täze gadam basanyny hamrak eneler asla unutmazlar. «Ädim çörek» ýa-da käbir ýerlerde atlandyrylyşy ýaly «Gadam çörek» ederler. Goňşy-golam ýaşajyk balalary, agtyk-çowluklary bilen gelip, toýuň şowhunyny artdyrarlar. Şeýdip, «Ýaş toýy» diýer, «Sünnet toýy» diýer, biri-birine tirkeşer gider. Toýlar başy bolan «Gelin toýy» bolsa täze bir maşgalanyň döreýänligi, iki sany ýaş juwanyň ykbal kürekleriniň bir ele geçip, bir bagy suwarýandyklary bilen hem öz many-baýlygyny artdyrar. Ine, şu toýlaryň her biriniň özüne görä gelşigi, şatlyk-şowhuny, mynasyp däp-dessury bar. «Bäbek toýunda» pişmelik hamyry gelniň aýal doganyna ýugurdyp, iki uýanyň içgin hal-ahwal soraşmagyna esas döreden halkymyz «Diş toýunda» gury patrak bilen oturmaz-da, çagajyklaryň saglygyny has gowulandyrmagyň aladasy bilen süýtli aşam bişiriberer. Gapydan giren bagtyň parasy ýaly gelnini öňünden sowgat-salama beslär, «halat geçirer», «dokuz biçer», «şeýtan geçmez» eder, garaz, ýaş maşgalanyň bir ylahy duýga berlip ýaşamagynyň aladasyny eder. Toý gününiň öňüsyrasy «Geňeş toýuny» belläp, üýşüp gelen dogan-garyndaşynyň, dost-ýarynyň berjek maslahatyny janyna melhem eder. Geňeşden soň «atgulak asar», uly toý güni gelin getirip, daş-töweregi nurana gözellige beslär. Düşen maşgalasy bilen alaçaly ýag ýaly garylyp-gatylyp gitsin diýen ýagşy niýetler bilen gelniniň sag elini sary ýaga, sol elini ak una batyrar. Jemläp aýdanymyzda, türkmeniň toý dessurlarynyň her biri halkymyzyň iňňän gadymy medeniýetiniň bir bölegi bolup, baý many-mazmuna eýedir. Toý däpleriniň arasynda «Ýegen paýynyň» hem uly ähmiýeti bardyr. Ýegen — uja ýagy 18-20 ýyllap atasy öýüniň mährinden ganyp kemala gelen gyzy kejebeläp, toýlap-tomaşalap durmuşa atarmak ilimizde uly mertebe saýylýar. Oňa ene-atadan beter erkek doganlary begenýärler. Sebäbi asyllylygy, edep-ekramlylygy bilen «gyzyl ýüzlerini soldurmadyk gyz uýalarynyň» abraý-mertebesi olaryň ýigitlik namys-arlylygyny has beýige galdyrýar. Uýalarynyň düşen öýüniň agzybir, abraýly, asylly ýerler bolmagy, giýewiň akylly-başly, hünärli, tertip-düzgünli bolup çykmagy olary begendirýär. Erkek doganlar üçin uýalarynyň eziz bolşy ýaly, olardan önen perzentler-de mähribandyr. Şonuň üçin hem parasatly ata-babalarymyz «Ýegen — uja ýagy» diýen aýtgyny döretmek bilen, daýy-ýegen gatnaşyklarynyň arzysyny artdyrypdyrlar. Ejesi bilen baba-mamalarynyňka görme-görşe gelýän ýegenler şol öýde özleri üçin ýene-de bir gadyrdan, howandar adamyň bardygyna ynanypdyrlar we dogumly hereket edipdirler. Şol sebäpli-de «Daýyly oglan dartykdyr» diýen paýhasly jümle döräpdir. Daýylarynyň toýlarynda ýegenleriň ýörite adynyň tutulmagy, serpaýlanmagy, toý saçagynda paýynyň bolmagy hem şol mähirli gatnaşyklaryň netijesidir. Şeýle toýlarda ýegene daýysy tarapyndan berilýän etli omaça «ýegen paýy» diýlip atlandyrylýar. Çaganyň toý gazanynyň başyna getirilenini gören daýysy dessine ýetip gelip, etli kersenden bir omaça alyp, onuň eline tutdurýar. Bu dessuryň örän giň manysy bar. Ýegeniň daýysy bilen agzybir gatnaşykda bolmagynyň aňlatmasy bolan bu dessur iki doganyň arasyndaky agzybirligi has-da artdyrýar. Ýegenlerinden ýerlikli maslahatyny gysganmaýan, gerek ýerinde hemaýat berýän erkek doganlar öz uýalary üçin hem hossar, hem-de ýakyn ýürekdeş adam. Ata-ene garrap, bakyýete göç eýlänsoň hem şol öýüň mähribanlygyny, ýylysyny doganlaryndan, jigilerinden, gelnejelerinden alýan durmuşa çykan gyz maşgalanyň süňk hossary erkek doganlary hasaplanýar. Kemally ýegenler akylly-başlylygy, edep-ekramlylygy, hünär taýýarlygy bilen şol gatnaşyklary has-da pugtalandyrýarlar. Süregçi Toýdan öň gyza halatdyr mal geçirmek ýaly dessurlar halkymyzyň ýönekeýje zatdan hem şatlyk-şagalaň ýasap bilýändigini subut edýär. Guda boljak taraplar ylalaşandan soň, çykjak gyza mal geçirilýär. Bu işe, esasan, erkek kişiler gatnaşýarlar. Oglan tarap gyz ýerine äkidiljek mallaryň boýnuna yrym üçin ýaglyjak baglaýarlar. Oba içinde geçiriljek mal ulagly däl-de, sürlüp eltilýär. Ine, şol mallary sürüp eltýän ýigitlere hem «süregçiler» diýilýär. Olaryň ýany bilen dile çeper, şahandaz, hakyny gidermeýän adamlaryň biri hem kömekçi bolup gidýär. Gudalaryň gapysyndan baranlarynda ýaňky dilewar adam süýjüdillilik bilen: «Guda, tüweleme, gelnimize gaty semiz mal geçirýändiris. Ýanyna hiç zat goşmasaňyz hem toýuňyzy sowar. Eti dagy edil owuz ýalydyr. Muny öýlenjek ýigit ýörite baga bakdy» diýip, getiren malynyň tarypyny ýetirýär. Eger gyza geçirilýän mal göleli sygyr ýa-da köşekli düýe bolsa, onda ol dilewarlyk bilen: «Nesip etsin, gudalar. Tohum mal geçirýändiris. Hä diýmän ikimiz dört bolar, dördümiz süri çykar. Şonda bizi hem ýadyňyzdan çykarmaň. Indiki gölejigini agtygyňyza inji bereweriň» diýip, tä öý eýesi razy bolýança degişmä salyp, malyň ýüpüni elinde saklaýar. Şol pursatda gyzyň hossarlary joşup söz beräýse dagy onuň aşygynyň alçy gopdugydyr. Onda bu şahandaz adam toý eýesi tarapyndan hem serpaýlanýar. Goluna ýaglyk baglady, ýürekleri awlady Toý däpleriniň arasynda toýda hyzmat edýän adamlara aýratyn hormat-sylag edilendigini aňladýan dessurlar bar. Ilimizde toýa hyzmat etmek, köpçülige garylyp-gatylyp, märekäniň şowhunyny artdyrmak uly derejeleriň biri saýylýar. Kim çaý gaýnadyp, nahar ataryp, kimseleri saçak bezäp, toý eýesini goldaýar. Halkymyzyň birine bolan: «Toýuňda gaýtaraýyn» ýa-da «Toýuňda gaýtsyn» diýen hoşallyk jümlesiniň manysy, gör, nirede jemlenýän ekeni. Toýlarda gallaçylarymyzyň maňlaý deri bilen kemala getiren ak bugdaýynyň unundan dürli toý çörekleri taýýarlanýar. «Çelpek», «gatlama», «byzmyk», «pişme», «ýagly petir», «gury petir», «süýtli çörek», «maýaly çörek», «gömme çörek», «gatlakly nan» bişirilip, toýa gelen märekä mynasyp hyzmat edilýär. Toýlarda tamdyra girip, toý çöreklerini ýapýan, gyzgyn ýagly gazanyň başynda durup, dürli çörek önümlerini bişirýän zenanlara aýratyn sarpa goýulýar. Toýuň şowhunyny artdyryp, gülşüp-degşip oturan zenanlaryň biri öý eýesine degip, söz açýar: «Jemal daýza, gatlama bişirýän gelin elim agyrýar diýýär. Hany, toýa niýetläp goýan ýaglyklaryň biri bilen onuň elini seýikläp goýber» diýip degişýär. Öýüne gelin geljek enäniň hem begenjinden aýagy ýere degmez. Ol bu degişmä minnetdarlyk bilen ýylgyryp, jogap berýär: «Ýaglygyň gowusyny baglarys, onuň goluna» diýip, gatlamaçy gelniň hem-de kömekçileriniň hersiniň çiginlerine owadan ýaglyklardan daňyp çykýar. Bu pursatda degişme, henek-ýomak keýpleri has-da çaglaýar. Töwerekde «eli agyrýan zenanlar» köpelýär. Öý eýesi muňa juda hoşwagt bolup, hiç zat gysganman, olara hem ýaglyk paýlap çykýar. Şeýlelikde, gollaryna ýaglyk baglanyp, ýagşy arzuw-niýetlere beslenen mährem ýürekler awlanyp, toý süýjüliginiň arzysy has-da artýar. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir